img
Инновационно-информационный центр
Является уполномоченным органом,
выполняющим функции национальных информационных центров
Новости Статьи Мероприятие

Hytaý bilen bilim hyzmatdaşlygy: Türkmenistanda täze okuw merkezleri dörär

80

...

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň wekiliýeti Hytaýa iş sapary amala aşyrdy. Bu saparyň esasy maksady Hytaýyň Nebit Uniwersiteti, Sian Nebit Uniwersiteti we Hebeý Nebit Hünär-Tehniki Uniwersiteti bilen bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekdi. Saparyň netijesinde, Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasy» açmak barada Ähtnama gol çekildi. Bu taslama geologiýa, maglumat tehnologiýalary we beýleki ugurlar boýunça akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmegi, hünärmenleri taýýarlamagy, mugallymlar we talyplar bilen alyş-çalyşlary geçirmek işlerini öz içine alýar. Taslamanyň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdyr.

«Lu Ban ussahanasy» Hytaýyň Bilim ministrliginiň goldamagynda döredilen halkara taslama bolup, bu merkez önümçilik we tehnologiýa ugurlarynda geljekki hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Häzire çenli dünýäniň 20-den gowrak ýurdunda şeýle merkezler açyldy. Türkmenistanda bu taslama hormatly Prezidentimiziň Hytaýa döwlet saparynyň dowamynda gol çekilen ylalaşyklaryň çäginde durmuşa geçirilýär.

Hytaýyň nebit ugurly ýokary okuw jaýlary bilen geçirilen gepleşiklerde, nebit we gaz pudagy üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak, sanly bilim ulgamyny ösdürmek, şeýle-de ylmy barlaglary we tehnologiki innowasiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, türkmen we hytaý bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen baglylykda, “Iki diplom” maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde, Türkmenistanyň bilim ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly milli hünärmenleriň derejesini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Hytaýyň Pekin we Sian şäherlerinde geçirilen duşuşyklar, bilim we ylmy hyzmatdaşlygyň geljekde hem dowam etjekdigini görkezýär.

Humaý Hallyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.