84
2024-nji ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahatynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklar geçirildi. Halkara serginiň we ylmy maslahatyň meýilnamasynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Sungkýunkwan uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Bu maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan hyzmatdaşlyga çagyrylan dünýäniň öňdebaryjy, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümlerinden ybarat bolan 4 sany professor häzirkizaman meseleleri açyp görkezýän temalar boýunça çykyş etdiler.
CDIO guramasynyň Aziýa sebiti boýunça ýolbaşçysy, Singapur Politehniki uniwersitetiniň öňdebaryjy mugallymçylyk we öwrenmek boýunça hünärmeni, Professor Sin Moh Çih “CDIO-nyň gurluşy bilen tanyşmak” diýen tema boýunça çykyş etdi.
Ýaponiýanyň Kawasaki Senagat Ösüş Institutynyň Nanolukmançylyk innowasiýa merkeziniň (iCONM) direktorynyň orunbasary Professor Koji Nagai iCONM-nyň “Ýaponiýanyň senagat, ylym pudaklarynyň hem-de hökümetiniň arasynda açyk innowasiýa arkaly täze lukmançylyk tehnologiýalaryny ösdürmekde iCONM-nyň başlangyjy” diýen tema boýunça çykyş etdi.
Koreýanyň Sungkýunkwan uniwersitetiniň Binagärlik we global akylly şäher boýunça jogapkäri, Professor Donýun Kim “Akylly şäherleriň ösüşi” diýen tema boýunça çykyş etdi.
MIFI Milli gözleg ýadro uniwersitetiniň prorektory, Sawkin Dimitriý, şeýle hem, MIFI uniwersitetiniň professory, GDA döwletleri bilen iş merkeziniň ýolbaşçysy Budko Waleriýa “MIFI Milli gözleg ýadro uniwersitetiniň alyp barýan işleri” dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler.
Çykyşlar aýdym-sazly dabaralara beslenip geçirildi. Şeýle maslahatlaryň geçirilmegi geljekde dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk gatnaşlary has-da ýokary derejelere çykarmaga giň mümkinçilikleri berýär.