img
Инновационно-информационный центр
Является уполномоченным органом,
выполняющим функции национальных информационных центров
Новости Статьи Мероприятие

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr ýaş alymlary daşary ýurtlarda saparda bolýarlar

2756

...

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr ýaş alymlar daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň köpýyllyk tejribesini öwrenmek bilen, öz hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar, ylmy barlaglar üçin maglumatlary toplaýarlar.

Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen ylalaşyklardyr ähtnamalar baglaşylýar. Olaryň çäklerinde uniwersitetiň mugallymlarydyr talyplary daşary ýurtlaryň belli bilim ojaklarynda hünär ýokarlandyryş, iş we okuw-tanyşlyk saparlarynda bolýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Belarus Respublikasynyň Ý.Poloskiý adyndaky Polosk döwlet uniwersiteti bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň maksatnamasy esasynda tejribe alyşmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, şu ýylyň 1 — 30-njy iýuny aralygynda uniwersitetiň ýaş mugallymlary bir aýlyk hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşmak üçin Belarus Respublikasyna okuw saparyna iberildi.

«ABŞ-ny öwreniş institutlary» maksatnamasynyň çäklerinde ýaş zenan ýolbaşçylar üçin hödürlenýän daşky gurşawy goramak boýunça geçiriljek okuwa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bir talyby hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iki talyby bäsleşik esasynda saýlanyp alyndy. Olar şu ýylyň 28-nji iýuny — 31-nji iýuly aralygynda guralýan okuwlara gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Waşington ştatynyň Obern şäherine okuw saparyna ugradyldy.

Gyrgyz Respublikasynyň Çuý welaýatynda geçirilýän «Merkezi Aziýada meýletinçiligi ösdürmegiň nusgasy» atly işjeň meýletinçileriň sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşmak üçin saýlanyp alnan uniwersitetimiziň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary 2 — 8-nji iýul aralygynda bu ýurtda saparda bolýarlar.

Özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda giňden hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Malaýziýanyň Petronas tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlar boýunça okuwlar yzygiderli guralýar. 2023-nji ýylyň iýul aýynda uniwersitetiň ýaş mugallymlary hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny hem-de talyplary hünär okuwlaryny geçmek üçin bu ýokary okuw mekdebinde saparda bolýarlar.

Baglaşylan Ähtnamalaryň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky «Internasional Ltd» şahamçasynyň önümçilik desgalarynda tomusky önümçilik tejribeligini geçýärler. Degişli Ähtnamanyň çäklerinde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň tejribesi bilen tanyşmak üçin uniwersitetiň mugallymynyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda talyplar Hytaý Halk Respublikasynda okuw-tanyşlyk saparynda bolarlar.