363
Häzirki döwürde bütin dünýäde bolşy ýaly, Ata Watanymyz Türkmenistanda hem sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza mäkäm ornaşmagy bilen, kompýuter programmirleme we IT ulgamy ugurlary boýunça hünärlere we olardan baş çykarýan hünärmenlere bolan isleg barha artýar.
Ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumlary bu gün Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek işine uly üns berilýär. Şeýle hünärmenleriň kämil bolup ýetişmekleri üçin bu ugurda dürli görnüşli bäsleşikler, olimpiadalar yzygiderli geçirilýär. Soňky wagtlarda dürli ugurlar boýunça innowasion çözgütleri döretmegiň guraly hökmünde dünýäde giňden ýaýran hakaton bäsleşikleriniň geçirilip durulmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Bu adalga ilkinji gezek 1999-njy ýylda OpenBSD we Sun Microsystems kompaniýalarynyň esaslandyryjylary tarapyndan ulanyldy. «Hakaton» sözi iňlis sözünden gelip çykyp, «hacker – haker, marathon – marafon» manylaryny aňladyp, dürli ulgamdaky kompýuter programmistleriniň (dizaýnerler, programmistler, IT ulgamyň hünärmenleri) bäsleşigidir.
Hakaton – bu saýlanyp alnan ders ugrunda täze pikirleriň döremegine we durmuşa geçirilmegine niýetlenen ýörite meýdança. Hakatonyň ýörite formaty dürli kärlerdäki, dürli başarnykly adamlary bir topara jemläp, saýlap alnan ders ugrunda täze çözgütleri gözlemäge itergi berýär.
Bu bäsleşigiň aýratynlyklary we peýdaly taraplary barada söz açylanda, onuň çäginde hakatondaky toparlaryň ähli agzalary öz başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürip, pikirdeşlerini tapyp, dostlaşýarlar we köp zatlary öwrenýärler. Şonuň ýaly-da, bäsleşik oňa gatnaşyjylaryň, hususan-da talyp ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek bilen, toparlaýyn işlemek, berlen wagty peýdaly ulanmak, dürli ýagdaýlaryň baş alyp çykmak endiklerini kemala getirýär.
Şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-nji ýylyň dowamynda ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçiriljek hakaton bäsleşikleriniň meýilnamasyny tassyklady. Hakaton bäsleşikleri diňe bir talyp ýaşlar üçin däl, eýsem ukyp-başarnygyny synasy gelýän dürli ýaşdaky raýatlar üçin açykdyr. Sizi hakaton bäsleşiklerine gatnaşmaga çagyrýarys!
Geçiriljek hakaton bäsleşikleriniň meýilnamasy aşakda getirilýär:
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan bilelikde geçiriljek Hakaton bäsleşikleriniň
S A N A W Y
T/b | Ýokary okuw mekdebiniň ady | Hakatonyň ady | Hakatonyň ugry (temasy) | Hakatonyň geçirilýän ýeri | Hakatonyň geçirilýän wagty |
1 | Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty | CyberQuest | Operasion ulgamda gizlin howplary öz wagtynda anyklamak we olaryň öňüni almak üçin üpjünçilikleri döretmek |
Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk instituty |
2024-nji ýylyň mart aýy |
2 | Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti |
Sanly ösüş | Sanly okuw platformalaryny döretmek | Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti |
2024-nji ýylyň aprel aýy |
3 | Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty | CyberHack | Sanly gurşawda kriptografik usullary programmalaýyn durmuşa geçirmek |
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty |
2024-nji ýylyň aprel aýy |
4 | Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty |
Arkadag şäherinde hereket edýän elektromobillere kuwwat beriji bekediň innowasion taslamasy | Ulag, maglumat-kommunikasiýa we binagärlik | Türkmenistanyň Inžener- tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty |
2024-nji ýylyň aprel aýy |
5 | Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty |
Web-dizaýn | Magtymguly Pyragy portalynyň dizaýnyny işläp taýýarlamak | «Sanly çözgüt-IT meýdança» Hojalyk jemgyýeti |
2024-nji ýylyň maý aýy |
6 | Türkmen döwlet maliýe instituty |
Maglumat ulgamyny kämilleşdirmek |
Innowasion tehnologiýalar | Türkmen döwlet maliýe instituty |
2024-nji ýylyň maý aýy |
7 | Türkmen oba hojalyk instituty | AgriTech | Oba hojalyk toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň programma üpjünçiligini teklip etmek |
Türkmen oba hojalyk instituty |
2024-nji ýylyň iýun aýy |
8 | Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti | Turkmen Cyber. Hack | Operasion ulgamda gizlin howplary öz wagtynda anyklamak we olaryň öňüni almak üçin üpjünçilikleri döretmek |
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti | 2024-nji ýylyň oktýabr aýy |
9 | Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty |
Ykdysadyýet | Maliýe we salgyt, makroykdysadyýet we mikroykdysadyýet hem-de ykdysady nazaryýet | Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty |
2024-nji ýylyň oktýabr aýy |
10 | Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti |
Etut.developer | Tehniki ýumuş esasynda platformany işläp düzmek |
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti | 2024-nji ýylyň noýabr aýy |
11 | S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti |
Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri | Programma üpjünçiligini teklip etmek |
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti |
2024-nji ýylyň noýabr aýy |
12 | Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty |
Dili kämilleşdirmek | Tehniki ýumuş esasynda platformany işläp düzmek |
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty |
2024-nji ýylyň noýabr aýy |