img
Инновационно-информационный центр
Является уполномоченным органом,
выполняющим функции национальных информационных центров
Новости Статьи Мероприятие

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

477

...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Tür­kmenistanyň Halk Masl­ahatynyň Başlygy Gurb­anguly Berdimuhamedow­ Prez­ident ­Serdar Berdimuhamedow­a ýurtda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi

Tür­kmenistanyň Halk Masl­ahatynyň Başlygynyň gutlagy «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

— Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.
Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tagallalaryňyz rowaç bolsun! – diýip, Halk Masl­ahatynyň Başlygy gutlag hatynda ýazýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, ýurtda giň gerimli bilim özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, bagtyýar türkmen ýaşlarynyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, milli bilim ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kadalaryň geriminiň giňeldilmegi, şeýle hem bilim işini dolandyrmagyň täze guramaçylyk esaslarynyň kesgitlenilmegi alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrýar.

— Siz: «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer» diýip belleýärsiňiz. Täze taryhy döwürde sanly bilim serişdeleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine işjeň ornaşdyrylmagy her bir talybyň öwrenýän derslerini okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda, özbaşdak özleşdirmegi üçin amatly şertleri döredýär – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri gutlagynda belleýär.