214
Pähimdar pederlerimiz asyrlaryň dowamynda ajaýyp söz baýlygyny, nakyllary miras goýupdyrlar. Bu nakyllar köpugurly bolup, geljek nesilleri terbiýelemekde mukaddes ýörelge bolupdyr. Şeýle bolansoň, nakyllar, pähimler, atalar sözleri halkymyzyň diliniň senasyna öwrülipdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda türkmen nakyllarynyň dürdänesi ýerleşdirilipdir.
Nakyllaryň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Çünki terbiýe meselesine örän paýhaslylyk bilen çemeleşmek türkmen halkyna mahsus bolupdyr. Şonuň üçinem çagalary söz bilen terbiýelemek, görüm-görelde bilen mekdep bolmak ýaşuly nesliň asylly ýörelgesine öwrülipdir. Çuňňur many-mazmuna eýlenen sözler çaganyň terbiýesine örän oňat täsir edipdir. Çaga bu pähimleri daşa ýazylan ýaly ýadynda saklapdyr. Munuň özi nakyllaryň ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly baýlykdygyndan habar berýär.
Nakyllaryň many örüsi, ýerine ýetirýän hyzmaty giň, şonuň üçin hem şahyrlar öz eserlerinde olara has köp ýüzlenýärler. Köpmanyly, ýokary mazmunly nakyllar ähli döwürlerde akyldarlaryň, çeper söz sungaty bilen iş salşan beýik söz ussatlarynyň hemişe üns merkezinde bolupdyr. Ýusup Balasagunly, Nowaýy, Fizuly, Andalyp, Azady, Magtymguly, Gaýyby, Şeýdaýy, Magrupy, Şabende, Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes, Mätäji, Misgingylyç ýaly söz ussatlary ertekilerden we rowaýatlardan, nakyllardan we parasatly sözlerden döredijilikli peýdalanyp, ajaýyp miras döredipdirler.
Magtymgulynyň şygyrlarynda saýlanyp göze ilýän edebi alamatlaryň biri hem türkmen nakyllarynyň ussatlyk bilen ulanylmagydyr. Şahyr käbir goşgusynda türkmen nakyllaryny we atalar sözüni asyl görnüşinde ulanypdyr. Meselem:
Magtymguly, öwüt bergil söz bile,
Eşiden deň bolmaz, gören göz bile...
(Nakyl: «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen»)
Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.
(Nakyl: «Sabyrly gul dura-dura şat bolar»)
Söz ussady nakyllara döredijilikli çemeleşip, onuň many-mazmunyny özüçe beýan edipdir. Nakyllar özleriniň «asyl şekilini» ýitireni bilen hiç hili zelel çekmeýär. Çünki şahyryň şahyrana dili olary asyl şekiline laýyk, hatda käbirini ondan-da çeper şekilde aňlatmagyň hötdesinden gelipdir. Meselem:
Goç ýigide toýdur-baýram,
Her iş gelse, il biläni.
(Nakyl: «Il bilen gelen toý-da baýram, bisabyr gul dura-dura mat bolar»)
Magtymgulynyň köp sanly setirleri halkyň arasyna giňden ýaýrap, nakyllaşyp gidipdir. Meselem:
Dostuňy egleme, nepden galmasyn,
Duşmanyň saklama, syryň bilmesin.
Görşümiz ýaly, türkmen nakyllary we atalar sözleri şahyryň şygrynda ajaýyp sazlaşygy emele getiripdir.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän terbiýeçiler we mugallymlar körpelere terbiýe we sowat öwretmegiň inçe usullary bilen işleýärler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sowat öwretmek, sözleýiş medeniýetini ösdürmek, iňlis dilini, ýönekeý hasaplamalary hem-de daşky gurşawy goramagy öwretmek we beýleki sapaklar boýunça çagalaryň gyzyklanmalary artdyrylýar. Sapaklary gyzykly guramakda dürli usullardan peýdalanylýar. Bu işde terbiýeçiler «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky nakyllary netijeli ulanmak bilen, çagalaryň sözleýiş medeniýetini, tebigata bolan söýgini kemala getirmegi başarýarlar. Mysal üçin, bakja toparda daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagynda «Tebigat hadysalaryna syn etmek», «Mawy asmana syn etmek» diýlen temalar geçilende, terbiýeçi körpejelere ýaz paslynyň gelmegi bilen howanyň maýlamagy, paslyň aýratynlyklary barada düşünje berende, «Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi — gapyňy» diýlen nakylyň many-mazmunyny açyp görkezýän suratlaryň üsti bilen sadadan düşnükli dilde düşündirmegi başarmalydyr, ýagny durnanyň howanyň sowamagy bilen ýyly ýurtlara uçup gidýändigini, şonuň üçin güýz paslynyň gelmegi bilen adamlaryň gyşa taýýarlyk görýändiklerini, ördek-gazlaryň peýda bolmagy bilen, ýaz paslynyň gelendigini bilip bolýandygyny körpe nesle düşündirýärler.
«Saglygym — baýlygym» diýlen tema geçilende, terbiýeçiler çagalary lukmanyň we şepagat uýasynyň işleri bilen tanyşdyryp, olaryň kärine söýgi döretmekde, «Paýhas çeşmesi» kitabynda berlen «Çekseň zähmet — ýagar rehnet», «Zähmetsiz iş bolmaz», «Zähmet soňy — rehnet» ýaly nakyllaryň many-mazmunlaryny giňişleýin düşündirmek arkaly körpe nesillerde zähmet terbiýesini kemala getirmegi başarmalydyrlar.
Çagalar baglarynda ýöňekeý matematiki düşünjeleri öwretmek boýunça okuw maksatnamasynyň birnäçe temalaryna hem «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky san bilen baglanyşykly birnäçe nakyllar bardyr. Bu bolsa körpeleriň nakyllary öwrenmegine, olaryň manysyna düşünmegine, meseleleri çözmegine, sözleýiş gorunyň baýlaşmagyna, ynsanperwer häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär.
Umuman aýdanyňda, atalarymyzyň uzak taryhy döwrüň dowamynda kämilleşen baý mazmunly paýhasly sözleri ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär. Biz — bilim işgärleri üçin medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, ýazuw ýadygärliklerimizi, halk döredijilik eserlerimizi toplamak, öwrenmek, neşir etmek babatynda giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler bizi döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Bahar BALKANOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti", 02.10.2024, №80.
Çeşmesi: Türkmenmetbugat