144
2024-nji ýylyň awgust aýynyň 12-16-sy aralygynda Aşgabat şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Iňlis dili hünärmeni” atly maksatnamasynyň (ELSPEC) çäklerinde bu ýurduň Apland şäheriniň Teýlor uniwersitetiniň professory Nensi Aklesiň alyp barmagynda tejribe-sapaklary geçirildi. Bu okuwlara ýurduň birnäçe okuw jaýlaryň mugallymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri Maýsa Annaýewa we Durdygylyç Mergenow gatnaşdylar. Netijede, tejribe-sapaklaryna gatnaşanlara degişli şahadatnamalary gowşuryldy.