788
Türkmenistanyň Bilim ministriniň
2020-nji ýylyň 5-nji noýabryndaky
245 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
ÝOKARY HÜNÄR BILIMINIŇ DÖWLET BILIM STANDARTY
1. Ýokary hünär biliminiň döwlet bilim standarty (mundan beýläk- standart) “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 7- nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyrygyna hem-de Türkmenistanyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda işlenip düzüldi we gurluşyna, eýeçiligiň görnüşine, okadylýan diline garamazdan, ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlaryň taýýarlygynyň derejesine, okuw ýükleriniň aňryçäk göwrümine, bilimiň mazmunyna bildirilýän talaplary kesgitleýär.
2. Şu standartda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndaky adalgalar ulanylýar. Olara goşmaça hökmünde aşakdaky adalgalar we kesgitlemeler girizilýär:
1) Okuw meýilnamasy - okuw işiniň çyzgydyny, okuw sapaklaryny geçirmegiň, jemleýji we tapgyrlaýyn gözegçiligiň görnüşlerini we möhletini, ýokary okuw mekdebiniň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, dersleriň toplumlarynyň möçberini saklaýan, döwlet bilim standartynyň esasynda işlenip düzülen ýokary okuw mekdebiniň okuw-usulyýet resminamasy;
2) Diplom işi (taslama) - talybyň we harby talybyň (mundan beýläk- okaýan) okaýan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça möhüm bir meseläni özbaşdak öwrenmeginiň netijelerini özünde jemleýän gutardyş işi;
3) Hökmany dersler düzümi - okuw meýilnamasynda kesgitlenen we okuw maksatnamasy boýunça okaýanlar tarapyndan hökmany tertipde öwrenilýän (umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumy, umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumy, umumy hünär dersler toplumy, ýörite hünär dersler toplumy) okuw dersleriniň sanawy;
4) Dersiň esaslyk okuw maksatnamasy - ýokary okuw mekdebiniň uçurymynyň okuw dersi boýunça nazary we amaly taýdan taýýarlanylmagynyň maksatlaryny, meselelerini we mazmunyny kesgitleýän, bilim standartynyň esasynda işlenip düzülýän hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanýan okuw-usulyýet resminamasy.
5) Dersiň okuw maksatnamasy - esaslyk okuw maksatnamasynyň esasynda işlenip düzülýän we hünäriň okuw meýilnamasynyň düzümine girýän okuw dersi boýunça ýokary bilimli işgäriň nazary we amaly taýdan taýýarlanylmagynyň maksatlaryny we mazmunyny kesgitleýän, dersi okatmagyň esasy usuly çemeleşmelerini açyp görkezýän ýokary okuw mekdebiniň okuw-usulyýet resminamasy.
6) Ýokary okuw mekdebiniň dersler düzümi - taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) bilim maksatnamasynyň çäklerinde ýokary okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýän ýörite dersleriň we olaryň kreditleriniň sanawy;
7) Hünär ygtyýarlyklary - iş ýerinde hem-de degişli wezipede hünär işini netijeli amala aşyrmak üçin zerur bolan bilimler, başarnyklar we endikler boýunça okuwlar;
8) Kär häsiýetnamasy - ol ýokary bilimli işgärleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly işgärleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, ýokary okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerini häsiýetlendirmek üçin ulanylýar.
9) Kär talapnamalary - degişli wezipede hünär işini netijeli amala aşyrmak üçin zerur bolan bilimleriň, başarnyklaryň we endikleriň iş beriji tarapyndan kesgitlenen beýany.
3. Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki basgançakly gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň birinji basgançagy, bakalawr derejesi hünär işiniň ähli görnüşini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenýär.
Ýokary hünär biliminiň bakalawr bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti, adatça, dört okuw ýylydyr.
4. Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmagyň iki basgançakly gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň ikinji basgançagy, magistr derejesi hünär we (ýa-da) dolandyryş wezipeleriniň birnäçesini özbaşdak çözmäge, mugallymçylyk işiniň dürli görnüşini geçirmäge, umuman, ylmy-barlag işlerini alyp barmaga taýýarlamagy üpjün edýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenýär.
Ýokary hünär biliminiň magistr bilim maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti, adatça, bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar.
5. Okadylmagy hünärler boýunça amala aşyrylýan işgärleri (hünärmenleri) taýýarlamagyň bir basgançakly gurluş düzümi bolan ýokary hünär bilimi hünär, mugallymçylyk, gözleg işleriniň ähli görnüşini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenýär.
Ýokary hünär biliminiň hünärmen bilim maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti, adatça, bäş okuw ýylyndan alty okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar.
Okuwyň anyk möhleti, taýýarlygyň degişli ugurlaryna (hünärlere) laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan okuw meýilnamalary bilen kesgitlenýär.
6. Ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işi okuw meýilnamasyna, dersleriň (okuwlaryň, tapgyrlaryň) okuw maksatnamalaryna we sapaklaryň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.
7. Ýokary hünär biliminiň gurluşy, mazmuny, okuwlaryň görnüşleri, okaýanyň okuw ýüküniň göwrümi we sagatlary, özbaşdak işleri, tejribelikleri 1-nji goşundynyň esasynda düzülen taýýarlygynyň ugrunyň (hünäriň) okuw meýilnamasynda görkezilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerindäki ýokary bilimiň okuw meýilnamasy, öz aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, 1-nji goşunda esaslanýar.
Esaslyk okuw meýilnamalary şu standartyň esasynda ýokary bilimiň anyk taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça işlenip düzülýär we bellenen tertipde (Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň degişli Orunbasary tarapyndan) tassyklanýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde esaslyk okuw meýilnamalary Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, bellenen tertipde tassyklanýar.
Esaslyk okuw meýilnamalarynda hökmany dersler düzüminiň her bir okuw dersiniň we okuw işiniň her bir görnüşi (tejribelikler, döwlet synaglary, diplom işini (taslamasyny) taýýarlamak we (ýa-da) goramak we ş.m.) görkezilýär.
Esaslyk okuw meýilnamasynda görkezilen akademiki senenama esasynda okuw ýyly 1-nji sentýabrdan başlanýar. Okuw ýyly iki ýarymýyllykdan ybarat bolup, olaryň hersi hünär taýýarlygynyň anyk ugrunyň okuw meýilnamasyna laýyklykda hasap-synag möwsümi bilen tamamlanýar.
8. Ýokary okuw mekdeplerinde okuw işi umumy okuw, amaly okuw, söhbet okuwy, tejribe okuwy, barlag işi, özbaşdak iş, okuw-barlag işleri, okuw ýa-da önümçilik tejribeligi, ýyllyk işleri we taslamalary taýýarlamak, şeýle hem dereje (kwalifikasiýa) ýazuw işleri (diplom işi, diplom taslamasy) ýaly görnüşlerde amala aşyrylýar. Ýokary okuw mekdebi taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) aýratynlygy boýunça esaslandyrylan okuwlaryň beýleki görnüşlerini hem girizýär.
Okuw işleri, hünär taýýarlygynyň degişli ugrunyň aýratynlygyna baglylykda, okuw meýilnamasynda kesgitlenýär.
9. Ýokary okuw mekdepleri bilimi dolandyrmak boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan işlenip düzülýän aralyk we jemleýji synaglaryň baha ulgamyny, görnüşlerini, tertibini we döwürleýinligini ulanýar.
Hünär bilimi maksatnamalarynyň gurluş düzümini we olaryň özleşdirilmegi üçin sarp edilýän zähmetiň möçberini kesgitlemek üçin hasap birlikleri ulgamy (kredit ulgamy) ulanylýar.
Okuw işleri kredit ulgamy boýunça aýratyn tassyklanan düzgünnama esasynda alnyp barylýar.
Okuw işleri kredit ulgamy boýunça alnyp barlanda esaslyk okuw meýilnamasynda hökmany dersler düzüminiň her bir okuw dersiniň we okuw işiniň her bir görnüşiniň (tejribelikler, döwlet synaglary, diplom işini (taslamasyny) taýýarlamak we goramak) iş ýüki kreditlerde kesgitlenýär, okuw dersleriniň her bir toplumy boýunça saýlama dersler düzümi bolsa kreditleriň umumy sany bilen görkezilýär.
10. Kredit ulgamy, okaýanlaryň okuw işleriniň göwrümini ölçemegiň umumylaşdyrylan birligi hökmünde krediti ulanmak bilen, okaýanlar tarapyndan öwrenilýän dersleriň saýlanmagy we olaryň yzygiderliliginiň özbaşdak meýilnamalaşdyrylmagy esasynda amala aşyrylýar.
Kredit ulgamynda okuw işleriniň zähmet göwrümliligini hasaba almak kreditler bilen ölçelýän okuw materialynyň göwrümi boýunça amala aşyrylýar.
Kredit - okaýanyň okuw işiniň göwrümini ölçemegiň umumylaşdyrylan birligi we 1 kredit okaýanyň okuw ýüküniň (nazary taýýarlygynyň, okuw hem-de önümçilik tejribelikleriniň, synaglarynyň we özbaşdak işiniň jemi) 27 sagadyna gabat gelýär.
11. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ýokary bilimli bakalawrlary, hünärmenleri, magistrleri aşakdakylara laýyklykda taýýarlaýarlar:
1) şu standarta;
2) taýýarlygyň ugrunyň (hünäriň) okuw meýilnamalaryna;
3) Türkmenistanyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň döwlet klassifikatoryna.
12. Ýokary hünär biliminiň döwlet bilim standarty:
1) ýokary bilimiň we okuwyň mazmunyny kesgitleýär;
2) okuw ýüküniň aňryçäk göwrümine we okaýanlaryň taýýarlygynyň derejesine bildirilýän talaplary kesgitleýär.
13. Standartyň talaplary şu aşakdakylar taýýarlananda hökmanydyr:
1) bilim maksatnamalary;
2) okuw meýilnamalary;
3) dersleriň okuw maksatnamalary
14. Türkmenistanyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda okaýanlaryň alýan ýokary biliminiň ugurlary (profili) aşakdaky hünär toparlary görnüşinde kesgitlenýär:
1) Matematika we tebigy ylymlar;
2) Inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar;
3) Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary;
4) Oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary;
5) Jemgyýet baradaky ylymlar;
6) Bilim we pedagogika ylymlary;
7) Ynsanperwer ylymlar;
8) Sungat we medeniýet;
9) Döwletiň goranyşy we howpsuzlygy. Harby ylymlar.
15. Okaýanlaryň taýýarlygynyň derejesine bildirilýän talaplar:
1) öwrenilýän ugurda bilimleri we düşünjäni, şol sanda has öňdebaryjy bilimleriň esaslaryny açyp görkezmek;
2) öwrenilen bilimleri we düşünjäni kämil derejede ulanmak;
3) öwrenilýän ugurda delilleri kesgitläp hem-de meseleleri çözüp bilmek;
4) durmuş, etiki we ylmy nukdaýnazardan garaýyşlary kemala getirmek üçin maglumaty toplamak we düşündirmek;
16. Bilim edarasy, eýeçiliginiň görnüşine we bilim berilýän dile garamazdan, ýokary bilimiň maksadyny we ähmiýetini, bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhletlerini, ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlaryň hökmany özleşdirmeklerine degişli bolan mazmunyň göwrümini şu standarta laýyklykda kesgitleýär.
Bilimiň mazmunynyň gurluşy bilimiň hasap-ölçeg gurallaryna: okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna, okuw ýüküniň göwrümine, akademiki döwürleriň dowamlylygyna, akademiki sapaklaryň görnüşlerine, okuw materialynyň göwrümine bildirilýän talaplara laýyklykda kesgitlenilýär.
17. Okaýanyň okuw ýüküniň aňryçäk göwrümi olaryň okuw döwrüniň (ýylynyň, ýyllarynyň) dowamynda özleşdirýän her bir okuw dersi ýa-da okuw işiniň görnüşi boýunça kreditler bilen ölçenilýär.
18. Ýokary bilim bakalawr derejesini, magistr derejesini ýa-da degişli hünäri boýunça käri berýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim bakalawr derejesini, magistr derejesini ýa-da degişli hünäri boýunça käri berýär.
19. Ýokary okuw mekdebiniň uçurymynyň esasy başarnyklary umumy bilimlilige, durmuş-etiki, ykdysady we guramaçylyk-dolandyryş hem-de hünär ygtyýarlyklaryna bildirilýän talaplar esasynda kemala gelýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň netijeleri hünär ygtyýarlyklaryna laýyklykda (kär häsiýetnamalaryna, kär talapnamalaryna) uçurymyň başarnygynyň nusgasyna gabat gelmelidir.
Umumy bilimlilige bildirilýän talaplar:
1) giň dünýägaraýyşly we pikirlenme ukyby bolan ýokary bilimli şahsyýeti kemala getirmäge ýardam edýän tebigy (jemgyýet, ynsanperwer, ykdysady ylymlar) dersler boýunça binýatlyk bilime eýe bolmak;
2) häzirki zaman tehnikasyny ulanmak endigine eýe bolmak, hünär işinde maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanyp bilmek;
3) gündelik hünär işinde we okuwyny bilim almagyň indiki basgançaklarynda dowam etmek üçin zerur bolan täze bilimleri özbaşdak öwrenmek endiklerine eýe bolmak.
Durmuş-etiki ygtyýarlyklara bildirilýän talaplar:
1) jemgyýetçilik pikirine, däplere, dessurlara, jemgyýetçilik kadalaryna esaslanýan durmuş-etiki gymmatlyklary bilmek we öz hünär işiňde olardan ugur almak;
2) iş kadalaryny berjaý etmek, özüňi alyp barmagyň etiki we hukuk kadalaryny bilmek;
3) Türkmenistanda ýaşaýan halklaryň däplerini we medeniýetini bilmek;
4) dünýäniň beýleki halklarynyň däplerine, medeniýetine hormat goýmak;
5) Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň we kanunçylygynyň esaslaryny bilmek;
6) ylym we ylmy pikirlenme barada umumy düşünjä eýe bolmak;
7) jemgyýetiň durmuş ösüşiniň ugruny bilmek;
8) dürli durmuş ýagdaýlarynda özüňi dogry alyp barmagy başarmak;
9) köpçülik bilen işlemäge, tertip-düzgüni saklamaga, täze pikirleri beýan etmäge ukyply bolmak;
10) ylalaşyga gelmegi, öz pikiriňi işgärler köpçüliginiň pikiri bilen sazlaşdyrmagy başarmak;
11) hünär we şahsy ösüşe ymtylmak.
Ykdysady we guramaçylyk-dolandyryş ygtyýarlyklaryna bildirilýän talaplar:
1) ykdysady bilimleriň esaslaryny bilmek, menejment, marketing, maliýe we ş.m. barada ylmy düşünjeli bolmak;
2) ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň maksatlaryny we usullaryny, ykdysadyýetde döwlet sektorynyň ornuny bilmek we düşünmek.
20. Umumybilim dersler toplumyndaky dersler (umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumy we umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumy) (mundan beýläk - UDT) Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan (Umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumyna degişli dersler ýokary okuw mekdebi bilen ylalaşylyp) kesgitlenilýär. Umumy hünär dersler toplumy (mundan beýläk - UHDT) we ýörite hünär dersler toplumy (mundan beýläk - ÝHDT) hökmany we saýlama dersler düzümini öz içine alýar we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan kesgitlenilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde UDT Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär, UHDT we ÝHDT hökmany hem-de ýokary okuw mekdebiniň dersler düzümi esasynda taýýarlanylýar.
21. Hökmany dersler düzüminiň dersleriniň sanawy okuw meýilnamasynda kesgitlenýär. Hökmany dersler düzüminiň dersleriniň göwrümini azaltmaga rugsat berilmeýär. Bilim maksatnamasy hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde alnyp barlanda kadadan çykma bolup biler.
22. Saýlama dersler düzümi taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) aýratynlygyny we zähmet bazarynyň zerurlyklaryny, dünýä tejribesiniň ösen ylmy ugurlaryny, şeýle hem okaýanlaryň öz şahsy gyzyklanmalaryny göz öňünde tutýar.
Saýlama dersler düzüminiň sanawy ýokary okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.
Ýokary okuw mekdebi tarapyndan her ýylda esaslyk okuw meýilnamasyna goşmaça hökmünde saýlama dersleriň ählisiniň ulgamlaşdyrylan, gysgaça syn berlen sanawyny özünde jemleýän saýlama dersler düzümi işlenip düzülýär.
Saýlama dersler düzüminiň sanawyna girizilen ders boýunça berilýän synda şol dersiň prerekwizitleri we postrekwizitleri görkezilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary okuw mekdebiniň dersler düzümi ýöriteleşdirilen ýokary harby bilimiň ygtyýarlyklaryna (kär häsiýetnamalaryna, kär talapnamalaryna) bolan talaplarynyň aýratynlygyny, dünýä tejribesinde harby, ýöriteleşdirilen ylmy ugurlary göz öňünde tutýar.
23. UDT-niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 10-15 % (göteriminden) köp bolmadyk bölegini tutýar. Türkmen dili, daşary ýurt dili, ikinji daşary ýurt dili, hünäri boýunça daşary ýurt dili dersleri UDT degişli edilmeýär.
Ýokary okuw mekdebi taýýarlygyň ugurlaryna (hünärlerine) baglylykda, UDT degişli dersleri UHDT we ÝHDT düzümine, şeýle hem UDT düzümine saýlama dersleri özbaşdak goşup bilýär.
UDT-niň düzümindäki dersler okaýanlarda milli duýgulary oýarmaga we umumymilli watançylyk ýörelgelerini ösdürmäge, umumymedeni dünýägaraýyşly hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ysnyşykly bolmaga, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny kämil ulanmaga, döredijilikli pikirlenme endiklerini kemala getirmäge gönükdirilen bolmalydyr.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde UDT-niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 10-15 % (göteriminden) az bolmadyk bölegini tutýar. Türkmen dili, daşary ýurt dili, ikinji daşary ýurt dili, hünär ugry boýunça daşary ýurt dili dersleri UDT degişli edilmeýär.
24. UHDT we ÝHDT-niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 80 % (göteriminden) köp bolmadyk bölegini tutýar.
Saýlama dersler düzümi, adatça, UHDT we ÝHDT düzüminde bolýar we okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 5 % (göteriminden) az bolmadyk bölegini tutýar. Saýlama dersleriň düzümi we göwrümi kafedralaryň, iş berijileriň we okaýanlaryň teklipleri esasynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde UHDT we ÝHDT-niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 80% (göteriminden) köp bolmadyk bölegini tutýar.
UHDT we ÝHDT-niň okuw meýilnamasyndaky göterim gatnaşygyny ýokary okuw mekdebi özbaşdak kesgitleýär.
25. Ähli ýokary okuw mekdebinde UHDT we ÝHDT-niň düzümine daşary ýurt dili ýa-da ikinji daşary ýurt dili ýa-da taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça daşary ýurt dili dersleri goşulýar we okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 5 % (göteriminden) az bolmadyk bölegini tutýar.
26. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinden beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersi okuw meýilnamasynyň UDT-sine goşulýar we azyndan dört ýarymýyllyk dowam edýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersi okuw meýilnamasynyň UHDT we ÝHDT-niň düzüminde bolýar we onuň göwrümi ýokary okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.
27. Ýokary okuw mekdebi taýýarlygynyň ugurlaryna (hünärlere) baglylykda okaýanlaryň hünär tejribelikleriniň okuw meýilnamasyndaky göwrümini we döwrüni özbaşdak kesgitleýär.
28. Ýokary bilim maksatnamalary boýunça okuwyň doly tamamlanmagy üçin okaýanlaryň tutuş okuwyň dowamynda 110 kreditden az bolmadyk nazary bilimleri, şeýle hem 5 kreditden az bolmadyk tejribelikleri özleşdirmekleri zerurdyr.
Türkmenistanyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň döwlet klassifikatorynda kesgitlenen “Sungat we medeniýet”, “Döwletiň goranyşy we howpsuzlygy. Harby ylymlar”, “Oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary”, “Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary” hünär toparlarynyň görnüşi boýunça käbir taýýarlyk ugurlarynyň (hünärleriniň) özboluşly aýratynlyklaryny göz öňünde tutup (umumy we ýörite hünär dersler toplumlarynyň düzümini ýöriteleşdirmek bilen), okaýanlaryň 130 kreditden az bolmadyk nazary bilimleri özleşdirmegi hökmany bolup bilýär.
29. Daşary ýurt dilinde bilim maksatnamalaryny amala aşyrýan ýokary okuw mekdepleri bilim işine degişli resminamalary döwlet dilinde, şeýle hem bilim berilýän dilde alyp barýar.
Daşary ýurt dilinde bilim maksatnamalaryny amala aşyrýan ýokary okuw mekdepleri daşary ýurt dilinde we döwlet dilinde okadylýan dersleriň göterim gatnaşygyny özbaşdak kesgitleýärler.
30. Ýokary okuw mekdepleri amala aşyrýan hünär bilim maksatnamasynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, okuw we önümçilik tejribelikleriniň okuw meýilnamasyndaky göterim gatnaşygyny esaslandyryp özbaşdak kesgitleýärler.
Okuwyň mazmunynyň köp böleginiň diňe önümçilikde özleşdirilmegini talap edýän taýýarlygyň ugurlarynyň (hünärleriniň) okuw meýilnamasynyň 40% çenli bölegini okuw we önümçilik tejribelikleri doldurýar.
31. Özbaşdak hünär işini amala aşyryp bilýän, öwrenen kärine ökde we ukyply, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak üçin okuwlaryň görnüşleriniň, okuw we önümçilik tejribelikleriniň okuw meýilnamasyndaky göterim gatnaşygy kesgitlenende iş berijiniň we jemgyýetiň talaplary hem-de her bir taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça döwrebap halkara tejribesi göz öňünde tutulýar.
32. Ýokary okuw mekdeplerinde esaslyk okuw meýilnamasyndan başga özbaşdak okuw meýilnamalary hem-de iş okuw meýilnamalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde iş okuw meýilnamalary hereket edýär.
Özbaşdak okuw meýilnamasy - okaýanlar tarapyndan esaslyk okuw meýilnamasynyň we saýlama dersler düzüminiň sanawynyň esasynda halypa mugallymyň (edwaýzeriň) kömegi bilen her okuw döwri üçin özbaşdak düzülýär.
Iş okuw meýilnamasy - ýokary okuw mekdebi tarapyndan taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) esaslyk okuw meýilnamasy we okaýanlaryň özbaşdak okuw meýilnamalary esasynda aýratyn işlenip düzülýär.
Özbaşdak okuw meýilnamasyna hökmany dersler düzüminiň dersleri, okuw işiniň beýleki görnüşleri hem-de saýlama dersler düzüminiň sanawyndaky dersler-girizilýär.
Özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okuw işi okaýanyň şahsy arzasy, ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşiniň çözgüdi, ýokary okuw mekdebi tarapyndan tassyklanan özbaşdak okuw meýilnamasy esasynda guralýar. Arza okaýanyň özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça bilim almaga bolan hukugy esaslandyrylan ýazmaça delili goşulýar.
33. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinden beýlekilerde iş okuw meýilnamasy taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) esaslyk okuw meýilnamasy hem-de okaýanlaryň özbaşdak okuw meýilnamalary esasynda okuw ýyly üçin işlenip düzülýär we alymlar geňeşiniň çözgüdi esasynda bilim edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde iş okuw meýilnamasy taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) esaslyk okuw meýilnamasy esasynda okuw ýyly üçin işlenip düzülýär.
Iş okuw meýilnamasynda okuw ýyly üçin dersleriň sanawy we olaryň kreditlerde görkezilen okuw ýüki, öwrenmegiň tertibi, okuw sapaklarynyň görnüşleri we barlagyň görnüşleri, şeýle hem okuw işiniň beýleki görnüşleri (tejribelik, döwlet synagy, diplom işini (taslamasyny) taýýarlamak we goramak) kesgitlenýär.
34. Saýlama dersleriň sanawynyň, özbaşdak okuw meýilnamasynyň we iş okuw meýilnamasynyň görnüşi, gurluşy, işlenip düzülişiniň we tassyklanmagynyň tertibi ýokary okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde iş okuw meýilnamasynyň görnüşi, gurluşy, işlenip düzülişiniň we tassyklanmagynyň tertibi bu ýokary okuw mekdebi tarapyndan kesgitlenilýär.
35. Ähli okuw dersiniň mazmuny olaryň esaslyk we iş okuw maksatnamalarynda beýan edilýär.
Esaslyk okuw maksatnamalary hökmany dersler düzüminiň dersleri boýunça işlenip düzülýär we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýar hem-de döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde esaslyk okuw maksatnamalary degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanylýar.
36. Iş okuw maksatnamalary okuw meýilnamasynyň ähli dersi boýunça işlenip düzülýär we ýokary okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak tassyklanylýar. Şunuň bilen birlikde, hökmany dersler düzüminiň derslerini işläp düzmek esaslyk okuw maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Iş okuw maksatnamalarynyň görnüşi, gurluşy, işlenip düzülişiniň we tassyklanylmagynyň tertibi ýokary okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.
37. Hökmany bilimiň iň az derejesi hem-de ýokary okuw mekdebi tarapyndan hödürlenýän okuw ýüküniň göwrüminiň çäklerinde alnan bilimleriň derejesi barlagyň dürli görnüşi arkaly üpjün edilýär.
38. Okaýanlaryň okuwdaky üstünlikleriniň barlagy we olaryň okuw dersleri ýa-da modullar boýunça bilimlerini kesgitlemek okuw işiniň tapgyrlarynda (her akademiki döwrüň we okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen) degişli kafedralar tarapyndan guralýar we bilim bermegiň jemleýji netijelerine gönükdirilýär.
39. Okuw bölümi tarapyndan okaýanlaryň okuwdaky üstünlikleriniň hasaby ýöredilýär. Ol hasap bellenen nusgadaky transkriptde (hasap-synag depderçesiniň göçürmesinde) görkezilýär.
Transkript (hasap-synag depderçesiniň göçürmesi) okaýanlara olaryň ýazmaça ýüztutmalary esasynda okuwyň islendik tapgyrynda berlip bilner.
40. Uçurymlaryň bilimleriniň, başarnyklarynyň, endikleriniň we ygtyýarlyklarynyň barlagy jemleýji synaglarda amala aşyrylýar.
Ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň jemleýji synagy akademiki senenamada we taýýarlygyň ugurlarynyň (hünärleriň) okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulan möhletlerde geçirilýär.
Jemleýji synagyň maksady uçurymyň nazary bilim derejesine, kemala gelen hünär başarnyklaryna, hünär wezipelerini ýerine ýetirmäge bolan taýýarlygyna hem-de onuň taýýarlygynyň bilim maksatnamasynyň bildirýän talaplaryna laýyk gelşine baha bermekden ybaratdyr.
Jemleýji synag taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça jemleýji döwlet synagyny (synaglaryny) tabşyrmak görnüşinde ýa-da diplom işini (taslamasyny) goramak görnüşinde geçirilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde jemleýji synag hünäri boýunça ýörite hünär we/ýa-da ugurlaýyn dersler boýunça jemleýji döwlet synagyny (synaglaryny) tabşyrmak görnüşinde ýa-da diplom işini (taslamasyny) goramak görnüşinde geçirilýär.
Diplom işini (taslamasyny) goramak diplom işini (taslamasyny) taýýarlamagy we ony goramagyň düzgünini öz içine alýar. Diplom işiniň (taslamasynyň) maksady uçurymyň seljeriş we ylmy-barlag ukyplaryny ýüze çykarmakdan hem-de oňa baha bermekden ybaratdyr.
Ýokary okuw mekdebi okaýanlaryň nazary taýýarlyklarynyň, okuw üstünlikleriniň derejesini, okatmagyň netijelerini hem-de ylmy-barlag we seljeriş ukyplaryny göz öňünde tutup, olardan jemleýji synag almagyň görnüşlerini özbaşdak kesgitleýär: taýýarlygyň ugruna (hünärine) degişli dersler boýunça döwlet synagyny (synaglaryny) tabşyrmak ýa-da diplom işini (taslamasyny) goramak.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleri okaýanlaryň hünärini, nazary taýýarlyklarynyň, okuw üstünlikleriniň derejesini, okatmagyň netijelerini hem-de ylmy-barlag we seljeriş ukyplaryny göz öňünde tutup, olardan jemleýji synag almagyň görnüşlerini özbaşdak kesgitleýär: ýörite hünär we/ýa-da ugurlaýyn dersler boýunça jemleýji döwlet synagyny (synaglaryny) tabşyrmak ýa-da diplom işini (taslamasyny) goramak.
41. Bilimiň mazmunyny, okuw işini okatmagyň kredit ulgamy esasynda guramagy we kredit ulgamyna geçirmegiň usulyny meýilleşdirmek ýokary okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak amala aşyrylýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde okuw işleri degişli ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde okuw işini, okuw-usuly we ylmy-usuly işi guramagyň we amala aşyrmagyň Düzgünnamasy bilen kesgitlenýär.
42. Okuw işi meýilleşdirilende, ýokary okuw mekdebi okaýanyň hepdelik auditoriýa okuwynyň göwrümini taýýarlyk ugrunyň (hünäriniň) aýratynlygyny göz öňünde tutup, 24-36 akademiki sagat görnüşinde kesgitleýär. Auditoriýa okuwynyň bir akademiki sagady 40-50 minuta deňdir.
Okaýanyň hepdelik okuw ýüküniň (okuwyň ähli görnüşiniň we okaýanyň özbaşdak işiniň) jemi sagady 40-50 sagada deňdir.
Okaýanyň özbaşdak işiniň aňryçäk göwrümi okuw meýilnamasyndaky jemi okuw ýüküniň 45-55% (göterimine) barabardyr.
Bilim maksatnamalarynyň gurluşy bilimiň mazmunyny kesgitleýän okuw işiniň dürli görnüşinden emele gelýär. Bilim maksatnamasynyň dersler düzüminiň paýlanyş kadalaryny okuw mekdebi özbaşdak kesgitleýär.
43. Ýokary bilim maksatnamasynyň mazmuny şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1) umumybilim, umumy hünär we ýörite hünär dersler toplumlaryny öwrenmegi özünde jemleýän nazary bilim (okuw);
2) bilimiň (okuwyň) goşmaça görnüşleri - taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça tejribelikleriň dürli görnüşi, bedenterbiýe, harby taýýarlyk we beýlekiler;
3) aralyk we jemleýji synaglar.
Ýokary bilim maksatnamalary modul bilim maksatnamasyna laýyklykda guralyp bilner.
44. Okuw işiniň hasaby okadylýan materialyň göwrümine görä amala aşyrylýar we okaýanlaryň okuwyň anyk netijelerini gazanmak üçin sarp edýän zähmeti okuw işiniň göwrümini ölçemegiň umumylaşdyrylan birligi bolan kreditlerde ölçenilýär.
Kreditler okuw meýilnamasynyň dersleriniň we/ýa-da modullarynyň şertli hasabyny görkezýär. Okuw ýüki düşünjesine: umumy, amaly (söhbet), tejribe, studiýa sapaklary, okaýanlaryň özbaşdak işi, ýyllyk, hasap-grafiki işler (taslamalar), hünär we önümçilik tejribelikleriniň ähli görnüşi, jemleýji döwlet synaga (synaglara) taýýarlyk we ony geçmeklik girýär.
Nazary okuwyň umumy göwrümi öwrenilýän okuw dersleriniň sanawy bilen kesgitlenilýär.
45. Okuw işleri kredit ulgamy boýunça guralanda, her bir dersiň okuw ýüküni kesgitleýän kreditleriň sany bitewi bolmalydyr. Dersler boýunça kreditler okaýanyň okuw ýüküni 27-ä bölmek arkaly hasaplanýar. Taýýarlygyň ugruna (hünärine) degişli ders, adatça, 3 kreditden az bolmaýar. Umumybilim derslerine 2- den köp kredit berilmegine rugsat edilmeýär.
Umumybilim dersleriniň düzümindäki kanunçylygyň kadalaryny we esaslaryny öwredýän derse we döwlet synagy tabşyrylmaly derse 2-den köp kredit bermäge we birden köp akademiki döwürde okadylmagyna rugsat berilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde okuw işleri kredit ulgamy boýunça guralanda, hünär dersine 1 kredit berilmegine rugsat berilýär.
46. Bedenterbiýe, diller boýunça derslerden beýleki her okuw dersiniň gaýtalanmaýan ýeke-täk atlandyrylyşy bolmalydyr. Iki we ondan köp ýarymýyllyklarda dowam edýän hünär dersleriniň adynyň deňinde ýarymýyllygyň sany görkezilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde dersleri birnäçe akademiki döwürleriň dowamynda özleşdirmäge rugsat edilýär.
47. Okaýanlar her bir okuw dersini bir akademiki döwürde özleşdirýärler we taýýarlygyň ugruna (hünärine) degişli dersler tamamlanandan soňra synag görnüşinde jemleýji barlagy tabşyrýarlar. Iki basgançakly gurluş düzüminde okuw işlerini bahalandyrmagyň 100 ball ulgamy ulanylýar. Umumybilim dersleri hasap görnüşinde bahalandyrylýar. Tejribelikleriň ähli görnüşi, ýyllyk işleri (taslamalary) boýunça jemleýji barlag okaýanlaryň okuw işiniň görkezilen görnüşlerini goramagy görnüşinde geçirilýär we bahaly hasap goýmagyň bellenen ulgamyna laýyklykda bahalandyrylýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlar her bir dersi öwrenmegi tamamlanlaryndan soň synag görnüşinde jemleýji barlagy 11 tabşyrýarlar. Eger dersiň dowamlylygy iki ýa-da ondan köp akademiki döwre çekse, onda her bir akademiki döwür tamamlanandan soňra (hasap ýa-da) synag görnüşinde aralyk barlag geçirilýär. Hünär tejribelikleriniň, ýyllyk işleriniň (taslamalarynyň), goşunlaýyn tejribelikleriň ähli görnüşi goramak tertibinde bahalandyrylýar.
Bir akademiki senenamada okaýana birden köp ýyllyk işleri (taslamalary) tabşyrylmaýar.
48. Ýokary okuw mekdebi boýunça dersleri kodlamagyň ýeke-täk ulgamy peýdalanylýar. Derslere harp we san aňlatmasynda degişli kod berilýär. Umumybilim dersleriniň kodlary ähli ýokary okuw mekdebinde birmeňzeş bolmalydyr. Mazmuny boýunça birmeňzeş hünär dersleriniň kodlary ähli ýokary okuw mekdebinde birmeňzeş bolmalydyr
49. Ýokary bilimiň bilim maksatnamasy boýunça okuwy tamamlan we jemleýji synagdan üstünlikli geçen şahslara şu standartyň 2-nji goşundysyna laýyklykda, taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr, magistr derejesi ýa-da hünäri boýunça kär berlendigini tassyklaýan döwlet nusgasyndaky diplom berilýär.
Şeýle hem olara döwlet nusgasyndaky diplom bilen goşundy (transkript ýa-da hasap-synag depderçesinden göçürme) berilýär.
Ýokary okuw mekdebi uçuryma özleşdiren bilim maksatnamasynyň mazmunyny beýan edýän halkara derejesindäki diplomyň goşundysyny (Diploma Supplement) hem gowşurýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim maksatnamasy boýunça okuwy tamamlan şahslara taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr, magistr derejesi ýa-da hünäri boýunça kär berlendigini tassyklaýan döwlet nusgasyndaky diplom berilýär.
Şeýle hem döwlet nusgasyndaky diplom bilen goşundy (transkript ýa-da hasap-synag depderçesinden göçürme) berilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleri uçuryma özleşdiren bilim maksatnamasynyň mazmunyny beýan edýän halkara derejesindäki diplomyň goşundysyny (Diploma Supplement) hem berip biler.
50. Okaýanyň okuw ýüküniň göwrümi onuň her bir okuw dersi ýa-da okuw işiniň görnüşi boýunça okuw ýylynyň dowamynda özleşdiren kreditlerinde ölçenilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýanyň özbaşdak işi mugallymyň ýolbaşçylygynda işjeň auditoriýa sapagy görnüşinde hem geçirilip bilner.
51. Professor-mugallymlar düzüminiň iş ýüküni meýilleşdirmek akademiki sagatlarda amala aşyrylýar. Professor-mugallymlaryň iş ýüki okuw tertibi boýunça auditoriýa sapaklarynda mugallymyň okaýan bilen göni aragatnaşykdaky işini we aýratyn tassyklanan tertip boýunça okuw işiniň beýleki görnüşleri üçin sarp edýän wagty öz içine alýar.
52. Studiýa we tejribe sapaklary, şeýle hem bedenterbiýe sapaklary kadadan çykma häsiýetine eýe bolup, degişlilikde, studiýada geçilýän sapagyň bir akademiki sagady ýa-da barlaghanada geçilýän sapagyň bir akademiki sagady we bedenterbiýe sapagynyň dowamlylygy arakesmesiz 90 minuta çenli bolup biler. Şunda 90 minutlap dowam edýän sapak iki akademiki sagat hasaplanýar.
Tejribelikleriň ähli görnüşiniň we okaýanlaryň jemleýji synagynyň bir akademiki sagady 60 minuta deňdir.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde akademiki sagat okuw sapaklarynyň, tejribelikleriň hemme görnüşi we jemleýji synag babatda gyradeň ulanylyp, ortaça 45 minuta barabardyr.
53. Okuw işiniň göwrümi hasaplananda:
- tejribelik döwründe okaýanyň mugallym bilen bilelikdäki işinden;
- okaýanyň diplom işini (taslamasyny) taýýarlamagy we goramagy boýunça alyp baran işinden;
- okaýanyň taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça döwlet synagyny tabşyrmaga taýýarlygy we tabşyrmagy boýunça işinden ugur alynýar.
54. Okaýanyň okuw ýüki mugallym bilen göni aragatnaşykda bolýan auditoriýa sapaklarynyň, özbaşdak işiniň sagatlarynyň we okuw işiniň dürli görnüşi üçin sarp edýän sagatlarynyň jemi bilen kesgitlenýär.
Auditoriýa okuwy akademiki sagat bilen kesgitlenilýär we kredit hasaplananda 40-50 minuta deň bolan akademiki sagat bir sagada tegeleklenilýär. Okaýanyň auditoriýa okuwynyň akademiki sagatlarynyň üsti talybyň özbaşdak işiniň sagatlarynyň degişli sany bilen doldurylýar. Şunda 1 kredit berilýän dersiň göwrümi ýarymýyllyk görnüşindäki akademiki döwrüň dowamynda okaýanyň hepdelik 1 sagat auditoriýa okuwynyň we özbaşdak işiniň sagadynyň jemine deň bolýar.
Umumy we amaly (söhbet) sapaklarynda okaýanyň mugallym bilen göni aragatnaşykda bolan tegeleklenen 1 sagady okaýanyň özbaşdak işiniň sagady bilen doldurulýar.
Bedenterbiýe dersi boýunça sapaklarda we tejribelikleriň ähli görnüşinde okaýanyň özbaşdak işi üçin sagat berilmeýär.
Okaýanyň aralyk we jemleme synaglaryna, jemleýji döwlet synagyna, diplom işini (taslamasyny) taýýarlamak üçin özbaşdak işine we mugallym bilen göni aragatnaşykda bolan işine ýa-da döwlet synagyny tabşyrmaga taýýarlyk görmek we tabşyrmak boýunça mugallym bilen alyp barýan işine sarp edýän sagatlary okuw meýilnamasynda we kreditler hasaplananda göz öňünde tutulýar.
55. Okuw ýyly akademiki döwürlerden, synag döwürlerinden, tejribelikleriň görnüşlerinden we dynç alyşlardan ybarat bolýar. Gutardyş ýylynda okuw ýylynyň düzümine jemleýji döwlet synag döwri hem goşulýar.
56. Okuw ýylynyň umumy dowamlylygy 34 hepdeden az bolmaly däl. Akademiki döwür, onuň görnüşlerine baglylykda, ýokary bilim maksatnamalarynda ýarymýyllyk üçin 16-18 hepdeden, ýokary bilimden öňki dil taýýarlyk (öwreniş) maksatnamalarynda üçaýlyk üçin 10-12 hepdeden we çärýek üçin 6-8 hepdeden ybarat dowamlylykda bolýar.
Okuw işleri kredit ulgamy boýunça alnyp barlanda, ýarymýyllyk akademiki döwürde 1 hepde aralyk synag we azyndan 2 hepde dowamlylykda jemleme synag döwri bolýar. Beýleki görnüşlerdäki akademiki döwürler 1 hepdeden az bolmadyk möhlete dowam edýän aralyk synag döwri bilen tamamlanýar.
Ýokary okuw mekdebi akademiki döwri guramagyň görnüşini özbaşdak kesgitleýär.
57. Aralyk we jemleme synag döwründe özleşdirilen ähli ders boýunça barlag geçirilýär we gündelik ýetişigiň (ýerine ýetirilen ýumuşlaryň barlaglarynyň netijeleri boýunça orta arifmetiki baha) bahalaryny hasaba almak bilen, dersler boýunça jemleýji bahalar çykarylýar.
Dersler boýunça jemleýji baha jemlenende, gündelik ýetişigiň paýy 60% (göterime) barabar bolup biler, ýöne synaglaryň paýy 40% (göterimden) az bolmaly däldir.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde dersler boýunça jemleýji baha jemlenende, gündelik ýetişigiň paýy 60% (göterimden), synaglaryň paýy 40% (göterimden) köp bolmaly däldir.
58. Okuw ýylynyň dowamynda okaýanlara iki gezek, jemi 40 günden az bolmadyk dowamlylykda dynç alyş berilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň dowamynda okaýanlara iki gezek, jemi 40 günden az bolmadyk dowamlylykda dynç alyş berilýär.
Dynç alşyň takyk möhleti we dowamlylygy, hünär taýýarlygynyň degişli ugrunyň aýratynlygyna baglylykda, okuw meýilnamasynda kesgitlenýär (gutardyş ýylyndan beýleki okuw ýyllarynda).
59. Tejribelikler ýokary hünär bilim maksatnamasynyň hökmany düzüm bölegidir. Ol okuw, mugallymçylyk, önümçilik, önümçilik-hünär, diplomdan öňki we beýleki tejribeliklere bölünýär.
Tejribelikleriň dowamlylygy talybyň tejribelikdäki işiniň günüň dowamynda 4-8 sagada deň bolan kadalyk ölçeg wagtyndan ugur alnyp, hepdeler bilen kesgitlenilýär. Okuw döwri hepdede 1,2 ýa-da 3 gün guralýan tejribelikleriň sagady gün sanyna we akademiki döwrüň hepde sanyna köpeldilip we tejribelik doly hepde guralanda (5 günlük iş hepdesi göz öňünde tutulyp), tejribelikleriň sagady gün sanyna we hepde sanyna köpeldilip kesgitlenilýär.
Okuw işleri kredit ulgamy boýunça alnyp barlanda, her akademiki döwürde geçilen tejribeligiň sagatlarynyň jemi bir kreditiň sagat ölçeg birligine bölmek arkaly şol tejribeligiň kredit möçberi kesgitlenilýär.
Okuw meýilnamasynda taýýarlygyň ugruna (hünärine) we geçilýän tejribelikleriň görnüşlerine laýyklykda, okuw tejribeligi azyndan 18 sagat, mugallymçylyk tejribeligi azyndan 36 sagat, önümçilik tejribeligi azyndan 72 sagat hasabyndan ugur alynýar.
60. Okuw işleri kredit ulgamy boýunça alnyp barlanda, okaýanyň gutardyş döwlet synagyny tabşyrmagyna 1 kredit berilýär.
Okaýan gutardyş döwlet synagyna özbaşdak taýýarlygyna goşmaça 14 sagada çenli mugallym bilen göni aragatnaşykda taýýarlyk işini geçirip bilýär.
Diplom işini (taslamasyny) taýýarlamaga we goramaga sarp edýän wagtyna hem degişli kredit berilýär. Diplom işini (taslamasyny) taýýarlamak we ýerine ýetirmek işi tejribeligiň dowamynda we nazary okuwlaryň tamamlaýjy döwürlerinde amala aşyrylýar.
61. Goşmaça okuw zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, akademiki bergileri ýa-da okuw meýilnamalaryndaky aratapawudy aradan aýyrmak, gaýtadan synag (hasap) tabşyrmak bilen, okuw derslerini we kreditleri özleşdirmek, ýetişigiň ortaça baha ulgamyny (balyny) ýokarlandyrmak, iki diplomly bilimiň çäginde ugurdaş hünärleri özleşdirmek maksady bilen, dowamlylygy 6 hepdä çenli tomusky okuw döwrüni (gutardyş ýylyndan başga) girizmäge rugsat berilýär.
Şunda akademiki bergileri ýa-da okuw meýilnamasyndaky aratapawudy aradan aýyrmak boýunça guralýan goşmaça okuw tölegli esasda amala aşyrylýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlaryň goşmaça okuw zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, akademiki bergileri ýa-da okuw meýilnamalaryndaky aratapawudy aradan aýyrmak, ýetişigiň ortaça baha ulgamyny (balyny) ýokarlandyrmak maksady bilen, dowamlylygy 4 hepdä çenli tomusky okuw döwrüni (gutardyş ýylyndan başga) girizmäge rugsat berilýär.
Tomusky okuw döwrüniň okuw meýilnamasy esaslyk we iş okuw meýilnamalary esasynda okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak düzülýär we tassyklanylýar.
62. Ýokary okuw mekdebi, okadýan taýýarlyk ugrunyň (hünäriniň) aýratynlyklaryna baglylykda, amala aşyrylýan bilim maksatnamalaryny özleşdirmek üçin zerur bolan nazary bilimiň göwrümini şu standartda bellenilen görkezijilere laýyklykda kesgitleýär.
Ýokary bilim maksatnamasy möhletinden öň ýa-da okuwyň gysgaldylan görnüşinde özleşdirilen we göz öňünde tutulan talaplar ýerine ýetirilen ýagdaýynda, okuwyň möhletine garamazdan, okaýana bellenen tertipde degişli ýokary hünär bilimi hakyndaky resminama berilýär.
63. Hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde bilim alýanlaryň özleşdirmeli kreditleriniň sanyny we bilim maksatnamasynyň göwrümini, binýatlyk hünär biliminde okaýanyň özleşdirenlerini we ugurdaşlygyny göz öňünde tutup, ýokary okuw mekdebi özbaşdak kesgitleýär.
Hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde bilim alýanlaryň:
1) ozalky hünär bilim maksatnamasynda özleşdiren dersleri we kreditleri hasaba alynýar, transkriptde görkezilýär we şol esasda özbaşdak okuw meýilnamasy esasynda okuw işleri guralýar;
2) ýokary okuw mekdebi, okaýanyň ozalky bilimini göz öňünde tutup, degişli hünäriň bilim maksatnamasynyň gysgaldylan möhletini we göwrümini kesgitleýär.
Şunda okuw işleri okaýanyň özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça alnyp barylýar.
64. Okuwyň gündizki görnüşinde okaýanlar okuw ýylynyň her ýarymýyllygynyň dowamynda azyndan 12-18 kredit göwrüminde nazary bilimleri alýarlar. Okuwyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana (şol sanda uzak aralykly) görnüşinde okaýanlar üçin nazary bilimiň kreditlerini we göwrümini ýokary okuw mekdebi kesgitleýär we okuwyň möhleti uzaldylýar.
Ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünär biliminiň maksatnamalary (magistr derejesi) boýunça okatmak okuwyň gündizki görnüşi boýunça geçilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlar, gutardyş ýylyndan beýleki okuw ýyllarynda, okuw ýylynyň her ýarymýyllygynyň dowamynda azyndan 15-18 kredit göwrüminde nazary bilimleri alýarlar.
65. Ýokary okuw mekdebi her bir okaýany taýýarlyk ugruna (hünärine) laýyklykda, tejribelik geçiljek ýeri bilen üpjün edýär.
66. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymy okuw meýilnamalarynyň we okuw maksatnamalarynyň talaplaryny berjaý etmek şerti bilen, okuw sapaklaryny guramagyň we geçirmegiň usullaryny hem-de görnüşlerini erkin saýlap biler.
67. Ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işi her bir okaýanyň maglumat gorlaryna we kitaphana gaznalaryna erkin elýeterliligi, ähli ders, okuw işiniň ähli görnüşi, ýyllyk we diplom işleriniň taslamalary, tejribelikleri, okaýanyň özbaşdak işi boýunça usuly gollanmalaryň we usuly maslahatlaryň, şeýle hem görkezme esbaplarynyň, audio we wideomateriallaryň bar bolmagy bilen üpjün edilýär.
Ýokary okuw mekdebi okaýanlara okuw, ylmy, maglumat gorlaryna, şol sanda elektron kitaphanalarda ýerleşdirilýän maglumat çeşmelerine bolan elýeterliligi üpjün edýär.
68. Okaýanlaryň ylmy-barlag işi ýokary okuw mekdepleriniň kafedralarynda, barlaghanalarynda, ylmy, konstruktorçylyk we taslama bölümlerinde, talyplaryň ylmy-tehniki birleşmelerinde (konstruktorçylyk we beýleki býurolarynda, merkezlerinde, ylmy-barlag institutlarynda we ş.m.) guralýar.
69. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamagyň üçünji basgançagy (hünär ugurlary boýunça doktor derejesini berýän - Ph maksatnamasyny) aýratyn tassyklanan düzgünnama boýunça amala aşyrylýar.
Ýokary hünär biliminiň döwlet
bilim standartyna 1-nji goşundy
Ýokary bilimiň okuw meýilnamasynyň gurluşy
T/b |
Toplumlaryň we dersleriň atlary |
|
||
auditoriýa sagady |
okuw ýüki |
E C T S |
||
1 |
2 |
|
3 |
4 |
1 |
Umumybilim dersleriniň toplumy (UDT) |
|
675 |
25 |
1) |
Umumy ynsanperwerlik we durmuş- ykdysady dersler toplumy |
|
513 |
19 |
|
Türkmenistanyň taryhy |
2 |
54 |
2 |
|
Sanly ykdysadyýet |
2 |
54 |
2 |
|
Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary |
3 |
81 |
3 |
|
Filosofiýa |
2 |
54 |
2 |
|
Syýasaty öwreniş |
2 |
54 |
2 |
|
Ykdysady nazaryýet |
3 |
54 |
2 |
|
**(Medeniýeti öwreniş, psihologiýanyň we pedagogikanyň esaslary, logika we başgalar) |
2 |
54 |
2 |
|
Häzirkizaman türkmen jemgyýeti |
4 |
108 |
4 |
2) |
Umumy matematiki we tebigy - ylmy dersler toplumy |
|
108 |
4 |
|
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary |
2 |
54 |
2 |
|
***Ekologiýa we daşky gurşawy goramak |
2 |
54 |
2 |
3) |
Saýlama dersler düzümi |
2 |
54 |
2 |
2 |
Umumy hünär dersler toplumy (UHDT |
|
|
|
1) |
Hökmany dersler düzümi |
|
|
|
|
Hünäri boýunça iňlis dili |
8 |
216 |
8 |
|
Ikinji daşary ýurt dilleri |
4 |
108 |
4 |
2) |
Saýlama dersler düzümi |
4 |
108 |
4 |
3 |
Ýörite hünär dersler toplumy (ÝHDT) |
|
|
|
1) |
Hökmany dersler düzümi |
|
|
|
2) |
Saýlama dersler düzümi |
6 |
162 |
6 |
4 |
Nazary bilimleriň jemi |
|
|
|
Bellik:
Aşakdakylary ýokary okuw mekdebi okuw meýilnamasynda özbaşdak kesgitleýär:
1) tejribelikleri, olaryň döwürlerini we möhletlerini;
2) bilim maksatnamasyny özleşdirmegiň yzygiderliligini bozmazdan, dersleri öwrenmegiň ýarymýyllyklaryny;
3) umumy we ýörite hünär dersler düzüminiň derslerini we olaryň göwrümini;
4) saýlama dersleri we olaryň döwürlerini;
5) gutardyş döwlet synagynyň görnüşini.
Ýokary hünär biliminiň döwlet
bilim standartyna 1-nji goşundy
Bilimiň degişli basgançaklarynda derejeleri bermek bilen, hünär toparlaryny kesgitlemegiň gurluş düzümi
T/b |
Hünär toparlarynyň atlary |
Bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça berilýän dereje |
Magistr taýýarlyk ugurlary boýunça berilýän dereje (hünär/ylmy- mugallymçylyk ugurlary) |
Doktor- PhD hünär ugurlary boýunça berilýän dereje |
1. |
Matematika we tebigy ylymlar |
“Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça matematikanyň / tebigy ylymlaryň bakalawry |
“Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça matematikanyň / tebigy ylymlaryň magistri |
"Hünär ugrunyň kody we ady” hünär ugry boýunça matematikanyň / tebigy ylymlaryň doktory/PhD |
2. |
Inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar |
“Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça inženerçilik işiniň / tehnologiýalar we tehniki ylymlaryň bakalawry |
“Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça inženerçilik işiniň / tehnologiýalar we tehniki ylymlaryň magistri |
“Hünär ugrunyň kody we ady” hünär ugry boýunça inženerçilik işiniň / tehnologiýalar we tehniki ylymlaryň doktory/PhD |
3. |
Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary |
"Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça lukmançylyk ylymlarynyň bakalawry |
“Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça lukmançylyk ylymlarynyň magistri |
“Hünär ugrunyň kody we ady” hünär ugry boýunça lukmançylyk ylymlarynyň doktory/PhD |
4. |
Oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary |
“Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça oba hojalygynyň / oba hojalyk ylymlarynyň bakalawry |
“Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça oba hojalygynyň / oba hojalyk ylymlarynyň magistri |
“Hünär ugrunyň kody we ady” hünär ugry boýunça oba hojalyk ylymlarynyň doktory/PhD |
5. |
Jemgyýet baradaky ylymlar |
“Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça jemgyýet baradaky ylymlarynyň bakalawry |
“Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça jemgyýet baradaky ylymlarynyň magistri |
“Hünär ugrunyň kody we ady” hünär ugry boýunça jemgyýet baradaky ylymlarynyň doktory/PhD |
6. |
Bilim we pedagogika ylymlary |
"Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça bilimiň / mugallymçylyk ylymlarynyň bakalawry |
"Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça bilimiň / mugallymçylyk ylymlarynyň magistri |
"Hünär ugrynyň kody we ady” hünär ugry boýunça bilimiň / mugallymçylyk ylymlarynyň doktory/PhD |
7. |
Ynsanperwer ylymlar |
"Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça ynsanperwer ylymlarynyň bakalawry |
"Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça ynsanperwer ylymlarynyň magistri |
"Hünär ugrunyň kody we ady” hünär ugry boýunça ynsanperwer ylymlarynyň doktory/PhD |
8. |
Sungat we medeniýet |
"Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça sungatyň / medeniýetiň bakalawry |
"Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça sungatyň / medeniýetiň magistri |
"Hünär ugrunyň kody we ady” hünär ugry boýunça sungat / medeniýet ylymlarynyň doktory/PhD |
9. |
Döwletiň goranyşy we howpsuzlygy. Harby ylymlar |
"Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça howpsuzlyk ylymlarynyň / harby ylymlaryň bakalawry |
"Taýýarlyk ugrunyň kody we ady” taýýarlygyň ugry boýunça howpsuzlyk ylymlarynyň / harby ylymlaryň magistri |
"Hünär ugrunyň kody we ady” hünär ugry boýunça howpsuzlyk ylymlarynyň / harby ylymlaryň doktory/PhD |
Hünärmen bilim maksatnamasyny tamamlanlara "hünäriň kody we ady ” hünäri boýunça “käriň ady” käri berilýär. |