img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary

Orta hünär biliminiň döwlet bilim standarty

606

Türkmenistanyň Bilim ministriniň
2020-nji ýylyň 26-njy dekabryndaky
281
belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

ORTA HÜNÄR BILIMINIŇ DÖWLET BILIM STANDARTY

1. Orta hünär biliminiň döwlet bilim standarty (mundan beýläk - standart) “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama”, “Bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň döwlet standartyna”, “Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna” laýyklykda işlenip düzüldi we gurluşyna, eýeçiligiň görnüşine, okadylýan diline garamazdan, orta hünär okuw mekdeplerinde, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde okaýanlaryň taýýarlygynyň derejesine, okuw ýükleriniň aňryçäk göwrümine, bilimiň mazmunyna bildirilýän talaplary kesgitleýär.

2. Şu standartda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndaky adalgalar ulanylýar. Olara goşmaça hökmünde aşakdaky adalgalar we kesgitlemeler girizilýär:

1)  Bilim maksatnamasy - bu bilimiň mazmunynyň, möçberiniň, meýilnamalaşdyrylýan netijeleriniň jemi hem-de ol okuw meýilnamasy, senenama okuw tertibi, dersler (okuwlar, tapgyrlar) boýunça okuw maksatnamalary, beýleki düzüm birlikleri, şeýle hem bahalandyryş we usulyýet materiallary görnüşinde berilýär;

2) Okuw meýilnamasy - okuw işiniň çyzgydyny, okuw sapaklaryny geçirmegiň, jemleýji we tapgyrlaýyn gözegçiligiň görnüşlerini we möhletini, orta hünär okuw mekdebiniň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, dersleriň toplumlarynyň möçberini saklaýan, döwlet bilim standartynyň esasynda işlenip düzülen orta hünär okuw mekdebiniň okuw-usulyýet resminamasy;

3) Iş okuw meýilnamasy - orta hünär okuw mekdebi tarapyndan taýýarlygyň ugrunyň (hünäriň) esaslyk okuw meýilnamasy we okaýanlaryň özbaşdak okuw meýilnamalary esasynda aýratyn işlenip düzülýär;

4) Diplom işi (taslama) - talybyň we harby talybyň (mundan beýläk- okaýan) okaýan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça möhüm bir meseläni özbaşdak öwrenmeginiň we çözmegiň netijelerini özünde jemleýän gutardyş işi;

5) Hökmany dersler düzümi - okuw meýilnamasynda kesgitlenen we okuw maksatnamasy boýunça okaýanlar tarapyndan hökmany tertipde öwrenilýän (umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumy, umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumy, umumy hünär dersler toplumy, ýörite hünär dersler toplumy) okuw dersleriň sanawy;

6) Dersiň esaslyk okuw maksatnamasy - orta hünär okuw mekdebiniň uçurymynyň okuw dersi boýunça nazary we amaly taýdan taýýarlanylmagynyň maksatlaryny, meselelerini we mazmunyny kesgitleýän, bilim standartynyň esasynda işlenip düzülýän hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanýan okuw-usulyýet resminamasy.

Dersiň okuw maksatnamasy - esaslyk okuw maksatnamasynyň esasynda işlenip düzülýän we hünäriň okuw meýilnamasynyň düzümine girýän okuw dersi boýunça orta hünär bilimli işgäriň nazary hem amaly taýdan taýýarlanylmagynyň maksatlaryny we mazmunyny kesgitleýän, dersi okatmagyň esasy usuly çemeleşmelerini açyp görkezýän orta hünär okuw mekdebiniň okuw-usulyýet resminamasy;

7) Orta hünär okuw mekdebiniň dersler düzümi - taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) bilim maksatnamasynyň çäklerinde orta hünär okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýän ýörite dersleriniň sanawy;

8) Hünär ygtyýarlyklary - iş ýerinde hem-de degişli wezipede hünär işini netijeli amala aşyrmak üçin zerur bolan bilimler, başarnyklar we endikler boýunça okuwlar;

9) Kär häsiýetnamasy - orta hünär bilimli işgärleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly işgärleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, orta hünär okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerini häsiýetlendirmek üçin ulanylýar;

10) Kär talapnamalary - degişli wezipede hünär işini netijeli amala aşyrmak üçin zerur bolan bilimleriň, başarnyklaryň we endikleriň iş beriji tarapyndan kesgitlenen beýany.

3. Hünärler boýunça okatmagy amala aşyrylýan işgärleri (hünärmenleri) taýýarlamagyň bir basgançakly gurluş düzümi bolan orta hünär bilimi hünär, mugallymçylyk, gözleg işleriniň ähli görnüşini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän orta hünär bilim hökmünde kesgitlenýär.

Orta hünär biliminiň hünär bilim maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti, adatça, iki okuw ýylyndan dört okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar.

Okuwyň anyk möhleti Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan taýýarlygyň degişli ugurlarynyň (hünärleriň) okuw meýilnamalary bilen kesgitlenýär.

Türkmen dili döwlet dili hökmünde orta hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidir.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek hünär biliminiň maksatnamalaryna hökmany ders hökmünde girizilýär.

Bilim hakyndaky resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde resmileşdirilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenýän tertipde bilim hakyndaky resminamalar daşary ýurt dilinde hem resmileşdirilip bilner.

4. Orta hünär okuw mekdeplerinde bilim bermek işi taýýarlygyň ugurlarynyň (hünärleriň) okuw meýilnamasyna, dersleriň (okuwlaryň, tapgyrlaryň) okuw maksatnamalaryna we sapaklaryň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Orta hünär biliminiň gurluşy, mazmuny, okuwlaryň görnüşleri, okaýanyň okuw ýüküniň göwrümi we sagatlary, özbaşdak işleri, tejribelikleri 1-nji goşundynyň esasynda düzülen taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) okuw meýilnamasynda görkezilýär.

Orta hünär bilimi edaralarynda okuwlar okatmagyň gündizki, gündizki- gaýybana we gaýybana görnüşlerinde amala aşyrylýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerindäki orta hünär bilimiň okuw meýilnamasy, öz aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, 1-nji goşunda esaslanýar.

Esaslyk okuw meýilnamalary şu standartyň esasynda orta hünär bilimiň anyk taýýarlyk ugry (hünäri) boýunça işlenip düzülýär we bellenen tertipde (Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň degişli Orunbasary tarapyndan) tassyklanýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde esaslyk okuw meýilnamalary Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, bellenen tertipde tassyklanýar.

Esaslyk okuw meýilnamalarynda hökmany dersler düzümindäki her bir okuw dersiniň we okuw işiniň her bir görnüşi (tejribelikler, döwlet synaglary, diplom işini (taslamasyny) taýýarlamak we (ýa-da) goramak we ş.m.) görkezilýär.

Esaslyk okuw meýilnamasynda görkezilen akademiki senenama esasynda okuw ýyly 1-nji sentýabrdan başlanýar. Okuw ýyly iki ýarymýyllykdan ybarat bolup, olaryň hersi hünär taýýarlygynyň anyk ugrunyň okuw meýilnamasyna laýyklykda hasap-synag möwsümi bilen tamamlanýar.

6. Orta hünär okuw mekdeplerinde okuw işi umumy okuw, amaly okuw, söhbet okuwy, tejribe okuwy, barlag işi, özbaşdak iş, okuw-barlag işleri, okuw ýa-da önümçilik tejribeligi, ýyllyk işleri we taslamalary taýýarlamak, şeýle hem dereje (kwalifikasiýa) ýazuw işleri (diplom işi, diplom taslamasy) ýaly görnüşlerde amala aşyrylýar. Orta hünär okuw mekdebi taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) aýratynlygy boýunça esaslandyrylan okuwlaryň beýleki görnüşlerini hem girizýär.

Okuw işleri, hünär taýýarlygynyň degişli ugrunyň aýratynlygyna baglylykda, okuw meýilnamasynda kesgitlenýär.

7. Orta hünär okuw mekdepleri bilimi dolandyrmak boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan işlenip düzülýän aralyk we jemleýji synaglaryň baha ulgamyny, görnüşlerini, tertibini we döwürleýinligini ulanýar.

8. Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleri orta hünär bilimli hünärmenleri aşakdakylara laýyklykda taýýarlaýarlar:

1) şu standarta;

2) taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) okuw meýilnamalaryna;

3)Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna.

9. Orta hünär biliminiň döwlet bilim standarty:

1) Orta hünär bilimiň we okuwyň mazmunyny kesgitleýär;

2) okuw ýüküniň aňryçäk göwrümine we okaýanlaryň taýýarlygynyň derejesine bildirilýän talaplary kesgitleýär.

10. Standartyň talaplary şu aşakdakylar taýýarlananda hökmanydyr:

1) bilim maksatnamalary;

2) okuw meýilnamalary;

3) dersleriň okuw maksatnamalary.

11. Türkmenistanyň orta hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda okaýanlaryň alýan orta hünär biliminiň ugurlary (profili) aşakdaky hünär toparlary görnüşinde kesgitlenýär:

1) Matematika we tebigy ylymlar;

2) Inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar;

3) Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary;

4) Oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary;

5) Jemgyýet baradaky ylymlar;

6) Bilim we pedagogika ylymlary;

7) Ynsanperwer ylymlar;

8) Sungat we medeniýet;

9) Döwletiň goragy we howpsuzlygy. Harby ylymlar.

12. Okaýanlaryň taýýarlygynyň derejesine bildirilýän talaplar:

1) öwrenilýän ugurda bilimleri we düşünjäni, şol sanda has öňdebaryjy bilimleriň esaslaryny açyp görkezmek;

2) öwrenilen bilimleri we düşünjäni kämil derejede ulanmak;

3) öwrenilýän ugurda delilleri kesgitläp hem-de meseleleri çözüp bilmek;

4) durmuş, etiki we ylmy nukdaýnazardan garaýyşlary kemala getirmek üçin maglumaty toplamak we düşündirmek.

13. Bilim edarasy, eýeçiliginiň görnüşine we bilim bermegiň diline garamazdan, orta hünär bilimiň maksadyny we ähmiýetini, bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhletlerini, orta hünär okuw mekdeplerinde okaýanlaryň hökmany özleşdirmeklerine degişli bolan mazmunyň göwrümini şu standarta laýyklykda kesgitleýär.

Bilimiň mazmunynyň gurluşy bilimiň hasap-ölçeg gurallaryna: hünäriň okuw meýilnamalaryna we dersleriň okuw maksatnamalaryna, okuw ýüküniň göwrümine, akademiki döwürleriň dowamlylygyna, akademiki sapaklaryň görnüşlerine, okuw materialynyň göwrümine bildirilýän talaplara laýyklykda kesgitlenilýär.

14. Okaýanyň okuw ýüküniň aňryçäk göwrümi olaryň okuw döwrüniň (ýylynyň, ýyllarynyň) dowamynda özleşdirýän her bir okuw dersi ýa-da okuw işiniň görnüşi boýunça ölçenilýär.

15. Orta hünär bilime degişli hünäri boýunça kär berilýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde orta hünär bilime degişli hünäri boýunça kär berilýär.

16. Orta hünär okuw mekdebiniň uçurymynyň esasy başarnyklary umumy bilimliligine, durmuş-etiki, ykdysady we guramaçylyk-dolandyryş hem-de hünär ygtyýarlylyklaryna bildirilýän talaplar esasynda kemala gelýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde bilim bermegiň netijeleri hünär ygtyýarlyklaryna laýyklykda (kär häsiýetnamalaryna, kär talapnamalaryna) uçurymyň başarnygynyň nusgasyna gabat gelmelidir.

Umumy bilimlilige bildirilýän talaplar:

1) giň dünýägaraýyşly we pikirlenme ukyby bolan orta hünär bilimli şahsyýeti kemala getirmäge ýardam edýän tebigy (jemgyýet, ynsanperwer, ykdysady ylymlar) dersler boýunça binýatlyk bilime eýe bolmak;

2) häzirki zaman tehnikasyny ulanmak endigine eýe bolmak, hünär işinde maglumat tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp bilmek;

3) gündelik hünär işinde we bilim almagyň indiki basgançaklarynda okuwyny dowam etmek üçin zerur bolan täze bilimleri özbaşdak öwrenmek endiklerine eýe bolmak.

Durmuş-etiki ygtyýarlyklara bildirilýän talaplar:

1) jemgyýetçilik pikirine, däplere, dessurlara, jemgyýetçilik kadalaryna esaslanýan durmuş-etiki gymmatlyklary bilmek we öz hünär işinde olardan ugur almak;

2) iş kadalaryny berjaý etmek, özüňi alyp barmagyň etiki we hukuk kadalaryny bilmek;

3) Türkmenistanda ýaşaýan halklaryň däplerini we medeniýetini bilmek;

4) dünýäniň beýleki halklarynyň däplerine, medeniýetine hormat goýmak;

5) Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň we kanunçylygynyň esaslaryny bilmek;

6) ylym we ylmy pikirlenme barada umumy düşünjä eýe bolmak;

7) jemgyýetiň durmuş ösüşiniň ugruny bilmek;

8) dürli durmuş ýagdaýlarynda özüňi dogry alyp barmagy başarmak;

9) köpçülik bilen işlemäge, tertip-düzgüni saklamaga, täze pikirleri beýan etmäge ukyply bolmak;

10) ylalaşyga gelmegi, öz pikiriňi işgärler köpçüliginiň pikiri bilen sazlaşdyrmagy başarmak;

11) hünär we şahsy ösüşe ymtylmak.

Ykdysady we guramaçylyk-dolandyryş ygtyýarlyklaryna bildirilýän talaplar:

1) ykdysady bilimleriň esaslaryny bilmek, menejment, marketing, maliýe we ş.m. barada ylmy taýdan düşünjeli bolmak;

2) ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň maksatlaryny we usullaryny, ykdysadyýetde döwlet sektorynyň ornuny bilmek we düşünmek.

17. Umumybilim dersler toplumyndaky dersler (umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumy we umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumy) (mundan beýläk - UDT) Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan (Umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumyna degişli dersler orta hünär okuw mekdebi bilen ylalaşylyp) kesgitlenilýär. Umumy hünär dersler toplumy (mundan beýläk - UHDT) we ýörite hünär dersler toplumy (mundan beýläk - ÝHDT) orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan kesgitlenilýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde UDT Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär, UHDT we ÝHDT hökmany hem-de orta hünär okuw mekdebiniň dersler düzümi esasynda taýýarlanylýar.

18. Hökmany dersler düzümine girýän dersleriniň sanawy okuw meýilnamasynda kesgitlenýär. Hökmany dersler düzümine girýän dersleriniň göwrümini azaltmaga rugsat berilmeýär. Bilim maksatnamasy hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde alnyp barlanda kadadan çykma bolup biler.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde orta hünär okuw mekdebiniň dersler düzümi ýöriteleşdirilen orta harby bilimiň ygtyýarlyklaryna (kär häsiýetnamalaryna, kär talapnamalaryna) bolan talaplarynyň aýratynlygyny, dünýä tejribesinde harby, ýöriteleşdirilen ylmy ugurlary göz öňünde tutýar.

19. UDT-niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 10-15% (göteriminden) köp bolmadyk bölegini tutýar. Türkmen dili, daşary ýurt dili, ikinji daşary ýurt dili, hünäri boýunça daşary ýurt dili dersleri UDT degişli edilmeýär.

UDT-niň düzümindäki dersler okaýanlarda milli duýgulary oýarmaga we umumymilli watançylyk ýörelgelerini ösdürmäge, umumymedeni dünýägaraýyşly hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ysnyşykly bolmaga, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny kämil ulanmaga, döredijilikli pikirlenmek endiklerini kemala getirmäge gönükdirilen bolmalydyr.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde UDT- niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 10 -15% (göteriminden) az bolmadyk bölegini tutýar. Türkmen dili, daşary ýurt dili, ikinji daşary ýurt dili, hünär ugry boýunça daşary ýurt dili dersleri UDT degişli edilmeýär.

20. UHDT we ÝHDT-niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 80 % (göteriminden) köp bolmadyk bölegini tutýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde UHDT we ÝHDT-niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 80% (göteriminden) köp bolmadyk bölegini tutýar.

UHDT we ÝHDT-niň okuw meýilnamasyndaky göterim gatnaşygyny orta hünär okuw mekdebi özbaşdak kesgitleýär.

21. Ähli orta hünär okuw mekdebinde UHDT we ÝHDT-niň düzümine daşary ýurt dili ýa-da ikinji daşary ýurt dili ýa-da hünäri (taýýarlygyň ugry) boýunça daşary ýurt dili dersleri goşulýar we okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 5% (göteriminden) az bolmadyk bölegini tutýar.

22. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinden beýleki orta hünär okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersi okuw meýilnamasynyň UDT-sine goşulýar we azyndan üç-dört ýarymýyllyk dowam edýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersi okuw meýilnamasynyň UHDT we ÝHDT-niň düzüminde bolýar we onuň göwrümi orta hünär okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.

23. Orta hünär okuw mekdebi taýýarlygyň ugurlaryna (hünärlere) baglylykda okaýanlaryň hünär tejribelikleriniň okuw meýilnamasyndaky göwrümini we döwrüni özbaşdak kesgitleýär.

24. Orta hünär bilim maksatnamalary boýunça okuwyň doly tamamlanmagy üçin okaýanlaryň tutuş okuwyň dowamynda 2160 sagatdan az bolmadyk nazary bilimleri, şeýle hem 135 sagatdan az bolmadyk tejribelikleri özleşdirmekleri zerurdyr.

25. Orta hünär okuw mekdepleri amala aşyrýan hünär bilim maksatnamasynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, okuw we önümçilik tejribelikleriniň okuw meýilnamasyndaky göterim gatnaşygyny esaslandyryp özbaşdak kesgitleýärler.

Okuwyň mazmunynyň köp böleginiň diňe önümçilikde özleşdirilmegini talap edýän taýýarlygyň ugurlarynyň (hünärleriniň) okuw meýilnamasynyň 40% çenli bölegini okuw we önümçilik tejribelikleri doldurýar.

26. Özbaşdak hünär işini amala aşyryp bilýän, öwrenen kärine ökde we ukyply, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän orta hünär bilimli işgärleri taýýarlamak üçin okuwlaryň görnüşleriniň, okuw we önümçilik tejribelikleriniň okuw meýilnamasyndaky göterim gatnaşygy kesgitlenende iş berijiniň we jemgyýetiň talaplary hem-de her bir taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça döwrebap halkara tejribesi göz öňünde tutulýar.

27. Orta hünär okuw mekdeplerinde okuw meýilnamasyndan başga özbaşdak okuw meýilnamalary hem-de iş okuw meýilnamalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde iş okuw meýilnamalary hereket edýär.

Özbaşdak okuw meýilnamasy-okaýanlar tarapyndan okuw meýilnamasynyň sanawynyň esasynda halypa mugallymyň kömegi bilen her okuw döwri üçin özbaşdak düzülýär.

Özbaşdak okuw meýilnamasyna hökmany dersler düzüminiň dersleri, okuw işiniň beýleki görnüşleri girizilýär.

Özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okuw işi okaýanyň şahsy arzasy, orta hünär okuw mekdebiniň mugallymçylyk geňeşiniň çözgüdi, orta hünär okuw mekdebi tarapyndan tassyklanan özbaşdak okuw meýilnamasy esasynda guralýar. Arza okaýanyň özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça bilim almaga bolan hukugy esaslandyrylan ýazmaça delili goşulýar.

28. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinden beýlekilerde iş okuw meýilnamasy taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) okuw meýilnamasy hem-de okaýanlaryň özbaşdak okuw meýilnamalary esasynda okuw ýyly üçin işlenip düzülýär we Mugallymçylyk geňeşiniň çözgüdi esasynda bilim edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta okuw mekdeplerinde iş okuw meýilnamasy taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) okuw meýilnamasy esasynda okuw ýyly üçin işlenip düzülýär.

Iş okuw meýilnamasynda okuw ýyly üçin dersleriň sanawy we olaryň sagatlarda görkezilen okuw ýüki, öwrenmegiň tertibi, okuw sapaklarynyň görnüşleri we barlagyň görnüşleri, şeýle hem okuw işiniň beýleki görnüşleri (tejribelik, döwlet synagy, ýyllyk işini (taslamasyny), diplom işini (taslamasyny) taýýarlamak we goramak) kesgitlenýär.

29. Özbaşdak okuw meýilnamasynyň we iş okuw meýilnamasynyň görnüşi, gurluşy, işlenip düzülişiniň we tassyklanmagynyň tertibi orta hünär okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde iş okuw meýilnamasynyň görnüşi, gurluşy, işlenip düzülişiniň we tassyklanmagynyň tertibi bu orta hünär okuw mekdebi tarapyndan kesgitlenilýär.

30. Ähli okuw dersiniň mazmuny olaryň esaslyk we iş okuw maksatnamalarynda beýan edilýär.

Esaslyk okuw maksatnamalary hökmany dersler düzüminiň dersleri boýunça işlenip düzülýär we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýar we döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde esaslyk okuw maksatnamalary degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanylýar.

31. Iş okuw maksatnamalary okuw meýilnamasynyň ähli dersi boýunça işlenip düzülýär we orta hünär okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak tassyklanylýar. Şunuň bilen birlikde, hökmany dersler düzüminiň derslerini işläp düzmek esaslyk okuw maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Iş okuw maksatnamalarynyň görnüşi, gurluşy, işlenip düzülişiniň we tassyklanylmagynyň tertibi orta hünär okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.

32. Hökmany bilimiň iň az derejesi hem-de orta hünär okuw mekdebi tarapyndan hödürlenýän okuw ýüküniň göwrüminiň çäklerinde alnan bilimleriň derejesi barlagyň dürli görnüşi arkaly üpjün edilýär.

33. Okaýanlaryň okuwdaky üstünlikleriniň barlagy we olaryň okuw dersleri ýa-da modullar boýunça bilimlerini kesgitlemek okuw işiniň tapgyrlarynda (her akademiki döwrüň we okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen) degişli usuly birleşmeler tarapyndan guralýar we bilim bermegiň jemleýji netijelerine gönükdirilýär.

34. Okuw bölümi tarapyndan okaýanlaryň okuwdaky ýetişikleriniň hasaby ýöredilýär. Ol hasap bellenen nusgadaky transkriptde (hasap-synag depderçesiniň göçürmesinde) görkezilýär.

Transkript (hasap-synag depderçesiniň göçürmesi) okaýanlara olaryň ýazmaça ýüztutmalary esasynda okuwyň islendik tapgyrynda berlip bilner.

35. Uçurymlaryň bilimleriniň, başarnyklarynyň, endikleriniň we ygtyýarlyklarynyň barlagy jemleýji synaglarda amala aşyrylýar.

Orta hünär okuw mekdebiniň uçurymlarynyň jemleýji synagy akademiki senenamada we taýýarlygyň ugurlarynyň (hünärleriň) okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulan möhletlerde geçirilýär.

Jemleýji synagyň maksady uçurymyň nazary bilim derejesine, kemala gelen hünär başarnyklaryna, hünär wezipelerini ýerine ýetirmäge bolan taýýarlygyna hem-de onuň taýýarlygynyň bilim maksatnamasynyň bildirýän talaplaryna laýyk gelşine baha bermekden ybaratdyr.

Jemleýji synag taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça jemleýji döwlet synagyny (synaglaryny) tabşyrmak görnüşinde ýa-da diplom işini (taslamasyny) goramak görnüşinde geçirilýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde jemleýji synag hünäri boýunça ýörite hünär we/ýa-da ugurlaýyn dersler boýunça jemleýji döwlet synagyny (synaglaryny) tabşyrmak görnüşinde ýa-da diplom işini (taslamasyny) goramak görnüşinde geçirilýär.

Diplom işini (taslamasyny) goramak diplom işini (taslamasyny) taýýarlamagy we ony goramagyň düzgünini öz içine alýar. Diplom işiniň (taslamasynyň) maksady uçurymyň seljeriş we ylmy-barlag ukyplaryny ýüze çykarmakdan we oňa baha bermekden ybaratdyr.

Orta hünär okuw mekdebi okaýanlaryň nazary taýýarlyklarynyň, okuw üstünlikleriniň derejesini, okatmagyň netijelerini hem-de ylmy-barlag we seljeriş ukyplaryny göz öňünde tutup, olardan jemleýji synag almagyň görnüşlerini özbaşdak kesgitleýär: taýýarlygyň ugruna (hünärine) degişli dersler boýunça döwlet synagyny (synaglaryny) tabşyrmak ýa-da diplom işini (taslamasyny) goramak.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdepleri, okaýanlaryň hünärini, nazary taýýarlyklarynyň, okuw üstünlikleriniň derejesini, okatmagyň netijelerini hem-de ylmy-barlag we seljeriş ukyplaryny göz öňünde tutup, olardan jemleýji synag almagyň görnüşlerini özbaşdak kesgitleýär: ýörite hünär we/ýa-da ugurlaýyn dersler boýunça jemleýji döwlet synagyny (synaglaryny) tabşyrmak ýa-da diplom işini (taslamasyny) goramak.

36. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde okuw işleri degişli ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde okuw işini, okuw-usuly we ylmy-usuly işi guramagyň we amala aşyrmagyň düzgünnamasy bilen kesgitlenýär.

37. Okuw işi meýilleşdirilende, orta hünär okuw mekdebi okaýanyň hepdelik auditoriýa okuwynyň göwrümini taýýarlyk ugrunyň (hünäriniň) aýratynlygyny göz öňünde tutup, 24-36 akademiki sagat görnüşinde kesgitleýär. Auditoriýa okuwynyň bir akademiki sagady 40-50 minuta deňdir.

Okaýanyň hepdelik okuw ýüküniň (okuwyň ähli görnüşiniň we okaýanyň özbaşdak işiniň) jemi sagady 40-50 sagada deňdir.

Okaýanyň özbaşdak işiniň göwrümi okuw meýilnamasyndaky jemi okuw ýüküniň 30-55% (göterimine) barabardyr.

Bilim maksatnamalarynyň gurluşy bilimiň mazmunyny kesgitleýän okuw işiniň dürli görnüşlerinden emele gelýär. Bilim maksatnamasynyň dersler düzüminiň paýlanyş kadalaryny okuw mekdebi özbaşdak kesgitleýär.

38. Orta hünär bilim maksatnamasynyň mazmuny şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) umumybilim, umumy hünär we ýörite hünär dersler toplumlaryny öwrenmegi özünde jemleýän nazary bilim (okuw);

2) bilimiň (okuwyň) goşmaça görnüşleri - taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça tejribelikleriň dürli görnüşi, bedenterbiýe, harby taýýarlyk we beýlekiler;

3) aralyk we jemleýji synaglar.

Orta hünär bilim maksatnamalary modul bilim maksatnamasyna laýyklykda guralyp bilner.

39. Okuw işiniň hasaby okadylýan materialyň göwrümine görä amala aşyrylýar we okaýanlaryň okuwyň anyk netijelerini gazanmak üçin sarp edýän zähmeti okuw işiniň göwrümi ölçenilýär.

Okuw ýüki düşünjesine umumy, amaly (söhbet), tejribe, studiýa sapaklary, okaýanlaryň özbaşdak işi, ýyllyk, hasap-grafiki işler (taslamalar), hünär we önümçilik tejribelikleriniň ähli görnüşi, jemleýji döwlet synaga (synaglara) taýýarlyk we ony geçmek işi girýär.

Nazary okuwyň umumy göwrümi öwrenilýän okuw dersleriniň sanawy bilen kesgitlenilýär.

40. Bedenterbiýe, diller boýunça derslerden beýleki her okuw dersiniň gaýtalanmaýan ýeke-täk atlandyrylyşy bolmalydyr. Iki we ondan köp ýarymýyllyklarda dowam edýän hünär dersleriniň adynyň deňinde ýarymýyllygyň sany görkezilýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde dersleri birnäçe akademiki döwürleriň dowamynda özleşdirmäge rugsat edilýär.

41. Okaýanlar her bir okuw dersini bir akademiki döwürde özleşdirýärler we taýýarlygyň ugruna (hünärine) degişli dersler tamamlanandan soň synag görnüşinde jemleýji barlagy tabşyrýarlar. Umumybilim dersleri hasap görnüşinde bahalandyrylýar. Tejribelikleriň ähli görnüşi, ýyllyk işleri (taslamalary) boýunça jemleýji barlag okaýanlaryň okuw işiniň görkezilen görnüşlerini goramagy görnüşinde geçirilýär we bahaly hasap goýmagyň bellenen ulgamyna laýyklykda bahalandyrylýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde okaýanlar her bir dersi öwrenmegi tamamlanlaryndan soň synag görnüşinde jemleýji barlagy tabşyrýarlar. Eger dersiň dowamlylygy iki ýa-da ondan köp akademiki döwre çekse, onda her bir akademiki döwür tamamlanandan soňra hasap ýa-da synag görnüşinde aralyk barlag geçirilýär. Hünär tejribelikleriniň, ýyllyk işleriniň (taslamalarynyň), goşunlaýyn tejribelikleriň ähli görnüşi goramak tertibinde bahalandyrylýar.

Bir akademiki senenamada okaýana birden köp ýyllyk işleri (taslamalary) tabşyrylmaýar.

42. Orta hünär okuw mekdebi boýunça dersleri kodlamagyň ýeke-täk ulgamy peýdalanylýar. Derslere harp we san aňlatmasynda degişli kod berilýär. Umumybilim dersleriniň kodlary ähli orta hünär okuw mekdebinde birmeňzeş bolmalydyr. Mazmuny boýunça birmeňzeş hünär dersleriniň kodlary ähli orta hünär okuw mekdebinde birmeňzeş bolmalydyr.

43. Orta hünär bilimiň bilim maksatnamasy boýunça okuwy tamamlan we jemleýji synagdan üstünlikli geçen şahslara taýýarlygyň ugry boýunça (hünäri boýunça) kär berlendigini tassyklaýan döwlet nusgasyndaky diplom berilýär.

Şeýle hem olara döwlet nusgasyndaky diplom bilen goşundy (transkript ýa-da hasap-synag depderçesinden göçürme) berilýär.

Orta hünär okuw mekdebi uçuryma özleşdiren bilim maksatnamasynyň mazmunyny beýan edýän halkara derejesindäki diplomyň goşundysyny (Diploma Supplement) hem gowşurýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde orta hünär bilim maksatnamasy boýunça okuwy tamamlan şahslara taýýarlygyň ugry boýunça (hünäri boýunça) kär berlendigini tassyklaýan döwlet nusgasyndaky diplom berilýär.

Şeýle hem döwlet nusgasyndaky diplom bilen goşundy (transkript ýa-da hasap-synag depderçesinden göçürme) berilýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdepleri uçuryma özleşdiren bilim maksatnamasynyň mazmunyny beýan edýän halkara derejesindäki diplomyň goşundysyny (Diploma Supplement) hem berip biler.

44. Okaýanyň okuw ýüküniň göwrümi onuň her bir okuw dersi ýa-da okuw işiniň görnüşi boýunça okuw ýylynyň dowamynda özleşdiren okuw sagatlarynda ölçenilýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde okaýanyň özbaşdak işi mugallymyň ýolbaşçylygynda işjeň auditoriýa sapagy görnüşinde hem geçirilip bilner.

45. Professor-mugallymlar düzüminiň iş ýüküni meýilleşdirmek akademiki sagatlarda amala aşyrylýar. Professor-mugallymlaryň iş ýüki okuw tertibi boýunça auditoriýa sapaklarynda mugallymyň okaýan şahs bilen göni aragatnaşykdaky işini we aýratyn tassyklanan tertip boýunça okuw işiniň beýleki görnüşleri üçin sarp edýän wagty öz içine alýar.

46. Studiýa we tejribe sapaklary, şeýle hem bedenterbiýe sapaklary kadadan çykma häsiýetine eýe bolup, degişlilikde, studiýada geçilýän sapagyň bir akademiki sagady ýa-da barlaghanada geçilýän sapagyň bir akademiki sagady we bedenterbiýe sapagynyň dowamlylygy arakesmesiz 90 minuta çenli bolup biler. Şunda 90 minutlap dowam edýän sapak iki akademiki sagat hasaplanýar.

Tejribelikleriň ähli görnüşiniň we okaýanlaryň jemleýji synagynyň bir akademiki sagady 60 minuta deňdir.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde akademiki sagat okuw sapaklarynyň, tejribelikleriň hemme görnüşi we jemleýji synag babatda gyradeň ulanylyp, ortaça 45 minuta barabardyr.

47. Okuw işiniň göwrümi hasaplananda:

-    tejribelik döwründe okaýanyň mugallym bilen bilelikdäki işinden;

-    okaýanyň diplom işini (taslamasyny) taýýarlamagy we goramagy boýunça alyp baran işinden;

-    okaýanyň taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça döwlet synagyny tabşyrmaga taýýarlygy we tabşyrmagy boýunça işinden ugur alynýar.

48. Okaýanyň okuw ýüki mugallym bilen göni aragatnaşykda bolýan auditoriýa sapaklarynyň, özbaşdak işiniň sagatlarynyň we okuw işiniň dürli görnüşi üçin sarp edýän sagatlarynyň jemi bilen kesgitlenýär.

Auditoriýa okuwy akademiki sagat bilen kesgitlenilýär. Okaýanyň auditoriýa okuwynyň akademiki sagatlarynyň üsti talybyň özbaşdak işiniň sagatlarynyň degişli sany bilen doldurylýar.

Bedenterbiýe dersi boýunça sapaklarda we tejribelikleriň ähli görnüşinde okaýanyň özbaşdak işi üçin sagat berilmeýär.

Okaýanyň aralyk we jemleme synaglaryna, jemleýji döwlet synagyna, diplom işini (taslamasyny) taýýarlamak üçin özbaşdak işine we mugallym bilen göni aragatnaşykda bolan işine ýa-da döwlet synagyny tabşyrmaga taýýarlyk görmek we tabşyrmak boýunça mugallym bilen alyp barýan işine sarp edýän sagatlary okuw meýilnamasynda göz öňünde tutulýar.

49. Okuw ýyly akademiki döwürlerden, synag döwürlerinden, tejribelikleriň görnüşlerinden we dynç alyşlardan ybarat bolýar. Gutardyş ýylynda okuw ýylynyň düzümine jemleýji döwlet synag döwri hem goşulýar.

50. Okuw ýylynyň umumy dowamlylygy 36 hepdeden az bolmaly däl. Akademiki döwür, onuň görnüşlerine baglylykda, orta hünär bilim maksatnamalarynda ýarymýyllyk üçin 18 hepdeden az bolmaly däl, orta hünär bilimden öňki dil taýýarlyk (öwreniş) maksatnamalarynda üçaýlyk üçin 10-12 hepdeden we çärýek üçin 6-8 hepdeden ybarat dowamlylykda bolýar.

Orta hünär okuw mekdebi akademiki döwri guramagyň görnüşini özbaşdak kesgitleýär.

51. Aralyk we jemleme synag döwründe özleşdirilen ähli ders boýunça barlag geçirilýär we gündelik ýetişigiň (ýerine ýetirilen ýumuşlaryň barlaglarynyň netijeleri boýunça orta arifmetiki baha) bahalaryny hasaba almak bilen, dersler boýunça jemleýji bahalar çykarylýar.

Dersler boýunça jemleýji baha jemlenende, gündelik ýetişigiň paýy 60% (göterime) barabar bolup biler, ýöne synaglaryň paýy 40% (göterimden) az bolmaly däldir.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde dersler boýunça jemleýji baha jemlenende, gündelik ýetişigiň paýy 60% (göterimden), synaglaryň paýy 40% (göterimden) köp bolmaly däldir.

52. Okuw ýylynyň dowamynda okaýanlara iki gezek, jemi 40 günden az bolmadyk dowamlylykda dynç alyş berilýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň dowamynda okaýanlara iki gezek, jemi 40 günden az bolmadyk dowamlylykda dynç alyş berilýär.

Dynç alşyň takyk möhleti we dowamlylygy, hünär taýýarlygynyň degişli ugrunyň aýratynlygyna baglylykda, okuw meýilnamasynda kesgitlenýär (gutardyş ýylyndan beýleki okuw ýyllaryna).

53. Tejribelikler orta hünär bilim maksatnamasynyň hökmany düzüm bölegidir. Ol okuw, mugallymçylyk, önümçilik, önümçilik-hünär, diplomdan öňki we beýleki tejribeliklere bölünýär.

Tejribelikleriň dowamlylygy talybyň tejribelikdäki işiniň günüň dowamynda 4-8 sagada deň bolan kadalyk ölçeg wagtyndan ugur alnyp, hepdeler bilen kesgitlenilýär. Okuw döwri hepdede 1, 2 ýa-da 3 gün guralýan tejribelikleriň sagady gün sanyna we akademiki döwrüň hepde sanyna köpeldilip we tejribelik doly hepde guralanda (5 günlük iş hepdesi göz öňünde tutulyp), tejribelikleriň sagady gün sanyna we hepde sanyna köpeldilip kesgitlenilýär.

Okuw meýilnamasynda taýýarlygyň ugruna (hünärine) we geçilýän tejribelikleriň görnüşlerine laýyklykda, okuw tejribeligi azyndan 18 sagat, mugallymçylyk tejribeligi azyndan 36 sagat, önümçilik tejribeligi azyndan 72 sagat hasabyndan ugur alynýar.

54. Okaýan gutardyş döwlet synagyna özbaşdak taýýarlygyna goşmaça 14 sagada çenli mugallym bilen göni aragatnaşykda taýýarlyk işini geçirip bilýär.

Diplom işini (taslamasyny) taýýarlamaga we goramaga sarp edýän wagtyna hem degişli sagatlar berilýär. Diplom işini (taslamasyny) taýýarlamak we ýerine ýetirmek işi tejribeligiň dowamynda we nazary okuwlaryň tamamlaýjy döwürlerinde amala aşyrylýar.

55. Goşmaça okuw zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, akademiki bergileri ýa-da okuw meýilnamalaryndaky aratapawudy aradan aýyrmak, gaýtadan synag (hasap) tabşyrmak bilen, okuw derslerini we sagatlary özleşdirmek, ýetişigiň ortaça baha ulgamyny (balyny) ýokarlandyrmak, iki diplomly bilimiň çäginde ugurdaş hünärleri özleşdirmek maksady bilen, dowamlylygy 6 hepdä çenli tomusky okuw döwrüni (gutardyş ýylyndan başga) girizmäge rugsat berilýär.

Şunda akademiki bergileri ýa-da okuw meýilnamasyndaky aratapawudy aradan aýyrmak boýunça guralýan goşmaça okuw tölegli esasda amala aşyrylýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde okaýanlaryň goşmaça okuw zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, akademiki bergileri ýa-da okuw meýilnamalaryndaky aratapawudy aradan aýyrmak, ýetişigiň ortaça baha ulgamyny (balyny) ýokarlandyrmak maksady bilen, dowamlylygy 4 hepdä çenli tomusky okuw döwrüni (gutardyş ýylyndan başga) girizmäge rugsat berilýär.

Tomusky okuw döwrüniň okuw meýilnamasy esaslyk we iş okuw meýilnamalary esasynda okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak düzülýär we tassyklanylýar.

56. Orta hünär okuw mekdebi, hünärmen taýýarlamagyň taýýarlyk ugrunyň (hünäriniň) aýratynlyklaryna baglylykda, amala aşyrylýan bilim maksatnamalaryny özleşdirmek üçin zerur bolan nazary bilimiň göwrümini şu standartda bellenilen görkezijilere laýyklykda kesgitleýär.

Orta hünär bilim maksatnamasy möhletinden öň ýa-da okuwyň gysgaldylan görnüşinde özleşdirilen we göz öňünde tutulan talaplar ýerine ýetirilen ýagdaýynda, okuwyň möhletine garamazdan, okaýana bellenen tertipde degişli orta hünär bilimi hakyndaky resminama berilýär.

57. Hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde bilim alýanlaryň özleşdirmeli okuw sagatlarynyň sanyny we bilim maksatnamasynyň göwrümini, binýatlyk hünär biliminde okaýanyň özleşdirenlerini we ugurdaşlygyny göz öňünde tutup, orta hünär okuw mekdebi özbaşdak kesgitleýär.

Hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde bilim alýanlaryň:

1) ozalky hünär bilim maksatnamasynda özleşdiren dersleri we okuw sagatlary hasaba alynýar, transkriptde görkezilýär we şol esasda özbaşdak okuw meýilnamasyna laýyklykda okuw işleri guralýar;

2) orta hünär okuw mekdebi, okaýanyň ozalky bilimini göz öňünde tutup, degişli hünäriň bilim maksatnamasynyň gysgaldylan möhletini we göwrümini kesgitleýär. Şunda okuw işleri okaýanyň özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça alnyp barylýar.

58. Okuwyň gündizki görnüşinde okaýanlar okuw ýylynyň her ýarymýyllygynyň dowamynda azyndan 432-540 sagat möçberinde nazary bilim—alýarlar. Okuwyň agşamky ýa-da gaýybana (şol sanda uzak aralykly) görnüşinde okaýanlar üçin nazary bilimiň okuw sagatlaryny we göwrümini orta hünär okuw mekdebi kesgitleýär we okuwyň möhleti uzaldylýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň orta hünär okuw mekdeplerinde okaýanlar gutardyş ýylyndan beýleki okuw ýyllarynda, okuw ýylynyň her ýarymýyllygynyň dowamynda azyndan 459-567 sagat möçberinde nazary bilimleri alýarlar.

59. Orta hünär okuw mekdebi her bir okaýany onuň taýýarlyk ugruna (hünärine) laýyklykda, tejribelik geçiljek ýeri bilen üpjün edýär.

60. Orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy okuw meýilnamalarynyň we okuw maksatnamalarynyň talaplaryny berjaý etmek şerti bilen, okuw sapaklaryny guramagyň we geçirmegiň usullaryny hem-de görnüşlerini erkin saýlap biler.

61. Orta hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işi her bir okaýanyň maglumat gorlaryna we kitaphana gaznalaryna erkin elýeterliligi, ähli ders, okuw işiniň ähli görnüşi, ýyllyk we diplom işleriniň taslamalary, tejribelikleri, okaýanyň özbaşdak işi boýunça usuly gollanmalaryň we usuly maslahatlaryň, şeýle hem görkezme esbaplarynyň, audio we wideomateriallaryň bar bolmagy bilen üpjün edilýär.

Orta hünär okuw mekdebi okaýanlara we mugallym işgärlere okuw, ylmy, maglumat gorlaryna, şol sanda elektron kitaphanalarda ýerleşdirilýän maglumat çeşmelerine elýeterliligi üpjün edýär.

62. Okaýanlaryň ylmy-barlag işi orta hünär okuw mekdepleriniň usuly birleşmelerinde, barlaghanalarynda, ylmy, konstruktorçylyk we taslama bölümlerinde, talyplaryň ylmy-tehniki birleşmelerinde (konstruktorçylyk we beýleki býurolarynda, merkezlerinde, ylmy-barlag institutlarynda we ş.m.) guralýar. 

Orta hünär biliminiň döwlet bilim
standartyna 1-nji goşundy

Orta hünär biliminiň okuw meýilnamasynyň gurluşy       

T/b

Toplumlaryň we dersleriň atlary

 

auditoriýa sagady

okuw ýüki

1

2

 

3

1

Umumybilim dersleriniň toplumy (UDT)

 

450

1)

Umumy ynsanperwerlik we durmuş- ykdysady dersler toplumy

 

288

 

Türkmenistanyň taryhy

2

36

 

Etika we estetika

2

36

 

Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary

4

72

 

Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary

6

108

 

Häzirkizaman türkmen jemgyýeti

2

36

 

 

 

 

2)

Umumy matematiki we tebigy - ylmy dersler toplumy

 

162

 

Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary

6

108

 

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak

3

54

 

 

 

 

2

Umumy hünär dersler toplumy (UHDT)

 

 

1)

Hökmany dersler düzümi

 

 

 

Hünäri boýunça iňlis dili

8

144

 

Ikinji daşary ýurt dilleri

4

72

 

 

 

 

3

Ýörite hünär dersler toplumy (ÝHDT)

 

 

1)

Hökmany dersler düzümi

 

 

4

Nazary bilimleriň jemi

 

 

5

Okuwyň goşmaça görnüşleri

 

 

1)

Hökmany dersler düzümi

 

 

 

Bedenterbiýe

6

108

 

Tejribelikler (görnüşleri boýunça)

 

tejribeligiň görnüşine baglylykd

6

Gutardyş döwlet synaglary

 

 

1)

Bilimi dolandyrmak boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenýän UDT-niň düzümine degişli döwlet synagy

 

 

2)

Diplom işini (taslamasyny) taýýarlamak we goramak ýa-da taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça döwlet synagy

 

 

Bellik:

Aşakdakylary orta hünär mekdebi okuw meýilnamasynda özbaşdak kesgitleýär:

1)    tejribelikleri, olaryň döwürlerini we möhletlerini;

2)    bilim maksatnamasyny özleşdirmegiň yzygiderliligini bozmazdan, dersleri öwrenmegiň ýarymýyllyklaryny;

3)    umumy we ýörite hünär dersler düzüminiň derslerini we olaryň göwrümini;

4)    gutardyş döwlet synagynyň görnüşini.

 

Ýükle