img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary

Döwlet ýokary hünär bilim edaralary hakynda düzgünnama

4485

 Türkmenistanyň Prezidentiniň
2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda
çykaran 2487-nji karary bilen
tassyklandy

 

Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda

DÜZGÜNNAMA

 I bap. Umumy düzgünler

1. Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) döwlet ýokary hünär bilimi edaralarynyň (mundan beýläk - ýokary okuw mekdepleri) işini düzgünleşdirýär.

2. Ýokary okuw mekdepleri öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şu Düzgünnamany we öz tertipnamasyny goldanýarlar.

3. Ýokary okuw mekdepleriniň esasy wezipeleri:

1) Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin taýýarlygyň ugurlary we hünärler boýunça ýokary hünärli işgärleri düýpli nazaryýet we amalyýet taýdan taýýarlamak;

2) şahsyýetiň akyl, medeni we ahlak taýdan ösmäge, hünär bilimini, ylmy-pedagogik hünär derejesini çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmak;

3) düýpli we ylmy-amaly barlaglary guramak hem-de geçirmek, şol sanda bilim meseleleri boýunça barlaglary alyp barmak;

4) hünärmenleriň we ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de olary gaýtadan taýýarlamak;

5) jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamak, goramak hem-de baýlaşdyrmak;

6) talyplarda milli taryh, däp-dessurlar hem-de ileri tutulýan umumadamzat gymmatlyklary bilen özara berk baglanyşykly ýokary medeniýeti hem-de döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň ýörelgelerine, türkmen halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylygy terbiýelemek bolup durýar.

4. Ýokary okuw mekdepleriniň işleriniň esasy ýörelgeleri:

1) özüniň ukyplaryny we zehinini doly amala aşyrmagynda her bir adamyň hukuklarynyň deňligini üpjün etmek;

2) ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň ynsanperwer häsiýetde bolmagyny, umumadamzat gymmatlyklarynyň, adamyň saglygynyň, şahsyýetiň erkin ösmeginiň ileri tutulmagyny üpjün etmek;

3) ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň Türkmenistanyň taryhy, türkmen halkynyň milli medeniýeti we däpleri bilen sazlaşykly arabaglanyşygyny saklamak;

4) talyplarda raýatlyk duýgusyny we watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormaty, maşgala, Watana, tebigy gurşawa bolan söýgini terbiýelemek;

5) ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilim hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini her bir adama elýeterli etmek;

6) ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň ylym we önümçilik bilen utgaşdyrylmagyny hem-de daşary ýurt döwletleriniň bilim ulgamlary bilen özara baglanyşdyrylmagyny gazanmak;

7) ýokary okuw mekdepleriniň dünýewi häsiýetliligini we onuň dini guramalardan aýrylygyny üpjün etmek;

8) pedagogik işgärleriň, talyplaryň ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmaga gatnaşmak hukugyny üpjün etmäge esaslanýan demokratik häsiýetliligini üpjün etmek;

9) ýokary okuw mekdeplerini ýokary hünär derejeli pedagogik işgärler bilen üpjün etmek bolup durýar.

5. «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şu aşakdaky görnüşli ýokary okuw mekdepleri döredilip bilner:

1) uniwersitet - ýokary okuw mekdebi bolup:

a) ýokary we ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalaryny köp ugurlar boýunça amala aşyrýar;

b) ýokary hünärli ylmy we ylmy-pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak işini alyp barýar;

ç) ylmyň dürli ugurlary boýunça düýpli we ylmy-amaly barlaglary ýerine ýetirýär;

d) öz işiniň çäginde öňdebaryjy ylmy we usulyýet merkezi hasaplanýar;

2) akademiýa - ýokary okuw mekdebi bolup:

a) ýokary we ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny amala aşyrýar;

b) ylmyň we ylmy-pedagogik işiniň belli bir ugry boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy, oiaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, gaýtadan taýýarlamagy amala aşyrýar;

ç) ylmyň ýa-da medeniýetiň aýratyn bir ugry boýunça düýpli we ylmy-amaly barlaglary ýerine ýetirýär;

d) öz işiniň çäginde öňdebaryjy ylmy-usuly merkez hasaplanýar;

3) konserwatoriýa - ýokary okuw mekdebi bolup:

a) ýokary hünär bilimini bermek boýunça maksatnamalary, şeýle hem ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilim maksatnamalaryny amala aşyrýar;

b) hünäriň belli bir ugry boýunça işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we hünär derejesini ýokarlandyrmagy amala aşyrýar;

ç) ylmyň ýa-da döredijiligiň aýratyn bir ugry boýunça düýpli we ylmy-amaly barlaglary we gözlegleri alyp barýar;

d) öz işiniň çäginde öňdebaryjy ylmy-usuly merkez hasaplanýar;

4) institut - ýokary okuw mekdebi bolup:

a) ýokary hünär bilimini bermek boýunça maksatnamalary, şeýle hem ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny amala aşyrýar;

b) hünäriň belli bir ugry boýunça işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we hünär derejesini ýokarlandyrmagy amala aşyrýar;

ç) düýpli we ylmy-amaly barlaglary hem-de gözlegleri alyp barýar.

6. «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýokary okuw mekdepleri ähmiýeti boýunça umumydöwlet we sebit bilim edaralaryna bölünýärler.

7. Umumydöwlet ähmiýetli ýokary okuw mekdepleri (uniwersitet, akademiýa, konserwatoriýa) öz üstlerine olary bölekleýin maliýeleşdirmek we maddy-tehniki taýdan enjamlaşdyrmak ýüklenilýän Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary we ylmy edaralary üçin hünärli işgärleri taýýarlamagy amala aşyrýarlar.

Umumydöwlet ähmiýetli ýokary okuw mekdepleri öz işlerini okatmagyň hili boýunça halkara öňdeligiň talaplaryna, ylmy barlaglaryň hiline we ylmy-barlag işläp düzmelerinden alynýan girdejilere, halkara derejesine we halkara hyzmatdaşlygyna, maliýe durnuklylygyna we halkara derejeli ýokary okuw mekdeplerine bildirilýän beýleki talaplara laýyklykda guraýarlar.

Sebit ähmiýetli ýokary okuw mekdepleri (institutlar) ýurdumyzyň sebitlerinde has zerur bolan köpçülikleýin hünärler (pedagogik, ykdysady, oba hojalyk, jemagat hojalygy we beýleki hünärler) boýunça hünärmenleri taýýarlamagy amala aşyrýarlar.

8. Halkara öňdelige giren ýokary okuw mekdebine Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan özbaşdaklyk hukugy (hukuk ýagdaýy) berlip bilner, bu bolsa oňa Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamasyna laýyklykda, aýratyn-da, döwlet maliýeleşdirilişi babatda hasabatlylygyň döwlet ulgamlary bilen utgaşan ýagdaýynda okuw, ylmy-barlag, işgärler, maliýe- hojalyk we beýleki işleri özbaşdak amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

9. Ýokary okuw mekdepleri degişli ygtyýarnamasy bolan ýagdaýynda hünär-tehniki we orta hünär biliminiň maksatnamalaryny hem amala aşyryp biler.

10. Ýokary okuw mekdebiniň gurluşyna ylmyň pudaklary boýunça kafedralar we hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary boýunça fakultetler girýär.

Ýokary okuw mekdepleri şahamçalary, wekillikleri, ylmy-barlag bölümçelerini, konstruktor bölümlerini, aspiranturany, internaturany, ordinaturany, doktoranturany, goşmaça hünär biliminiň düzüm böleklerini, okuwdan daşary we terbiýeçilik işlerini alyp barýan bölümleri, taýýarlaýyş bölümlerini we okuw merkezlerini, önümçilik we durmuş taýdan üpjün ediş ulgamlarynyň desgalaryny, umumy ýaşaýyş jaýlaryny, kliniki binýatlaryny we beýleki düzüm böleklerini öz içine alyp bilerler.

11. Ýokary okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerinden daşarda onuň şahamçalary we wekillikleri hereket edip bilerler.

12. Ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalary we wekillikleri ýuridik şahs däldir.

13. Şahamça ýokary okuw mekdepleriniň wezipeleriniň ählisini ýa-da belli bir bölegini amala aşyrýar.

Şahamçanyň işini dolandyrmak ýokary okuw mekdebiniň tertipnamasyna we şahamçanyň düzgünnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Wekillik ýokary okuw mekdebiniň bähbitlerini goraýar we oňa wekilçilik edýär, ol bilim, ylym, hojalyk we beýleki işleri özbaşdak amala aşyrmaýar. Wekilligiň wezipe sanawyna ylmy-pedagogik işgärleriň wezipeleri girizilmeýär.

Wekillik ýokary okuw mekdebiniň bilimde, ylymda we medeniýetde gazanan öňdebaryjy tejribesini mahabat etmek işini guraýar we geçirýär.

Wekilligiň işini dolandyrmak ýokary okuw mekdebiniň tertipnamasyna we wekilligiň düzgünnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

14. Ýokary okuw mekdebiniň şahamçalary we wekillikleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär we ýatyrylýar.

15. Ýokary okuw mekdepleriniň bilimiň ynsanperwer häsiýetinden hem-de türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti bilen berk baglanyşykly bolan umumadamzat we ahlak gymmatlyklarynyň ileri tutulmagyndan gelip çykýan terbiýeçilik wezipeleri talyplaryň we işgärleriň bilelikdäki ylym-bilim, önümçilik, jemgyýetçilik we beýleki işleriniň üsti bilen durmuşa geçirilýär.

16. Talyp ýaşlaryň dynç almagyny we olaryň köpçülikleýin medeni, döredijilik, sport we bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine çekilmegini üpjün etmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebinde döredijilik-medeni merkezler, talyp sport klublary döredilýär. Olaryň işi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan düzgünnama bilen düzgünleşdirilýär.

 II bap. Ýokary okuw mekdebine okuwa kabul etmek

17. Ýokary okuw mekdepleri ýokary hünär biliminiň işgärleri taýýarlamagyň iki derejeli, şonuň ýaly-da bir derejeli gurluş düzümi boýunça bilim maksatnamalaryny amala aşyrýarlar.

18. Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň birinji derejesi (bakalawr maksatnamasy) hünär işiniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär.

19. Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi (magistr maksatnamasy) hünär we (ýa-da) dolandyryş wezipeleriniň birnäçesini özbaşdak çözmäge, pedagogik işiň dürli görnüşlerini geçirmäge we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga taýýarlamagy üpjün edýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär.

20. Okadylmagy hünärler boýunça amala aşyrylýan işgärleri (hünärmen maksatnamasy) taýýarlamagyň bir derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär bilimi hünär, pedagogik, barlag-gözleg işleriniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär.

21. Ýokary okuw mekdeplerinde:

1) ýokary hünär biliminiň bakalawr, hünärmen maksatnamalary boýunça taýýarlamak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda;

2) ýokary hünär biliminiň magistr maksatnamalary boýunça taýýarlamak ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

22. Hünärmen we magistr hünär derejeli ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalar olaryň eýelerine ýokary okuw mekdebinden soňky bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

23. Bakalawr hünär derejeli ýokary hünär bilimi hakyndaky resminama onuň eýesine ýokary hünär biliminiň magistr maksatnamasy boýunça okuwyny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Bakalawr ýa-da hünärmen maksatnamasyny tamamlap, okuwyny magistr maksatnamasy boýunça dowam etdirmek isleýän raýatlara, Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna laýyklykda, iki ýyl iş tejribeligini geçmezden, ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamanyň tassyklanan göçürmesi esasynda okuwyny dowam etmäge mümkinçilik berilýär.

24. Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

25. Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň möhleti, giriş synaglarynyň geçiriljek ýerleri, şeýle hem okuwa kabul etmegiň meýilnamasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.

26. Giriş synaglarynyň geçirilýän we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän döwründe Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan okuwa kabul etmek boýunça Döwlet topary döredilýär.

27. Ýokary okuw mekdeplerine okuwa girýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmegiň möhletleri, giriş synaglarynyň guralyşynyň, ýokary okuw mekdebine seçip almagyň we kabul etmegiň tertibi hem-de beýleki şertler okuwa kabul etmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary tarapyndan tassyklanýan tertibe laýyklykda kesgitlenýär.

28. Okuwa kabul edilýän döwürde arza-şikaýatlara seredýän topar döredilýär. Toparyň düzümi, ygtyýarlylygy we işi okuwa kabul etmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary tarapyndan tassyklanýan tertibe laýyklykda kesgitlenýär.

29. Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek dalaşgärleriň arzasy boýunça giriş synaglarynyň netijelerine görä, bäsleşik esasynda amala aşyrylýar. Bäsleşigiň şertleri adamyň bilim almaga bolan hukuklarynyň döwlet kepillikleriniň berjaý edilmegini we adamlaryň arasyndan degişli hünär biliminiň maksatnamasyny özleşdirmäge has ukyply hem-de taýýarlykly bolanlarynyň kabul edilmegini üpjün etmelidir.

30. Ýokary okuw mekdebine Döwlet býujetiniň hasabyna ýaşlary seçip almak işi tamamlanandan soň, talybyň, ýokary okuw mekdebiniň, degişli häkimligiň, ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň arasynda şertnama baglaşylýar (aýratyn ýagdaýlarda şertnama giriş synaglaryndan has öň, edaralaryň, kärhanalaryň ýokary okuw mekdeplerine deslapky sargytlary esasynda hem baglaşylyp bilner). Şertnamada taraplaryň şu aşakdakylar boýunça borçlary kesgitlenilýär:

1) ýokary okuw mekdepleriniň talyba ýokary hilli bilim bermegini üpjün etmek;

2) talybyň ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soňra, alan hünär derejesine laýyklykda işlemegi;

3) häkimlikleriň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň talyba hünär tejribeligini geçmäge şertleri döretmek hem-de ony ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlandan soň, iş ýeri bilen üpjün etmek.

31. Okuwa girýänlerden belli bir döredijilik ukyplarynyň, beden we (ýa-da) ruhy häsiýetleriniň bolmagyny talap edýän hünärler we (ýa-da) taýýarlygyň ugurlary boýunça okuwa kabul edilende, ýokary okuw mekdepleriniň bäsleşik geçirilende umumybilim derslerinden geçirilýän giriş synaglarynyň netijeleri bilen bir hatarda, göz öňünde tutulýan goşmaça döredijilik we (ýa-da) hünär häsiýetli synaglary geçirmäge hukugy bardyr.

Okuwa kabul edilende goşmaça döredijilik we (ýa-da) hünär häsiýetli synaglar geçirilip bilinjek hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlarynyň (hünärleriniň) sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

Okuwy raýatlaryň döwlet gullugyna girmegi we döwlet syrlaryny düzýän maglumatlara ygtyýarynyň bolmagy bilen baglanyşykly ýokary okuw mekdepleriniň goşmaça synaglarynyň we olara kabul etmegiň şertleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

32. Türkmenistanyň umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş, bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlary ýokary okuw mekdeplerine şu aşakdaky şertlerde kabul edilýär:

1) altyn medal bilen sylaglananlar - döwlet (I orun) we halkara (ýeňiji) ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna (hünärine) giriş synaglaryna gatnaşmazdan;

2) kümüş medal bilen sylaglananlar - döwlet (I ýa-da II orun) we halkara (gatnaşyjy) ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna (hünärine) degişli ders boýunça bir giriş synagyny üstünlikli (ýokary baha ýa-da ýokary bal) tabşyran ýagdaýynda;

3) bürünç medal bilen sylaglananlar - döwlet (ýeňiji) we halkara (gatnaşyjy) ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna (hünärine) degişli ders boýunça iki giriş synagyny üstünlikli (ýokary baha ýa-da ýokary bal) tabşyran ýagdaýynda.

33. Şu aşakdakylar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda ýokary okuw mekdeplerine bäsleşiksiz kabul edilýär:

l) ýetim çagalar we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar;

2) maýyplygy bolan çagalar, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolan adamlar:

3) harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalary;

4) şu Düzgünnamanyň otuz ikinji böleginiň şertlerini ýerine ýetirmedik umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlary;

5) köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolan çagalar.

34. Şu aşakdakylar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda ýokary okuw mekdeplerine kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýarlar:

1) okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary;

2) taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri;

3) taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri;

4) III topar maýyplygy bolan adamlar;

5) çagyryş boýunça harby gullugy geçen adamlar;

6) saýlan taýýarlygyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan adamlar.

35. Ýokary okuw mekdeplerine Türkmenistanyň az ilatly, barmasy kyn we uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde ýaşaýan raýatlarynyň hataryndan okuwa kabul etmek maksatlaýyn taýýarlamak esasynda amala aşyrylyp bilner. Şu ýagdaýda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň kärhanalary we guramalary maksatlaýyn taýýarlygyň sargytçylary bolup durýarlar.

Maksatlaýyn taýýarlamak taraplary Türkmenistanyň raýaty we onuň ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar, sargytçy, hünär bilim edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bolup durýan şertnama bilen resmileşdirilýär.

Şertnamanyň nusgasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär we tassyklanylýar.

Şertnamada aşakdakylar hökmany suratda göz öňünde tutulýar:

1) talyp hakyny goşmak bilen, okuwy maliýeleşdirmegiň şertleri;

2) ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňra, Türkmenistanyň raýatynyň şertnamada kesgitlenen möhletiň dowamynda degişli önümçilikde işlemek baradaky borçnamasy;

3) şertnamanyň şertleriniň, şol sanda maliýe şertleriniň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda taraplaryň jogapkärçiligi.

36. Orta hünär bilimi hakynda resminamasy bolan adamlar, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertibe laýyklykda, gysgaldylan maksatnama boýunça degişli (ugurdaş) hünär (taýýarlygyň ugry) boýunça okuwyny ýokary okuw mekdeplerinde dowam edip bilerler.

37. Ýokary hünär bilimi hakynda resminamasy bolan adamlar degişli (ugurdaş) hünär (taýýarlygyň ugry) boýunça bakalawr maksatnamasy ýa-da hünärmen maksatnamasy boýunça ikinji ýokary bilimi almak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertibe laýyklykda, gysgaldylan maksatnama boýunça okuwyny ýokary okuw mekdebinde dowam edip bilerler.

38. Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlaryň lybasy we daşky görnüşiň beýleki görkezijileri ýokary okuw mekdepleriniň tertipnamalary bilen bellenilýär.

 III bap. Ýokary okuw mekdebiniň bilim işi

39. Ýokary okuw mekdeplerinde bilim işiniň guralyşy degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary tarapyndan tassyklanýan, ýokary hünär bilimi baradaky döwlet bilim standartlaryna esaslanýan taýýarlygyň ugurlary (hünärleri boýunça okuw meýilnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy we okuw sapaklarynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär.

40. Ýokary okuw mekdepleri bilim işini guranlarynda bilim tehnologiýalaryny, şol sanda okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryna esaslanýan tehnologiýalary, elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanýarlar.

41. Elektron okuw arkaly bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmek şu aşakdakylara esaslanýar:

1) maglumatlar binýadynda saklanýan we bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende ulanylýan maglumata;

2) maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegini üpjün edýän maglumat tehnologiýalaryna we tehniki serişdelere;

3) görkezilen maglumatyň aragatnaşyk ýollary arkaly geçirilmegini hem-de okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň arasynda zerur bolan (talap edilýän) özara gatnaşyklary üpjün edýän maglumat-telekommunikasiýa ulgamlaryna.

Elektron okuw arkaly bilim maksatnamasy durmuşa geçirilende, ýokary okuw mekdebi okaýanlara, pedagogik işgärlere, okuw-kömekçi işgärlere we dolandyryş işgärlerine aşakdakylary öz içine alýan elektron okuw-usulyýet toplumynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýär:

1) bilim maksatnamasynyň okuw meýilnamasyny;

2) okaýanyň özbaşdak okuw meýilnamasyny;

3) dersleriň (tapgyrlaryň, modullaryň, okuwlaryň) okuw maksatnamalaryny;

4) elektron görnüşde elýeterli bolan we dersiň (tapgyryň, modulyň, okuwyň) okuw maksatnamasyna laýyklykda işleriň ähli görnüşlerini üpjün edýän bilim maglumatlarynyň toplumyny;

5) maglumatyň özleşdirilişiniň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin serişdeleri;

6) dersiň (tapgyryň, modulyň, okuwyň) okuw maksatnamasyny öwrenmek boýunça okaýanlara usuly maslahatlary.

42. Uzak aralykly bilim tehnologiýalary diýlip, uzak aralykdan okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryny üpjün edýän maglumat-telekommunikasiýa torlaryny ulanmak arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň we okuw işini guramagyň gurallaryna düşünilýär.

Uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp, bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we okuw işi guralanda ýokary okuw mekdebi okaýanlara aşakdakylaryň elýeterliligini üpjün edýär:

1) elektron okuw-usulyýet toplumynyň;

2) maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we maglumat- telekommunikasiýa torlarynyň toplumynyň;

3) degişli tehnologik serişdeleriň.

43. Ýokary okuw mekdebinde elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okatmaga başlamak üçin aşakdakylaryň bolmagy hökmany şertdir:

1) her bir bilim maksatnamasy boýunça okuw meýilnamalaryndaky dersleriň (tapgyrlaryň, modullaryň, okuwlaryň) okuw maksatnamalarynyň ählisi boýunça elektron okuw-usulyýet toplumlarynyň;

2) elektron kitaphananyň;

3) maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň;

4) maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň;

5) tehnologik serişdeleriň.

44. Ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünär biliminiň maksatnamalary (hünärmen hem-de bakalawr maksatnamasy) boýunça okatmagyň gündizki (gündizki, önümçilikden aýrylmak şertinde), gündizki-gaýybana (okuwyň iş wagtyndan başga wagtlarda okalmagy bilen, önümçilikden aýrylmazlyk şertinde) we gaýybana (önümçilikden aýrylmazlyk şertinde) görnüşleri ulanylýar.

45. Ýokary okuw mekdeplerine bakalawr we hünärmen maksatnamalary boýunça okatmagyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerine talyplyga kabul etmek raýatyň bilim edarasynda saýlap alan taýýarlyk ugruna (hünärine) degişli bolan iş ýerinde ýa-da wezipede iki ýyldan az bolmadyk möhletde iş döwrüniň we onuň iş berijisiniň hödürnamasynyň bolan şertinde amala aşyrylýar.

46. Magistr maksatnamasy boýunça okuwlar, kada görä, okatmagyň gündizki görnüşinde geçirilýär. Okatmagyň gündizki-gaýybana görnüşine aşakdaky ýagdaýlarda ýol berlip bilner:

1) bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň ugrunyň (hünärmen maksatnamasy boýunça hünäri) we magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň ugrunyň gabat gelen, şeýle hem alnan ýokary bilimiň hünär derejesine baglylykda, önümçilik (pedagogik, ylmy) işiniň amala aşyrylan ýagdaýynda;

2) «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 47-nji maddasyna laýyklykda, bilim işine goýbermek üçin zerur bolan pedagogik ugurly magistr maksatnamasy boýunça okuwlar okalanda.

47. Ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça, taýýarlygyň ugurlary hem-de hünärler Türkmenistanyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatory bilen ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

48. Ýokary okuw mekdepleriniň ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslar bilen şertnamalar baglaşmak arkaly, olara okuwyň bahasyny töletmek şerti bilen, şu aşakdaky ýagdaýlarda okatmagy amala aşyrmaga hukugy bardyr:

1) talyplar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän degişli hünär biliminiň maksatnamalary boýunça meýilnama görkezijilerinden daşary okuwa kabul edilende;

2) okatmagyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşine okuwa girilende;

3) hünär biliminiň degişli derejesi boýunça ikinji bilimi almak üçin okuwa girilende;

4) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulmaýan taýýarlygyň ugry (hünär) boýunça okuwa girilende;

5) maksatlaýyn taýýarlyk esasynda okuwa girilende.

49. Ýokary bilimiň aşakdaky ýaly bilim maksatnamalary boýunça okalmagy ikinji ýokary bilim alynmagyna degişlidir:

1) bakalawryň diplomy, hünärmeniň diplomy ýa-da magistriň diplomy bolan adamlaryň bakalawryň maksatnamasy ýa-da hünärmeniň maksatnamalary boýunça okamagy;

2) hünärmeniň diplomy ýa-da magistriň diplomy bolan adamlaryň magistr maksatnamalary boýunça okamagy.

50. Ýokary okuw mekdebiniň degişli ygtyýarnamasy bolan ýagdaýynda ilata, kärhanalara, edaralara we guramalara beýleki tölegli bilim hyzmatlaryny etmäge hukugy bardyr.

51. Ýokary okuw mekdepleriniň şu Düzgünnamanyň kyrk sekizinji böleginde görkezilen tölegli işlerden alýan girdejileri olar tarapyndan tertipnamalaýyn maksatlary üçin ulanylýar.

Tölegli bilim hyzmatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän bilim işiniň deregine ýerine ýetirilmeýär. Bu kadanyň bozulmagy bilen gazanylan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna geçirilýär.

52. Ýokary okuw mekdeplerinde okuw ýyly 1-nji sentýabrdan başlanýar. Okuw ýyly iki ýarymýyllykdan ybarat bolup, olaryň hersi hünär taýýarlygynyň anyk ugrunyň okuw meýilnamasyna laýyklykda hasap-synag möwsümi bilen tamamlanýar.

53. Ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti:

1) bakalawr maksatnamasy - dört okuw ýylyny;

2) magistr maksatnamasy - bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli möhleti;

3) hünärmen maksatnamasy - bäş okuw ýylyndan alty okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar.

Okuwyň anyk möhleti taýýarlygyň degişli ugurlarynyň (hünärleriň) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary tarapyndan tassyklanýan okuw meýilnamalary bilen kesgitlenýär.

54. Okuw ýylynda talyplara iki gezek, jemi 40 günden az bolmadyk dowamlylykda dynç alyş berilýär. Dynç alşyň takyk möhleti we dowamlylygy, hünär taýýarlygynyň degişli ugrunyň aýratynlygyna baglylykda, okuw meýilnamasynda kesgitlenýär.

55. Ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň dilleri «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenýär.

56. Türkmen dili döwlet dili hökmünde, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidir. Bilim maksatnamalarynyň maksadyndan we okuw işiniň aýratynlygyndan ugur alnyp, ýokary okuw mekdeplerinde okuw meýilnamasyna laýyklykda, okatmagyň esasy dili hökmünde daşary ýurt dili (dilleri) ulanylyp bilner.

57. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýokary hünär biliminiň maksatnamalaryna hökmany ders hökmünde girizilýär.

58. Okatmagyň esasy dili degişli daşary ýurt dili (dilleri) bolan ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň döwlet dili bilim maksatnamasynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenilýän milli bölegine girýän okuw derslerini okatmakda ulanylýar.

59. Ýokary okuw mekdebine okuwa kabul edilen talyplar bilen okuw işini geçirmek üçin zerur bolan döwlet dilini ýa-da degişli daşary ýurt dilini bilşini ýeterlik derejede kämilleşdirmek maksady bilen, bir okuw ýylynyň dowamynda dil taýýarlygy boýunça okuwlar guralyp bilner. Şu okuwlaryň jemleri boýunça oňyn bahanyň alynmagy talyplara saýlap alan bilim maksatnamalary boýunça okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

60. Ýokary okuw mekdeplerinde okuw işi umumy okuw, amaly okuw, söhbet okuwy, tejribe okuwy, barlag işi, özbaşdak iş, okuw-barlag işleri, önümçilik-hünär öwreniş tejribeligi, ýyllyk işleri we taslamalary taýýarlamak, şeýle hem dereje (kwalifikasiýa), ýazuw işleri (diplom işi, diplom taslamasy) ýaly görnüşlerde amala aşyrylýar. Ýokary okuw mekdebi okuwlaryň beýleki görnüşlerini hem girizip biler.

6l. Ýokary okuw mekdebiniň okuw sapaklarynyň tertibi okaýanlaryň naharlanmagy üçin ýeterlik dowamlylykda arakesme wagtyny göz öňünde tutmalydyr. Okuw sapaklarynyň we arakesmeleriň takyk dowamlylygyny Türkmenistanyň Bilim ministrligi kesgitleýär.

62. Ýokary okuw mekdebinde naharlanmagy guramak üçin şertleri döretmek ýokary okuw mekdebiniň üstüne ýüklenýär. Ýokary okuw mekdebinde okaýanlaryň naharlanmagy üçin jaý göz öňünde tutulmalydyr.

63. Ýokary okuw mekdebinde okaýanlaryň lukmançylyk hyzmatyny saglygy goraýyş edaralary üpjün edýärler. Ýokary okuw mekdebi saglygy goraýyş işgärlerine olaryň işlemegi üçin degişli şertleri bolan otagy bermäge borçludyr.

64. Ýokary okuw mekdeplerinde talyplary terbiýelemegiň baş maksady ösüp gelýän ýaş nesilde durmuş ähmiýetli iň möhüm raýatlyk häsiýetlerini we olary adamyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine döredijilikli işde ýüze çykarmak ukyplaryny kemala getirmekden we ösdürmekden ybaratdyr.

65. Talyplary terbiýelemegiň esasy ugurlaryna aşakdakylar degişli edilýär:

1) ruhy-ahlak terbiýesi;

2) raýat-watançylyk terbiýesi;

3) harby-watançylyk terbiýesi;

4) durmuş terbiýesi;

5) medeni-taryhy terbiýe;

6) sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýesi.

66. Talyplaryň terbiýeçilik işleri amala aşyrylanda pedagogik işgärler aşakdakylara borçludyrlar:

1) terbiýeçilik işini ussatlyk derejesinde amala aşyrmaga;

2) talyplaryň arasynda hukuk bozulmalaryny duýdurmak boýunça öňüni alyş işlerini alyp barmaga;

3) talyplaryň ýol berýän düzgün bozmalary barada olaryň ata- enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara öz wagtynda habar bermäge;

4) talyplaryň, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň abraýyna we mertebesine hormat goýmaga;

5) talyplara ruhy, ahlak we estetik taýdan özüňi alyp barmakda we daşky keşbi bilen görelde bolmaga.

67. Talyplaryň terbiýeçilik işleri amala aşyrylanda pedagogik işgärleriň aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) öz hukuklaryny, kanuny bähbitlerini, abraýyny we mertebesini goramaga;

2) döredijilik başlangyçlaryna, terbiýelemegiň pedagogika taýdan esaslandyrylan görnüşlerini we usullaryny erkin saýlamaga.

68. Ýokary okuw mekdebi bilim maksatnamalarynyň özleşdiriliş hilini okaýanlaryň okuwa ýetişiginiň aralyk jemlemesini (aralyk synagyny) geçirmek, gyşky we tomusky hasap-synaglaryny hem-de jemleýji döwlet synaglaryny geçirmek ýoly bilen kesgitleýär.

69. Ýokary okuw mekdebi okuw işiniň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan işlenip düzülýän bahalar ulgamyny we okaýanlaryň synaglarynyň görnüşlerini peýdalanýar.

70. Bakalawr we magistr bilim maksatnamalary üçin ýokary hünär biliminde hasap birlikleriniň ulgamy (kredit ulgamy), hünärmen bilim maksatnamalary üçin sagatlaýyn ulgam ulanylýar, zerur bolan halatynda hasap birlikleriniň ulgamyna (kredit ulgamyna) geçirilýär.

71. Ýokary okuw mekdebinde jemleýji döwlet synaglary hökmany bolup, ol okuw meýilnamasy doly özleşdirilenden soň geçirilýär. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde jemleýji döwlet synagy hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan düzgünnama laýyklykda, ýokary okuw mekdebini tamamlaýanlaryň biliminiň jemleýji bahalandyrylyşy hökmünde Döwlet synag toparynyň netijesi ulanylýar.

72. Ýokary okuw mekdepleri jemleýji döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen uçurymlara degişli bilimi alandyklaryny kepillendirýän we möhür bilen tassyklanýan döwlet nusgasyndaky resminamalary, şeýle hem ýokary okuw mekdebini tamamlandygy barada döşe dakylýan nyşanlary berýär.

73. Pedagogik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna bilim hakynda resminamany bermek synag möhletini üstünlikli geçmek bilen şertlenýär, onuň dowamynda ýaş hünärmenler hünäre giriş maksatnamasyny geçýärler hem-de onuň çäklerinde tejribeli pedagogik işgärleriň hataryndan berkidilen halypalaryň kömegi bilen ilkibaşdaky (binýatlyk) taýýarlygy döwründe alan bilimlerini we endiklerini berkidýärler.

74. Ýokary hünär biliminiň maksatnamalary boýunça okuwy üstünlikli tamamlan uçurymlara aşakdaky degişli hünär derejeleri berilýär:

1) taýýarlygyň ugruny görkezmek bilen, bakalawr derejesi (bakalawr maksatnamasy);

2) taýýarlygyň ugruny görkezmek bilen, magistr derejesi (magistr maksatnamasy);

3) hünärini görkezmek bilen - hünärmen (hünärmen maksatnamasy).

75. Bilim hakynda resminamalaryň berilmegi üçin töleg alynmaýar.

76. Bilim hakynda resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde ýa-da Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen tertipde Türkmenistanyň döwlet dilinde we daşary ýurt dilinde resmileşdirilýär.

77. Bilimiň anyk derejesini tamamlamadyk, jemleýji döwlet synagyna gatnaşmadyk ýa-da jemleýji döwlet synagynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenlere ýokary okuw mekdebinde okandygy hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky kepilnama berilýär.

Jemleýji döwlet synaglaryna gatnaşmadyklar ýa-da jemleýji döwlet synaglarynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenler bir ýyldan az bolmadyk möhletden soňra jemleýji döwlet synaglaryny gaýtadan tabşyrmaga haklydyrlar.

78. Ýokary okuw mekdebiniň uçurymyna we ýokary okuw mekdebini tamamlaman okuwdan çykýan talyba onuň şahsy bukjasyndan okuwa kabul edilende tabşyran bilimi hakyndaky resminamasy gaýtarylyp berilýär. Resminamanyň tassyklanan göçürmesi we beýleki resminamalar (okuwa kabul edilendigi, okuwy gutarandygy ýa-da okuwdan çykarylandygy baradaky buýruklardan göçürme, hasap-synag depderçesi, talyp şahadatnamasy we beýlekiler) şahsy bukjada saklanmak üçin galdyrylýar.

 IV bap. Ýokary okuw mekdebiniň ylym işi

79. Ylmy-pedagogik işgärleriň, okaýanlaryň ylmy barlaglarynyň we döredijilik işiniň kömegi bilen, ylmy ösdürmek, ýokary hünär derejeli ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamak ýokary okuw mekdebiniň esasy wezipesine girýär.

80. Ýokary okuw mekdeplerinde aşakdakylar döredilip bilner:

1) «Ylmy edaralar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ylmy işiň we düýpli hem-de amaly barlaglaryň ugry boýunça ylmy guramalar;

2) «Innowasiýa işi hakyndaky» we «Ylmy-tehnologiýa parklary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, innowasiýa işini goldamak we hyzmat etmek maksady bilen, innowasiýa infrastrukturalarynyň subýektleri;

3) ýurduň ylmy kuwwatyny kemala getirmek we ösdürmek maksady bilen, ylmy we ylmy-pedagogik mekdepler;

4) ylmy, pedagogik, lukmançylyk, medeniýet, önümçilik we beýleki edaralaryň binýadyndaky kafedralar, beýleki okuw düzüm gurluşlary.

Agzalan düzüm gurluşlarynyň işi esasy ylmy we pedagogik işgärleriň ýolbaşçylygynda talyplary, ýaş alymlary we mugallymlary ylmy-barlag işlerine we önümçiligiň innowasiýa usullaryny tejribede özleşdirmäge çekmek arkaly ýokary bilimli işgärleriň taýýarlanylyşynyň hilini üpjün etmäge gönükdirilýär.

81. Ýokary okuw mekdebiniň geçirýän ylmy barlaglary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýa-da degişli ministrlik, pudaklaýyn dolandyryş edarasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.

82. Ýokary okuw mekdebiniň ylmy ýa-da ylmy-tehniki işi ýörite grantlaryň (serişdeleriň) hasabyna hem amala aşyrylyp bilner.

 V bap. Ýokary okuw mekdebini dolandyrmak

 83. Ýokary okuw mekdebi bilim işinde özbaşdakdyr we her bir alyp barýan işi üçin talybyň, döwletiň we jemgyýetiň öňünde jogapkärdir.

84. Ýokary okuw mekdebini dolandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şu Düzgünnama we ýokary okuw mekdebiniň tertipnamasy esasynda amala aşyrylýar.

85. Ýokary okuw mekdebi raýaty kabul edende ony we (ýa-da) onuň ata-enesini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary bilim edarasynyň tertipnamasy, bilim işini alyp barmaga we degişli bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resminamany bermäge hukuk berýän rugsat beriji resminamalar, bu bilim edarasy tarapyndan durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary we bilim işini guramagy düzgünleşdirýän beýleki resminamalar bilen tanyşdyrmaga, şol sanda bilim edarasynyň Internet torundaky resmi saýtynyň üsti bilen tanyşdyrmaga borçludyr.

86. Ýokary okuw mekdebini dolandyrmak gönüden-göni rektor tarapyndan amala aşyrylýar.

Ýokary okuw mekdebiniň rektory we prorektorlary ussat, abraýly işgärlerden, adatça, degişli ugurdan alymlyk derejesi ýa-da alymlyk ady bolan professor-mugallymlardan teklip edilýär we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýär hem-de wezipeden boşadylýar.

Rektor Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýokary okuw mekdebiniň işgärleriniň wezipe borçlaryny kesgitleýär.

87. Ýokary okuw mekdebini köpçülikleýin dolandyryş (kollegial) gurama - Alymlar geňeşi tarapyndan amala aşyrylýar. Alymlar geňeşi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylalaşmagy esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan birkysmy düzgünnama laýyklykda hereket edýär.

Alymlar geňeşiniň agzalary 5 ýyla çenli ygtyýarlylyk möhleti bilen saýlanylýar we ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.

Alymlar geňeşiniň agzasy işden çykan ýagdaýynda ol geňeşiň düzüminden çykarylýar (zerurlyk bolan halatynda alymlyk derejeleri we alymlyk atlary bolan agzalar geňeşiň düzüminde galdyrylyp bilner).

88. Fakultete dekan ýolbaşçylyk edýär. Ol ýokary okuw mekdebiniň ussat, abraýly işgärlerinden, adatça, degişli ugurdan alymlyk derejesi ýa-da alymlyk ady bolan professor-mugallymlar düzüminden saýlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen bellenen tertipde ylalaşylyp, ýokary okuw mekdebiniň rektory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde şol edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanýar.

89. Kafedranyň işine ýolbaşçylygy kafedranyň müdiri amala aşyrýar. Ol ýokary okuw mekdebiniň ussat, abraýly işgärlerinden adatça, şol ugurdan alymlyk derejesi ýa-da alymlyk ady bolan professor-mugallymlar düzüminden saýlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen bellenen tertipde ylalaşylyp, ýokary okuw mekdebiniň rektory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde şol edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanýar.

 VI bap. Ýokary okuw mekdebinde okamak we işlemek

 90. Ýokary okuw mekdebinde okaýanlara talyplar, aspirantlar, diňleýjiler we beýlekiler degişlidir.

Bellenen tertipde ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň buýrugy bilen ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalary boýunça okuwa kabul edilen adam talyp, ýokary okuw mekdebinden soňky bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okuwa kabul edilen adam aspirant, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň bilim maksatnamalary boýunça okuwa kabul edilen adam diňleýji hasaplanylýar.

Talyba talyp şahadatnamasy we hasap-synag depderçesi berilýär.

Talyp ýokary okuw mekdebiniň bilim maksatnamasyna laýyklykda, saýlan käri (hünäri, taýýarlygyň ugry) boýunça ýokary hünär bilimini alýar.

Talybyň hukuklary, borçlary we durmuş taýdan goldanylmagy «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny, şu Düzgünnama hem-de ýokary okuw mekdepleriniň tertipnamasy bilen kesgitlenýär.

91. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna okuwa kabul edilen talyplar talyp haklary, şol sanda jemgyýetçilik birleşikleri we haýyr-sahawat guramalary tarapyndan bellenilýän talyp haklary bilen üpjün edilýär.

92. Ýokary okuw mekdeplerinde okamagyň gündizki görnüşinde okaýan ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň eklenji we okuwy olaryň ýaşy 24-e ýetýänçä doly döwlet üpjünçiligi esasynda amala aşyrylýar.

93. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamada bellenilen şertlere laýyklykda, sebäpli (akademiki) rugsat almaga, ýokary okuw mekdebiniň içinde, şeýle hem beýleki bir ýokary okuw mekdebine başga bir hünäre (taýýarlygyň ugruna) geçmäge, ozal talyplaryň hataryndan çykarylanlaryň talyplyga dikeldilmäge hukugy bardyr.

94. Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen tertipde umumy ýaşaýyş jaýlaryndan ýaşaýyş ýerleri bilen üpjün edilýär.

Hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan, 45 (kyrk bäş) senenama gününden köp möhlete başga ýere bilim edaralarynda okamak maksat bilen wagtlaýyn giden, bilim edaralarynda okaýan raýatlaryň bellige alynmagy olaryň bilim edarasyna kabul edilendigi barada degişli buýrugyň çykarylan senesinden 5 (bäş) iş gününiň dowamynda şol edaralaryň ygtyýarly wekiliniň häkimlige ýüz tutmagy arkaly amala aşyrylýar. Talyplar okuw möhletiniň tamamlanýan wagtyna çenli bellige alynýarlar.

95. Ýokary okuw mekdebinde professor-mugallymlar düzümi, ylmy işgärler, ylmy-pedagogik işgärler, inžener-tehniki, dolandyryş-hojalyk, önümçilik, okuw-kömekçi we beýleki işgärleriň wezipeleri göz öňünde tutulýar.

Professor-mugallymlar düzümine fakultetiň dekany, kafedra müdiri, professor, dosent, uly mugallym, mugallym, mugallym-öwreniji we assistent degişlidir.

96. Pedagogik işgärler işe kabul edilende deslapky, şeýle hem işleýän döwründe iş berijiniň serişdeleriniň hasabyna döwürleýin we nobatdan daşary lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge borçludyrlar.

97. Ýokary okuw mekdepleriniň alymlyk derejeleri we (ýa-da) alymlyk atlary bolan mugallymlary ylmy-pedagogik işgärler hökmünde hem kesgitlenýärler. Ýokary okuw mekdebiniň ylmy-pedagogik işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hukuklardan peýdalanýarlar hem-de borçlaryny ýerine ýetirýärler.

98. Ýokary okuw mekdeplerinde hünär biliminiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin, pedagogik işgärleriniň hünäriniň aşakdaky iň pes derejeleri bellenýär:

mugallym-pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebi (fakulteti) tarapyndan berlen taýýarlygyň degişli ugry (hünäri) boýunça magistriň diplomy ýa-da hünärmeniň diplomy. Eger diplom pedagogik hünär derejesini göz öňünde tutmaýan bolsa, onuň eýesi pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebinde (fakultetinde) goşmaça pedagogik taýýarlygy okuwyny geçýär.

99. Ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş-hojalyk, inžener-tehniki, önümçilik, okuw-kömekçi we beýleki işgärleriniň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, ýokary okuw mekdebiniň tertipnamasy, içerki düzgün-tertip kadalary we wezipe borçlary bilen kesgitlenýär.

100. Ýokary okuw mekdebinde zähmet we durmuş-ykdysady gatnaşyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 VII bap. Ylmy-pedagogik we ylmy işgärleri taýýarlamak hem-de ylmy-pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak

101. Ylmy-pedagogik we ylmy işgärleri taýýarlamak ýokary okuw mekdeplerinde ýa-da ylmy edaralarda döredilýän aspiranturada, ordinaturada we doktoranturada, şeýle hem alymlyk derejesine dalaşgärlik arkaly amala aşyrylýar.

102. Internaturanyň we (ýa-da) kliniki ordinaturanyň maksatnamalary boýunça ýokary hünär derejeli lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamak babatda ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi lukmançylyk ýa-da farmasewtika işlerini amala aşyrýan bilim edaralarynda we ylmy edaralarda, düzüminde lukmançylyk ugurly bilim edaralarynyň we ylmy edaralaryň düzüm gurluşlary bolan lukmançylyk edaralarynda, şeýle hem derman serişdeleriniň önümçiligini, lukmançylyk önümlerini öndürmegi we saklamagy amala aşyrýan guramalarda, dermanhanalarda we Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny goramak babatda işleri amala aşyrýan beýleki guramalarda alnyp bilner.

Internatura we (ýa-da) kliniki ordinatura maksatnamasyny geçmek lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdebiniň býujet esasynda okan uçurymlary üçin - Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, tölegli esasda okan uçurymlary üçin - hususy serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

103. Ylmy derejeleri almak dalaşgärleriň hünär öwreniş, kämilleşdiriş tejribesini şu Düzgünnamanyň bir ýüz birinji böleginde görkezilen edaralarda geçmegini guramak we olary şol edaralara berkitmek hem-de doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin mugallymlary ylmy işgär wezipesine geçirmek hem-de dissertasiýany jemlemek üçin döredijilik rugsadyny bermek ýaly görnüşlerde geçirilýär.

104. Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi ýokary hünär biliminiň (magistriň diplomy, hünärmeniň diplomy) binýadynda amala aşyrylýar.

105. Ýokary okuw mekdebi aspirantura we doktorantura kabul etmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar.

106. Aspirantlaryň, doktorantlaryň we alymlyk derejesine dalaşgärleriň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenýär.

107. Ýokary okuw mekdepleriniň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem şertnamalaýyn esasda, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi babatda degişli ygtyýarnamasynyň bar bolan ýagdaýynda, ähli kysymdaky bilim edaralarynda, ylmy edaralarda we önümçilikde, beýleki guramalarda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hem-de olary gaýtadan taýýarlamagyň maksatnamalarynyň talaplary bilen kesgitlenýän okatmagyň görnüşinde amala aşyrylyp bilner. Şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän hünär taýýarlygy, dissertasiýa taýýarlamagy we goramagy, seminar-maslahatlara gatnaşmagy we hünär derejesini ýokarlandyrmagyň beýleki görnüşleri arkaly geçirilýär.

108. Ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-pedagogik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär, şeýle hem ol ýokary okuw mekdepleri, ylmy edaralar we guramalar bilen şertnama esasynda fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilip bilner.

 VIII bap. Ýokary okuw mekdebiniň maliýeleşdirilişi

 109. Ýokary okuw mekdepleriniň maliýeleşdirilişi bilim maksatnamalarynyň mazmunyny, okatmagyň tehnologiýalaryny, okatmagyň görnüşlerini, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlaryň bilim almagynyň ýörite şertlerini, okatmagyň we terbiýelemegiň howpsuz şertlerini üpjün etmegi, talyplaryň ömrüni we saglygyny goramagy hasaba almak bilen, olarda okaýanlaryň birine düşýän hasaba görä düzülen, ýokary okuw mekdebiniň görnüşine laýyklykda, maliýeleşdiriş kadalyk ölçegleri esasynda amala aşyrylýar.

110. Ýokary okuw mekdepleriniň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;

2) raýatlaryň hususy serişdeleri;

3) hojalyk hasaplaşygy esasynda hereket edýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri;

4) ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri;

5) az ilatly, barmasy kyn we uzakdaky ilatly ýerlerde ýaşaýan raýatlardan maksatlaýyn taýýarlamak üçin hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri.

111. Ýokary okuw mekdepleriniň öz işlerini amala aşyrmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, bilim edarasynyň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tölegli goşmaça bilim we beýleki hyzmatlary etmek, bilim maksatnamalary boýunça okuwa tölegli esasda kabul etmek arkaly, şeýle hem Türkmenistanyň we (ýa-da) daşary ýurt döwletleriniň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslarynyň meýletin haýyr-sahawatlarynyň we maksatlaýyn gatançlarynyň hasabyna serişdeleri çekmäge hukugy bardyr.

Ýokary okuw mekdebi tarapyndan goşmaça serişdeleriň çekilmegi esaslandyryjy tarapyndan maliýeleşdirmegiň kadalyk ölçegleriniň azalmagyna getirmeýär.

112. Ýokary okuw mekdepleriniň maddy binýady ýerden, binalardan, desgalardan, enjamlardan, ulag serişdelerinden, okatmak, terbiýelemek we bilim ulgamynyň beýleki meselelerini çözmek üçin ulanylýan sarp ediş, ýaşaýyş-durmuş, medeni we beýleki maksatly emläklerden ybaratdyr.

113. Ýokary okuw mekdebinde okaýan raýatlara Türkmenistanda bilim karzlary arkaly döwlet goldawy berilýär.

Ýokary okuw mekdebi bar bolan býujetden daşary serişdeleriň çäklerinde mätäçlik çekýän talyplara durmuş goldawyny özbaşdak berip biler.

114. Ýokary okuw mekdebine berkidilen döwlet emlägi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kärendesine berlip bilner.

Kärende tölegi hökmünde alnan serişdeler ýokary okuw mekdepleriniň bilim, ylym işini üpjün etmek we ösdürmek üçin ulanylýar.

115. Ýokary okuw mekdepleriniň dessin dolandyryşyndaky ýa-da garamagyndaky okuw, önümçilik, ýaşaýyş-durmuş, medeni maksatly binalardaky önümçilik we ýaşaýyş-durmuş infrastrukturalarynyň desgalary we umumy ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem lukmançylyk bilim edaralarynyň kliniki binýatlary hususylaşdyrylmaga (döwlet eýeçiliginden aýrylmaga) degişli däldir.

116. Ýokary okuw mekdebiniň maddy binýadynyň kemelmegine ýa-da onuň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirýän bilkastlaýyn hereketler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

117. Ýokary okuw mekdepleri býujet serişdelerini we beýleki maliýeleşdiriş çeşmelerinden gelýän serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sarp edýärler.

118. Ýokary okuw mekdepleri statistik we buhgalteriýa hasabatyny bellenen tertipde alyp barýarlar.

 IX bap. Ýokary okuw mekdebiniň halkara hyzmatdaşlygy

119. Ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, ýokary, ýokary okuw mekdebinden soňky, ylmy ýa-da ylmy-barlag, pedagogik we beýleki bilim işleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga hukugy bardyr.

120. Daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda, ýuridik şahslar, şeýle hem fiziki şahslar tarapyndan ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen göni baglaşylan şertnamalar boýunça amala aşyrylýar.

 X bap. Jemleýji düzgünler

 121. Ýokary okuw mekdepleri, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralar üçin işgärleri taýýarlamak boýunça bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän ähli görnüşlerdäki ýokary okuw mekdepleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.

122. Ýokary okuw mekdebi ýuridik şahsdyr, onuň aýrybaşgalanan emlägi, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhri, möhürçeleri, resmi blanklary, şeýle hem Türkmenistanyň banklarynda hasaplaşyk hasaplary bar.

 

Ýükle