6938
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2019-njy ýylyň 01-nji martynda
çykaran 1158-njy karary bilen
tassyklandy
Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakynda
DÜZGÜNNAMA
1. Şu Düzgünnama irki çagalyk döwründe, ýagny 1 ýaşdan 6 ýaşa çenli çagalary terbiýelemek we okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny goramak, berkitmek, şahsy başarnyklaryny ösdürmek üçin maşgala kömek hökmünde döredilýän döwlet mekdebe çenli çagalar edaralarynyň (mundan beýläk – mekdebe çenli çagalar edaralary) guralyşynyň we olaryň işiniň tertibini düzgünleşdirýär.
2. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim ulgamynyň ilkinji we esasy basgançagy bolan mekdebe çenli bilim maksatnamasy boýunça bilim bermek amala aşyrylýar.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilim degişli döwlet bilim standartlaryna esaslanýar.
3. Mekdebe çenli çagalar edaralary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Bilim hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şu Düzgünnamany we öz tertipnamasyny goldanýarlar.
4. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tertipnamalary şu Düzgünnama esasynda taýýarlanylýar.
5. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň esasy wezipeleri:
1) çagalara milli ruhda terbiýe we bilim bermek, olarda Türkmenistana, onuň halkyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur söýgini we wepalylyk duýgusyny kemala getirmek;
2) çagalarda akýüreklilik, adalatlylyk, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak, türkmen halkynyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi we tebigata aýawly garamak duýgularyny terbiýelemek;
3) çagalary başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamak;
4) çagalary terbiýelemekde hem-de olara bilim bermekde mekdebe çenli çagalar edaralary bilen maşgalanyň, umumybilim edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň sazlaşykly aragatnaşygyny üpjün etmek bolup durýar.
6. Mekdebe çenli çagalar edaralary öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda:
1) çagalaryň irki çagalyk döwründe terbiýelenmegi we bilim almagy, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, jan saglygynyň berkidilmegi üçin zerur şertleri döredýär;
2) çagalara terbiýe we bilim bermekde öňdebaryjy usullary we häzirki zaman serişdelerini, tehnologiýalaryny ulanyp, bilim-terbiýeçilik işini ýokary derejede guraýar;
3) umumadamzat gymmatlyklarynyň döremeginde we onuň goralyp saklanylmagynda türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň hem-de milli medeniýetiniň tutýan ornuny okuw maksatnamalarynda beýan edýär;
4) okuw meýilnamalaryna laýyklykda başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlaýar;
5) okuw meýilnamalaryna laýyklykda çagalara daşary ýurt dillerini öwretmek işini guraýar;
6) çagalaryň tebigy zehinini, ukyplaryny, şahsy başarnyklaryny ýüze cykarmak we ösdürmek boýunça dürli medeni-köpçülik, çeper-döredijilik we beden saglygyny berkitmek boýunça çäreleri yzygiderli guraýar;
7) öz wezipeleriniň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrýar.
7. Mekdebe çenli çagalar edaralary tabynlygyna baglylykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirliklerine, etrap, şäher bilim bölümlerine degişli bolup biler.
8. Mekdebe çenli çagalar edaralary aşakdaky görnüşlere bölünýär:
1) umumy görnüşli mekdebe çenli çagalar edaralary (çagalar bakjasy, çagalar bakja-bagy, çagalar bagy);
2) akyl we beden taýdan ösüşinde kemçilikleri bar bolan çagalar üçin bejeriş-dikeldiş (korrektirleýji) hem-de okuw-terbiýeçilik işleri utgaşdyrylyp alnyp barylýan ýörite mekdebe çenli çagalar edaralary;
3) garyşyk görnüşli (umumy görnüşli hem-de akyl we beden taýdan ösüşinde kemçilikleri bar bolan çagalar üçin bejeriş-dikeldiş (korrektirleýji) hem-de okuw-terbiýeçilik işleri utgaşdyrylyp alnyp barylýan ýörite toparlary bar bolan; dürli ýaşdaky çagalaryň garyşyk toparlary bar bolan) mekdebe çenli çagalar edaralary;
4) durmuş taýdan goldawa mätäç raýatlaryň çagalary üçin gije-gündiz hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralary (toparlary);
5) ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça okuw-terbiýeçilik işleri çuňlaşdyrylyp alnyp barylýan ýöriteleşdirilen mekdebe çenli çagalar edaralary;
6) mekdebe çenli çagalar edaralarynyň beýleki görnüşleri.
Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli, ýagny akyl we (ýa-da) beden taýdan ösüşinde kemçilikleri bar bolan mekdebe çenli ýaşly çagalara umumy görnüşli mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim (inklýuziw bilim) almak üçin şertler döredilýär. Umumy görnüşli mekdebe çenli çagalar edaralaryna baryp bilmeýän çagalaryň bilim almagy üçin ýörite mekdebe çenli çagalar edaralary döredilýär.
9. Tabynlygyna we görnüşine garamazdan, Türkmenistanda hereket edýän ähli görnüşli mekdebe çenli çagalar edaralarynda türkmen dili döwlet dili hökmünde okatmagyň hem-de terbiýelemegiň esasy dilidir.
10. Mekdebe çenli çagalar edaralary çagalara terbiýe we bilim bermegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, terbiýelemegi we okatmagy guramagyň hem-de onuň usullarynyň saýlanylyp alnan görnüşleriniň çagalaryň ýaş we psihologik aýratynlyklaryna, saglyk ýagdaýyna laýyk gelmeginiň üpjün edilmegi üçin döwletiň, ata-eneleriň we jemgyýetçiligiň öňünde jogapkärdir.
11. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň iş tertibi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, tabynlygyna baglylykda degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň çözgüdi bilen kesgitlenýär.
12. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalara fiziki güýç we psihiki zorluk usullaryny ulanmaga ýol berilmeýär.
13. Çagalary mekdebe çenli çagalar edarasynda terbiýelemek we olara bilim bermek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary tarapyndan tassyklanýan esasy okuw meýilnamasy hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan okuw maksatnamalary, meýilnamalary we gün tertibi esasynda amala aşyrylýar.
14. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary terbiýelemek ýylyň dowamynda üznüksiz alnyp barylýar.
Çagalar üçin okuw döwri şol ýylyň 1-nji sentýabrynda başlanýar we soňky ýylyň 25-nji maýynda tamamlanýar hem-de bu aralykda çagalar üçin güýz, gyş, ýaz dynç alşy guralýar.
15. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalaryň ýaş aýratynlyklary boýunça toparlary jemlemegiň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary ýaş aýratynlyklary boýunça (şol ýylyň dekabr aýynyň 31-ne çenli ýaşy dolýan çagalary) topardan-topara geçirmeklik her ýylyň tomus möwsüminde 25-nji awgustyna çenli amala aşyrylýar.
16. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda toparlaryň dolulygynyň çägi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, 1–3 ýaşly bakja toparlarynda 15-20 çaga, 3–6 ýaşly bag toparynda 20–25 çaga bolmalydyr.
17. Çagalaryň sanitariýa-gigiýena düzgünleriniň hem-de howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, saglygy goraýyş işgärleriniň, terbiýeçileriň we mugallymlaryň üstüne ýüklenýär.
18. Mekdebe çenli çagalar edaralaryna çagalary kabul etmegiň we ondan çykarmagyň, şeýle hem çagany bir çagalar edarasyndan beýleki çagalar edarasyna geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
19. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň tabynlygyna garamazdan, ýolbaşçylary, terbiýeçileri, mugallymlary bellenen tertipde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hünär synagyndan geçirilýär we olar üçin hünär kämilleşdiriş usuly okuwlary guralýar.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mugallymçylyk işgärleriniň (terbiýeçileriň, mugallymlaryň) hünär derejesini kesgitlemek, olary degişli zähmet hakyny bellemek üçin mugallymçylyk işgärleri azyndan 5 ýylda bir gezek hünär synagyndan geçirilýär.
Mugallymçylyk işgärlerleriniň hünär synagynyň wagty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
Beýleki işgärleriň hünär synagy Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň kadalaryna laýyklykda geçirilýär.
20. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň tabynlygyna garamazdan, onuň işine gözegçilik we usuly taýdan ýolbaşçylyk etmek Türkmenistanyň Bilim ministrligi, welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirlikleri, etrap, şäher bilim bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar.
21. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň dolandyrylyşy ýeke-täk ýolbaşçylyk we kärdeşler maslahaty ýörelgeleri boýunça amala aşyrylýar.
22. Mekdebe çenli çagalar edarasyna müdir ýolbaşçylyk edýär.
Welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirlikleriniň, etrap, şäher bilim bölümleriniň tabynlygyndaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşylyp, welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirlikleriniň ýolbaşçylary tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.
Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tabynlygyndaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, şol ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.
Müdir wezipesine bellenýän hünärmeniň ýokary mugallymçylyk biliminiň we azyndan 5 ýyl mugallymçylyk iş tejribesiniň (şol sanda 3 ýyly mekdebe çenli çagalar edarasynda) bolmagy hökmanydyr.
23. Müdir:
1) çagalaryň jan saglygynyň goralmagy, çagalaryň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn ösmegi, döwrebap terbiýe almagy, başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlygynyň hili üçin jogap berýär;
2) mekdebe çenli çagalar edarasynyň maşgala we umumybilim edarasy bilen aragatnaşygyny üpjün edýär;
3) okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini hem-de mekdebe çenli çagalar edarasynyň maliýe-hojalyk işleriniň kanunalaýyk alnyp barylmagyny guraýar;
4) mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hyzmat ediş işgärlerini işe kabul edýär we işden boşadýar;
5) hyzmat ediş işgärlerinden beýleki işgärleri işe kabul etmek we işden boşatmak barada tabynlygyna baglylykda, welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirliklerine, etrap, şäher bilim bölümlerine ýa-da ýokarda durýan edarasyna (kärhanasyna) hödürnama berýär.
24. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda kärdeşler maslahaty ýörelgesi boýunça ýolbaşçylyk mugallymlar geňeşiniň üsti bilen amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň mugallymlar geňeşiniň düzümine edaranyň ýolbaşçylary, terbiýeçiler, mugallymlar, lukmanlar, şepagat uýalary girýärler. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň müdiri mugallymlar geňeşiniň başlygy bolup durýar.
25. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hyzmat ediş işgärlerinden beýleki işgärleri degişli müdiriň hödürnamasy esasynda:
1) welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirlikleriniň, etrap, şäher bilim bölümleriniň tabynlygyndaky mekdebe çenli çagalar edaralaryna degişlilikde welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirlikleriniň, etrap, şäher bilim bölümleriniň ýolbaşçysy tarapyndan;
2) ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tabynlygyndaky mekdebe çenli çagalar edaralaryna şol ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan işe kabul edilýär we işden boşadylýar.
26. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýokary mugallymçylyk, terbiýeçileriniň we mugallymlarynyň bolsa, ýokary ýa-da orta hünär mugallymçylyk bilimi bolmalydyr.
27. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mugallymçylyk we beýleki işgärleri işe kabul edilende hem-de her alty aýdan bir gezek iş berijiniň serişdeleriniň hasabyna lukmançylyk barlagyndan geçmäge borçludyrlar.
28. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleri bilen iş berijiniň arasyndaky zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
29. Çagalaryň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenmegi üçin ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar tarapyndan tölenmeli tölegiň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär we ony hasaplamagyň, almagyň we töleglerden gelen serişdeleri sarp etmegiň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
30. Türkmenistanyň Döwlet býujetinden berilýän serişdeler, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň serişdeleri, mekdebe çenli çagalar edaralarynda çaganyň terbiýelenmegi üçin töleg, şeýle hem maliýeleşdirmegiň kanun bilen gadagan edilmedik beýleki çeşmeleri mekdebe çenli çagalar edarasynyň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup durýar.
31. Mekdebe çenli çagalar edaralaryny esaslandyryjylar olaryň maddy üpjünçiliginiň we maliýeleşdiriş derejesiniň kesgitlenen degişli döwlet maddy üpjünjilik we maliýeleşdiriş kadalaryndan pes bolmadyk derejede bolmagy üçin jogapkärdirler.
32. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň işi hakyndaky buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy welaýat, welaýat hukukly şäher baş bilim müdirlikleriniň, etrap, şäher bilim bölümleriniň hem-de ýokarda durýan edaranyň (kärhananyň) ýanyndaky merkezleşdirilen buhgalteriýalary tarapyndan alnyp barylýar.
33. Mekdebe çenli çagalar edaralary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan kanunçylyga laýyklykda döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.
Mekdebe çenli çagalar edarasy, onuň ýerleşjek binalary talap edilýän gurluşyk, arassaçylyk we enjamlaşdyrylyş kadalaryna laýyk gelen hem-de olarda terbiýelenmeli çagalaryň sany kyrk çagadan az bolmadyk ýagdaýynda döredilip bilner.
34. Mekdebe çenli çagalar edarasy ýuridik şahsdyr, onuň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhri bar.