img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda halkara ylalaşyklar Halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuknamalary Bilim hakyndaky resminamalarynyň döwlet nusgasynyň görnüşleri Türkmenistanyň döwlet bilim standartlary Тürkmenistanyň hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatorlary

Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakynda düzgünnama

3890

Türkmenistanyň Prezidentiniň
2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda
çykaran 2487-nji karary bilen
tassyklandy

 Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakynda

DÜZGÜNNAMA

 1. Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakyndaky Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) döwlet hünär-tehniki bilim edaralarynyň (mundan beýläk - hünär-tehniki okuw mekdepleri) işini düzgünleşdirýär.

2. Hünär-tehniki okuw mekdepleri öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şu Düzgünnamany we öz tertipnamasyny goldanýarlar.

3. Hünär-tehniki okuw mekdepleriniň esasy wezipeleri:

1) Türkmenistanyň bilim ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi iş ýüzünde üpjün etmek;

2) şahsyýetiň hünär bilimini almaga we ony çuňlaşdyrmaga, akyl we medeni taýdan ösmäge bolan islegini kanagatlandyrmak;

3) Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň degişli pudaklary üçin hünärli işgärleri (işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça) taýýarlamak;

4) jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamak, goramak hem-de baýlaşdyrmak;

5) okaýanlarda milli taryh, medeniýet, däp-dessurlar hem-de ileri tutulýan umumadamzat gymmatlyklary bilen özara berk baglanyşykly ýokary medeniýeti, şeýle hem döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň ýörelgelerine, türkmen halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylygy terbiýelemek bolup durýar.

4. Hünär-tehniki okuw mekdepleri öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin:

1) jemgyýete peýdaly işleriň ähli esasy ugurlary boýunça hünärli işgärleri (işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça) taýýarlaýar;

2) diňleýjilere belli bir çylşyrymly bolmadyk işi, işler toplumyny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan endikleri çaltlaşdyrylan görnüşde öwretmek boýunça alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) işini alyp barýar;

3) doly orta bilim derejesinde okuwçylaryň hünär-tehniki bilim derejesiniň çäklerinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) möhletde işçi hünärini almaklary üçin degişli işleri amala aşyrýar;

4) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamasyny durmuşa geçirýär;

5) degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleri (mundan beýläk - Edara) bilen bilelikde hünäre isleg bildirýän mekdep okuwçylarynyň, ýaşlaryň we uly ýaşly raýatlaryň arasynda hünäre ugrukdyryş işlerini geçirýär;

6) talyplaryň hünär-tehniki okuw mekdeplerinde okadylýan döwründe amaly işe taýýarlygyny üpjün edýär we sargyt boýunça okadylan uçurymlaryň işe ýerleşdirilmegine gözegçilik edýär;

7) ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny hil taýdan kämilleşdirmek baradaky teklipleri işläp taýýarlaýar;

8) ýaşlary terbiýelemegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirýär, sport, medeni çäreleri we diňleýjileri, talyplary okatmagyň, olaryň dynç almagynyň, ýaşaýşynyň şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen beýleki çäreleri geçirýär;

9) okuwlary ýokary hilli guramagyň we okatmagyň öňdebaryjy usullaryny we serişdelerini ulanýar, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýar, olary gaýtadan taýýarlaýar;

10) hojalyk hasaplaşygyny ösdürmek bilen, sarp edilýän harytlary öndürýär, okaýanlaryň okuwy önümçilik bilen utgaşykly alyp barmagyny üpjün edýär we olary işe ýerleşdirmek üçin şertleri döredýär;

11) önümçilik edaralarynda, kärhanalarynda işleýän raýatlaryň isleglerini nazara almak arkaly, önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen toparlaýyn ýa-da aýratynlykda okatmak görnüşinde okuwlary guraýar;

12) işgärleriň we talyplaryň zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek işini guraýar;

13) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrýar.

5. Hünär-tehniki bilim bilim işini «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna we işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýan, ugry bilim işi bolmadyk kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň okuw düzümlerinde, umumybilim edaralarynda, hünär-tehniki bilim edaralarynda (başlangyç hünär okuw mekdebi, liseý we beýleki görnüşli), orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şeýle hem degişli hünär derejesi we ygtyýarnamasy bolan hünärmenler tarapyndan şahsy tertipde taýýarlamak görnüşinde alnyp bilner.

6. Başlangyç hünär biliminiň bilim maksatnamasy boýunça okatmak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

7. Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hünär-tehniki okuw mekdeplerinde bilim almagy «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

8. Hünär-tehniki okuw mekdebine okuwa girýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmegiň möhletleri, giriş synaglarynyň guralyşynyň, hünär-tehniki okuw mekdebine seçip almagyň we kabul etmegiň tertibi hem-de beýleki şertler degişli Edara bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan degişli düzgünnama laýyklykda kesgitlenýär.

9. Giriş synaglarynyň geçirilýän we hünär-tehniki okuw mekdeplerine kabul edilýän döwründe degişli Edara tarapyndan okuwa kabul etmek boýunça iş topary döredilýär.

10. Hünär-tehniki okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek dalaşgärleriň arzasy boýunça giriş synaglarynyň netijelerine görä, bäsleşik esasynda amala aşyrylýar. Bäsleşigiň şertleri adamyň bilim almaga bolan hukuklarynyň döwlet kepillikleriniň berjaý edilmegini we adamlaryň arasyndan degişli hünär biliminiň maksatnamasyny özleşdirmäge has ukyply hem-de taýýarlykly bolanlarynyň kabul edilmegini üpjün etmelidir.

11. Şu aşakdakylar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda hünär-tehniki okuw mekdeplerine bäsleşiksiz kabul edilýär:

1) ýetim çagalar we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar;

2) maýyplygy bolan çagalar, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolan adamlar;

3) harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalary;

4) köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolan çagalar.

12. Şu aşakdakylar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda hünär-tehniki okuw mekdeplerine kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýarlar:

1) okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary;

2) taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri;

3) taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri;

4) III topar maýyplygy bolan adamlar;

5) çagyryş boýunça harby gullugy geçen adamlar;

6) saýlan işçi hünäri (gullukçylaryň wezipeleri) boýunça iki ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan adamlar.

13. Başlangyç hünär bilimi we hünär taýýarlygy hakyndaky resminama olaryň eýelerine hünär işi bilen meşgullanmaga hukuk berýär.

14. Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde talyplaryň lybasy we daşky görnüşiň beýleki görkezijileri hünär-tehniki okuw mekdebiniň tertipnamasy bilen bellenilýär.

15. Hünär-tehniki okuw mekdebinde okaýanlara zerur bolan okuw, zähmet we dynç alyş şertleriniň döredilmegi üçin hünär okuw mekdebiniň degişli wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna we hünär-tehniki okuw mekdebiň tertipnamasyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

16. Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde bilim işiniň guralyşy degişli Edara bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan, hünär-tehniki bilimi baradaky döwlet bilim standartlaryna esaslanýan hünärler boýunça okuw meýilnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy we okuw sapaklarynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär.

17. Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamagyň hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, olary gaýtadan taýýarlamagyň dowamlylygy okuw sagatlarynyň möçberi we okuw sapaklarynyň geçirilişiniň tertibiniň döwürleýinligi bilen kesgitlenýär.

18. Hünär-tehniki okuw mekdepleriniň okuw we önümçilik tejribeligi degişli kärhanalarda, edaralarda hem-de guramalarda geçirilýär.

19. Hünär-tehniki okuw mekdepleri bilim işini guranlarynda, bilim tehnologiýalaryny, şol sanda okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryna esaslanýan tehnologiýalary, elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanýarlar.

20. Elektron okuw arkaly bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmek aşakdakylara esaslanýar:

1) maglumatlar binýadynda saklanýan we bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende ulanylýan maglumata;

2) maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegini üpjün edýän maglumat tehnologiýalaryna we tehniki serişdelere;

3) görkezilen maglumatyň aragatnaşyk ýollary arkaly geçirilmegini hem-de okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň arasynda zerur bolan (talap edilýän) özara gatnaşyklary üpjün edýän maglumat-telekommunikasiýa ulgamlaryna.

Elektron okuw arkaly bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende, bilim edarasy okaýanlara, pedagogik işgärlere, okuw- kömekçi işgärlere we dolandyryş işgärlerine aşakdakylary öz içine alýan elektron okuw-usulyýet toplumynyň elýeterliligini üpjün edýär:

1) bilim maksatnamasynyň okuw meýilnamasyny;

2) okaýanyň özbaşdak okuw meýilnamasyny;

3) dersleriň (tapgyrlaryň, modullaryň, okuwlaryň) okuw maksatnamalaryny;

4) elektron görnüşde elýeterli bolan we dersiň (tapgyryň, modulyň, okuwyň) okuw maksatnamasyna laýyklykda, işleriň ähli görnüşlerini üpjün edýän bilim maglumatlarynyň toplumyny;

5) maglumatyň özleşdirilişiniň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin serişdeleri;

6) dersiň (tapgyryň, modulyň, okuwyň) okuw maksatnamasyny öwrenmek boýunça okaýanlara usuly maslahatlary.

21. Uzak aralykly bilim tehnologiýalary diýlip, uzak aralykdan okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryny üpjün edýän maglumat-telekommunikasiýa torlaryny ulanmak arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň we okuw işini guramagyň gurallaryna düşünilýär.

Uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp, bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we bilim işi guralanda, hünär-tehniki okuw mekdebi okaýanlara aşakdakylaryň elýeterliligini üpjün edýär:

1) elektron okuw-usulyýet toplumynyň;

2) maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň toplumynyň;

3) degişli tehnologik serişdeleriň.

22. Hünär-tehniki okuw mekdebinde elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okatmaga başlamak üçin, aşakdakylaryň bolmagy hökmany şertdir:

1) her bir bilim maksatnamasy boýunça okuw meýilnamalaryndaky dersleriň (tapgyrlaryň, modullaryň, okuwlaryň) okuw maksatnamalarynyň ählisi boýunça elektron okuw-usulyýet toplumlarynyň;

2) elektron kitaphananyň;

3) maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň;

4) maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň;

5) tehnologik serişdeleriň.

23. Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde okatmagyň gündizki (gündizki, önümçilikden aýrylmak şertinde) we gündizki-gaýybana (okuwyň iş wagtyndan başga wagtlarda okalmagy bilen, önümçilikden aýrylmazlyk şertinde) görnüşleri ulanylýar.

Okatmagyň gündizki-gaýybana görnüşi göz öňünde tutulmaýan işçi hünärleriniň, taýýarlygyň ugurlarynyň we hünärleriň sanawlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

24. Bir okuw ýylyndan bir ýarym okuw ýylyna çenli möhletli bilim maksatnamalary boýunça taýýarlygy amala aşyrylýan işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň sanawy Türkmenistanyň başlangyç hünär bilimi boýunça işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň Döwlet klassifikatory bilen ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

Alty okuw aýyna çenli möhletli bilim maksatnamalary boýunça taýýarlygy amala aşyrylýan işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň sanawy Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň hünär taýýarlygy boýunça işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň klassifikatory bilen kesgitlenilýär.

Hünär taýýarlygynyň bilim maksatnamasynyň sanawy çäklerinde umumybilim edaralary ýerleşýän degişli häkimlikler bilen ylalaşylýar.

25. Hünär-tehniki okuw mekdepleriniň degişli ygtyýarnamasy bolan ýagdaýynda ilata, kärhanalara, edaralara we guramalara beýleki tölegli bilim hyzmatlaryny etmäge hukugy bardyr.

26. Hünär-tehniki okuw mekdepleriniň tölegli işlerden alýan girdejileri olar tarapyndan tertipnamalaýyn maksatlary üçin ulanylýar.

Tölegli bilim hyzmatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän bilim işiniň deregine ýerine ýetirilmeýär. Bu kadanyň bozulmagy bilen gazanylan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna geçirilýär.

27. Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde okuw ýyly 1-nji sentýabrdan başlanýar. Okuw ýyly iki ýarymýyllykdan ybarat bolup, olaryň hersi hünäriň okuw meýilnamasyna laýyklykda, hasap-synag möwsümi bilen tamamlanýar.

Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça okuwlar aýratynlykda ýa-da toparlaryň ýygnanmagy bilen bagly ýylyň dowamynda dürli wagtlarda başlanyp bilner. Bu görnüşli gysga möhletli okuwlaryň okuw meýilnamalary ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýar.

28. Hünär-tehniki bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň möhleti degişli işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň çylşyrymlylyk derejesine, okuw sapaklarynyň geçirilişiniň yzygiderliligine (tertibine) baglylykda, bir okuw ýylyndan bir ýarym okuw ýylyna (başlangyç hünär bilimi) we alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) möhlete deňdir.

29. Okuw ýylynda okaýanlara 14 gün gyşky dynç alyş, eger okaýan hünäri 1,5 ýyl möhletli bolsa, goşmaça bir aý tomusky dynç alyş hem berilýär.

Dynç alşyň takyk möhleti we dowamlylygy, hünär taýýarlygynyň degişli ugrunyň aýratynlygyna baglylykda, okuw meýilnamasyna görä kesgitlenýär.

30. Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde okatmagyň dilleri «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenýär.

31. Türkmen dili döwlet dili hökmünde hünär-tehniki okuw mekdeplerinde okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidir. Bilim maksatnamalarynyň maksadyndan we okuw işiniň aýratynlygyndan ugur alnyp, hünär-tehniki okuw mekdeplerinde okatmagyň esasy dili hökmünde daşary ýurt dili (dilleri) ulanylyp bilner.

32. Daşary ýurt dillerini öwrenmek hünär-tehniki bilimiň maksatnamalaryna hökmany ders hökmünde girizilýär.

33. Hünär-tehniki okuw mekdebiniň okuw sapaklarynyň tertibi okaýanlaryň naharlanmagy üçin ýeterlik dowamlylykda arakesme wagtyny göz öňünde tutmalydyr. Okuw sapaklarynyň we arakesmeleriň takyk dowamlylygyny Türkmenistanyň Bilim ministrligi kesgitleýär.

Hünär-tehniki okuw mekdebinde naharlanmagy guramak üçin şertleri döretmek hünär-tehniki okuw mekdebiniň üstüne ýüklenýär. Hünär-tehniki okuw mekdebinde okaýanlaryň naharlanmagy üçin jaý göz öňünde tutulmalydyr.

34. Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde okaýanlaryň lukmançylyk hyzmatyny saglygy goraýyş edaralary üpjün edýärler. Hünär-tehniki okuw mekdebi saglygy goraýyş işgärlerine olaryň işlemegi üçin degişli şertleri bolan otagy bermäge borçludyr.

35. Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde terbiýeçilik işleri bu babatda göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär.

36. Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde talyplary terbiýelemegiň baş maksady ösüp gelýän ýaş nesilde durmuş ähmiýetli iň möhüm raýatlyk häsiýetlerini we olary adamyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine döredijilikli işde ýüze çykarmak ukyplaryny kemala getirmekden we ösdürmekden ybaratdyr.

37. Talyplary terbiýelemegiň esasy ugurlaryna aşakdakylar degişli edilýär:

1) ruhy-ahlak terbiýesi;

2) raýat-watançylyk terbiýesi;

3) harby-watançylyk terbiýesi;

4) durmuş terbiýesi;

5) medeni-taryhy terbiýe;

6) sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýesi.

38. Talyplaryň terbiýeçilik işleri amala aşyrylanda pedagogik işgärler aşakdakylara borçludyrlar:

1) terbiýeçilik işini ussatlyk derejesinde amala aşyrmaga;

2) talyplaryň arasynda hukuk bozulmalaryny duýdurmak boýunça öňüni alyş işlerini alyp barmaga;

3) talyplaryň ýol berýän düzgün bozmalary barada olaryň ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara öz wagtynda habar bermäge;

4) talyplaryň, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň abraýyna we mertebesine hormat goýmaga;

5) talyplara ruhy, ahlak we estetik taýdan özüňi alyp barmakda we daşky keşbi bilen görelde bolmaga.

39. Talyplaryň terbiýeçilik işleri amala aşyrylanda pedagogik işgärleriň aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) öz hukuklaryny, kanuny bähbitlerini, abraýyny we mertebesini goramaga;

2) döredijilik başlangyçlaryna, terbiýelemegiň pedagogika taýdan esaslandyrylan görnüşlerini we usullaryny erkin saýlamaga.

40. Hünär-tehniki okuw mekdepleri bilim maksatnamalarynyň özleşdiriliş hilini okaýanlaryň okuwa ýetişiginiň aralyk jemlemesini geçirmek, gyşky we tomusky hasap-synaglary hem-de jemleýji döwlet synaglaryny geçirmek ýoly bilen kesgitleýär.

41. Hünär-tehniki okuw mekdebi okuw işiniň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan işlenip düzülýän bahalar ulgamyny we okaýanlaryň synaglarynyň görnüşlerini peýdalanýar.

42. Hünär-tehniki okuw mekdebinde jemleýji döwlet synaglary hökmany bolup, ol okuw meýilnamasy doly özleşdirilenden soň geçirilýär. Türkmenistanyň hünär-tehniki okuw mekdeplerinde jemleýji döwlet synagy hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan düzgünnama laýyklykda, hünär-tehniki okuw mekdebini tamamlaýanlaryň biliminiň jemleýji bahalandyrylyşy hökmünde Döwlet synag toparynyň netijesi ulanylýar.

43. Hünär-tehniki okuw mekdepleri degişli hünär bilimi maksatnamalaryny üstünlikli tamamlan uçurymlara degişli hünär bilimi alandyklaryny kepillendirýän we möhür bilen tassyklanýan döwlet nusgasyndaky şu resminamalary berýärler:

1) başlangyç hünär bilimi hakynda diplom (okuwyň möhleti bir okuw ýylyndan bir ýarym okuw ýylyna çenli);

2) hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama (okuwyň möhleti alty okuw aýyna çenli).

44. Bilim hakynda resminamalaryň berilmegi üçin töleg alynmaýar.

45. Bilim hakynda resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde ýa-da Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen tertipde Türkmenistanyň döwlet dilinde we daşary ýurt dilinde resmileşdirilýär.

46. Bilimiň anyk derejesini tamamlamadyk, jemleýji döwlet synagyna gatnaşmadyk ýa-da jemleýji döwlet synagynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenlere hünär-tehniki okuw mekdebinde okandygy hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky kepilnama berilýär.

Jemleýji döwlet synaglaryna gatnaşmadyklar ýa-da jemleýji döwlet synaglarynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenler bir ýyldan az bolmadyk möhletden soňra jemleýji döwlet synaglaryny gaýtadan tabşyrmaga haklydyrlar.

47. Hünär-tehniki okuw mekdebiniň uçurymyna we hünär- tehniki okuw mekdebini tamamlaman okuwdan çykýanlara onuň şahsy bukjasyndan okuwa kabul edilende tabşyran bilimi hakyndaky resminamasy gaýtarylyp berilýär. Resminamanyň tassyklanan göçürmesi we beýleki resminamalar (okuwa kabul edilendigi, okuwy gutarandygy ýa-da okuwdan çykarylandygy baradaky buýruklardan göçürme, hasap-synag depderçesi, talyp şahadatnamasy we beýlekiler) şahsy bukjada saklanmak üçin galdyrylýar.

48. Hünär-tehniki okuw mekdebini dolandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şu Düzgünnama we hünär-tehniki okuw mekdebiniň tertipnamasy esasynda amala aşyrylýar.

49. Hünär-tehniki okuw mekdebi raýaty kabul edende ony we (ýa-da) onuň ata-enesini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary bilim edarasynyň tertipnamasy, bilim işini alyp barmaga we degişli bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resminamany bermäge hukuk berýän rugsat beriji resminamalar, bu bilim edarasy tarapyndan durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary we bilim işini guramagy düzgünleşdirýän beýleki resminamalar bilen tanyşdyrmaga, şol sanda bilim edarasynyň Internet torundaky resmi saýtynyň üsti bilen tanyşdyrmaga borçludyr.

50. Hünär-tehniki okuw mekdepleriniň dolandyrylyşy Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasynda olaryň tertipnamalaryna laýyklykda, ýeke-täk ýolbaşçylyk we köpçülikleýin dolandyryş ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýar.

Hünär-tehniki okuw mekdebini gönüden-göni dolandyrmagy onuň direktory amala aşyrýar.

51. Hünär-tehniki okuw mekdebiniň direktory ussat, abraýly işgärlerden teklip edilýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, degişli Edaranyň ýolbaşçylary tarapyndan wezipä bellenýär hem-de wezipeden boşadylýar.

Direktor Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hünär-tehniki okuw mekdebiniň işgärleriniň wezipe borçlaryny kesgitleýär.

52. Hünär tehniki okuw mekdebiniň direktory okuw işiniň hili, ýaşlaryň döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň ýörelgelerine, türkmen halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hormat goýmak hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelenmegi üçin jogapkärçilik çekýär.

53. Hünär-tehniki okuw mekdepleriniň gurluş birlikleriniň ýolbaşçylary degişli Edara bilen ylalaşylyp, hünär-tehniki okuw mekdepleriniň direktorlary tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň hünär-tehniki okuw mekdepleriniň gurluş birlikleriniň ýolbaşçylary, şol edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.

54. Hünär-tehniki okuw mekdebinde okaýanlara talyplar, diňleýjiler degişlidir.

55. Bellenen tertipde hünär-tehniki okuw mekdebiniň direktorynyň buýrugy bilen başlangyç hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul edilen adam talyp, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň bilim maksatnamalary boýunça okuwa kabul edilen adam diňleýji hasaplanylýar.

Talyba talyp şahadatnamasy we hasap-synag depderçesi berilýär.

56. Talyp we diňleýji hünär-tehniki okuw mekdebiniň bilim maksatnamasyna laýyklykda, saýlan hünäri boýunça başlangyç hünär bilimini we hünär taýýarlygyny alýar.

Talybyň, diňleýjiniň hukuklary, borçlary we durmuş taýdan goldanylmagy «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny, şu Düzgünnama hem-de hünär-tehniki okuw mekdebiniň tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

57. Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde okaýan ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň eklenji we okuwy doly döwlet üpjünçiligi esasynda amala aşyrylýar.

58. Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde okaýanlar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde, umumy ýaşaýyş jaýlaryndan ýaşaýyş ýerleri bilen üpjün edilýär.

Hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan, 45 (kyrk bäş) senenama gününden köp möhlete başga ýere bilim edaralarynda okamak maksat bilen, wagtlaýyn giden, bilim edaralarynda okaýan raýatlaryň bellige alynmagy olaryň bilim edarasyna kabul edilendigi barada degişli buýrugyň çykarylan senesinden 5 (bäş) iş gününiň dowamynda şol edaralaryň ygtyýarly wekiliniň häkimlige ýüz tutmagy arkaly amala aşyrylýar. Talyplar okuw möhletiniň tamamlanýan wagtyna çenli bellige alynýarlar.

59. Pedagogik işgärler işe kabul edilende deslapky, şeýle hem işleýän döwründe iş berijiniň serişdeleriniň hasabyna döwürleýin we nobatdan daşary lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge borçludyrlar.

60. Hünär-tehniki bilimiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin pedagogik işgärleriň hünär derejesiniň aşakdaky iň pes derejesi bellenilýär:

Hünär dersleri mugallymy - pedagogik ugurly ýokary okuw mekdebinde (fakultetinde) goşmaça pedagogik taýýarlygy boýunça okuwy geçmek şerti bilen, degişli hünäri boýunça orta hünär bilimi hakynda diplom.

61. Hünär-tehniki okuw mekdepleri işgärleri taýýarlamagyň hilini kämilleşdirmäge, mugallymlaryň ussatlygyny ýokarlandyrmaga, okuwy ylmy taýdan guramaga gönükdirilen okuw-usulyýet işlerini geçirýärler.

62. Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak işleri Edaranyň ýa-da onuň garamagyndaky edaralaryň, kärhanalaryň, şeýle hem raýatlaryň öz maliýe serişdeleriniň hasabyna şertnamalaýyn esasda amala aşyrylyp bilner.

63. Hünär-tehniki okuw mekdepleri talyplarda milli taryhyň, medeniýetiň we däp-dessurlaryň esaslaryna ýugrulan düýpli ahlak ýörelgelerini hem-de umumy medeniýeti, şeýle hem sagdyn durmuş endiklerini terbiýelemek boýunça zerur şertleri döredýärler.

64. Hünär-tehniki okuw mekdepleri bilen işgäriň arasyndaky zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy esasynda düzgünleşdirilýär.

65. Hünär-tehniki bilimiň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän hünär-tehniki okuw mekdepleriniň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1) hojalyk hasaplaşygy esasynda hereket edýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri;

2) ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň kärhanalarynyň we guramalarynyň serişdeleri;

3) hünär-tehniki bilimiň degişli bilim maksatnamasy boýunça okuwy özbaşdak geçmek isleýän raýatlaryň hususy serişdeleri;

4) umumybilim edaralarynyň okuwçylaryny hünär taýýarlygynyň bilim maksatnamalary boýunça okatmak üçin - Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri.

66. Hünär-tehniki okuw mekdepleriniň öz işlerini amala aşyrmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, bilim edarasynyň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tölegli goşmaça bilim we beýleki hyzmatlary etmek, bilim maksatnamalary boýunça okuwa tölegli esasda kabul etmek arkaly, şeýle hem Türkmenistanyň we (ýa-da) daşary ýurt döwletleriniň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslarynyň meýletin haýyr-sahawatlarynyň we maksatlaýyn gatançlarynyň hasabyna serişdeleri çekmäge hukugy bardyr.

Hünär-tehniki okuw mekdebi tarapyndan goşmaça serişdeleriň çekilmegi esaslandyryjy tarapyndan maliýeleşdirmegiň kadalyk ölçegleriniň azalmagyna getirmeýär.

67. Hünär-tehniki okuw mekdebiniň maddy binýadyny ýer, binalar, desgalar, enjamlar, ulag serişdeleri, şeýle hem okatmak, terbiýelemek we bilim babatda beýleki meseleleri çözmek üçin ulanylýan sarp ediş, ýaşaýyş-durmuş, medeni we beýleki maksatly emläkler düzýär.

Hünär-tehniki okuw mekdebiniň maddy binýady eýeçiligiň görnüşine baglylykda, onuň eýeçiligine degişli ýa-da oňa hojalygy ýörediş ýa-da dessin dolandyryş hukugy esasynda berkidilen, kärende ýa-da beýleki şertlerde ulanylýan hökmünde bolup biler.

68. Hünär-tehniki okuw mekdepleri bar bolan býujetden daşary serişdeleriň çäklerinde mätäçlik çekýän okaýanlara durmuş goldawyny özbaşdak berip bilerler.

69. Hünär-tehniki okuw mekdebinde okaýan raýatlara Türkmenistanda bilim karzlary arkaly döwlet goldawy berilýär.

70. Hünär-tehniki okuw mekdebine berkidilen döwlet emlägi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kärendesine berlip bilner.

Kärende tölegi hökmünde alnan serişdeler hünär-tehniki okuw mekdebiniň bilim işini üpjün etmek we ösdürmek üçin ulanylýar.

71. Hünär-tehniki okuw mekdebiniň dessin dolandyryşyndaky ýa-da garamagyndaky okuw, önümçilik, ýaşaýyş-durmuş, medeni maksatly binalardaky önümçilik we ýaşaýyş-durmuş infrastrukturalarynyň desgalary we umumy ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylmaga (döwlet eýeçiliginden aýrylmaga) degişli däldir.

72. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri okuwçylaryň hünär taýýarlygynyň bilim maksatnamalary boýunça bilim almaklary üçin guramaçylyk-önümçilik şertlerini üpjün edýärler.

73. Hünär-tehniki okuw mekdebiniň eýeçiligine berkidilen emlägiň alynmagyna we (ýa-da) aýrylmagyna diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýol berilýär.

74. Hünär-tehniki okuw mekdebini esaslandyryjylar öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda, bilimiň derejesine we hiline bildirilýän talaplaryň artmagyny göz öňünde tutup, olaryň maddy binýadynyň täzelenilmegini we ösdürilmegini, okatmagyň we terbiýelemegiň ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýärler. Bu maksatlar üçin hünär-tehniki bilim edaralaryna zerur bolan maddy serişdeler we maýa goýumlary bölünip berilýär.

75. Hünär-tehniki okuw mekdebi emlägiň eýesiniň öňünde berlen emlägiň abatlygy we netijeli peýdalanylmagy üçin jogapkärçilik çekýär.

76. Hünär-tehniki okuw mekdebiniň maddy binýadynyň kemelmegine ýa-da onuň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirýän bilkastlaýyn hereketler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

77. Hünär-tehniki okuw mekdebi statistik we buhgalteriýa hasabatyny bellenen tertipde alyp barýar.

78. Hünär-tehniki okuw mekdepleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda hünär-tehniki, pedagogik we beýleki bilim işleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga hukuklary bardyr.

79. Hünär-tehniki okuw mekdepleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralar üçin işgärleri taýýarlamagyň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän ähli görnüşlerdäki hünär-tehniki okuw mekdepleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.

80. Hünär-tehniki okuw mekdebi ýuridik şahsdyr, onuň aýrybaşgalanan emlägi, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhri, möhürçeleri, resmi blanklary, şeýle hem Türkmenistanyň banklarynda hasaplaşyk hasaplary bar.

 

Ýükle