708
Türkmenistanyň Bilim ministriniň
2020-nji ýylyň 31-nji dekabryndaky
289 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
BAŞLANGYÇ HÜNÄR BILIMINIŇ DÖWLET BILIM STANDARTY
1. Başlangyç hünär biliminiň döwlet bilim standarty (mundan beýläk - standart) “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Döwlet başlangyç hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama, Bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň döwlet standartyna, Türkmenistanyň başlangyç hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda işlenip düzüldi we gurluşyna, eýeçiligiň görnüşine, okadylýan diline garamazdan, başlangyç hünär okuw mekdeplerinde, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okaýanlaryň taýýarlygynyň derejesine, okuw ýükleriniň aňryçäk göwrümine, bilimiň mazmunyna bildirilýän talaplary kesgitleýär.
2. Şu standartda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndaky adalgalar ulanylýar. Olara goşmaça hökmünde aşakdaky adalgalar we kesgitlemeler girizilýär:
1) Bilim maksatnamasy - bu bilimiň mazmunynyň, möçberiniň, meýilnamalaşdyrylýan netijeleriniň jemi hem-de ol okuw meýilnamasy, senenama okuw tertibi, dersler (okuwlar, tapgyrlar) boýunça okuw maksatnamalary, beýleki düzüm birlikleri, şeýle hem bahalandyryş we usulyýet materiallary görnüşinde berilýär;
2) Okuw meýilnamasy - okuw işiniň çyzgydyny, okuw sapaklaryny geçirmegiň, jemleýji we tapgyrlaýyn gözegçiligiň görnüşlerini we möhletini, başlangyç hünär okuw mekdebiniň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, dersleriň toplumlarynyň möçberini saklaýan, döwlet bilim standartynyň esasynda işlenip düzülen başlangyç hünär okuw mekdebiniň okuw-usulyýet resminamasy;
3) Iş okuw meýilnamasy – başlangyç hünär okuw mekdebi tarapyndan hünäriň esaslyk okuw meýilnamasy we okaýanlaryň özbaşdak okuw meýilnamalary esasynda aýratyn işlenip düzülýär.
4) Ýyllyk işi (taslama) – talybyň we harby talybyň (mundan beýläk – okaýan) okaýan hünäri boýunça möhüm bir meseläni özbaşdak öwrenmeginiň we çözmegiň netijelerini özünde jemleýän işi;
5) Hökmany dersler düzümi – okuw meýilnamasynda kesgitlenen we okuw maksatnamasy boýunça okaýanlar tarapyndan hökmany tertipde öwrenilýän (umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumy, umumy we takyk ylmy dersler toplumy, umumy hünär we ýörite dersler toplumy - UHÝDT) okuw dersleriň sanawy;
6) Dersiň esaslyk okuw maksatnamasy – başlangyç hünär okuw mekdebiniň uçurymynyň okuw dersi boýunça nazary we amaly taýdan taýýarlanylmagynyň maksatlaryny, meselelerini we mazmunyny kesgitleýän, bilim standartynyň esasynda işlenip düzülýän hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanýan okuw-usulyýet resminamasy.
Dersiň okuw maksatnamasy – esaslyk okuw maksatnamasynyň esasynda işlenip düzülýän we hünäriň okuw meýilnamasynyň düzümine girýän okuw dersi boýunça başlangyç hünär bilimli işgäriň nazary hem amaly taýdan taýýarlanylmagynyň maksatlaryny we mazmunyny kesgitleýän, dersi okatmagyň esasy usuly çemeleşmelerini açyp görkezýän başlangyç hünär okuw mekdebiniň okuw-usulyýet resminamasy.
7) Başlangyç hünär okuw mekdebiniň dersler düzümi –hünäriň bilim maksatnamasynyň çäklerinde başlangyç hünär okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýän ýörite dersleriniň sanawy;
8) Hünär ygtyýarlyklary – iş ýerinde hem-de degişli wezipede hünär işini netijeli amala aşyrmak üçin zerur bolan bilimler, başarnyklar we endikler boýunça okuwlar;
9) Kär häsiýetnamasy - başlangyç hünär bilimli işgärleri taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek, taýýarlanylmaly işgärleriň sanyny çaklamak, olaryň düzümini delillendirmek, başlangyç hünär okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işlerini guramak, okuwyny tamamlan uçurymlaryň işlemeli ýerlerini häsiýetlendirmek üçin ulanylýar.
10) Kär talapnamalary – degişli wezipede hünär işini netijeli amala aşyrmak üçin zerur bolan bilimleriň, başarnyklaryň we endikleriň iş beriji tarapyndan kesgitlenen beýany.
3. Hünärler boýunça okatmagy amala aşyrylýan işgärleri (hünärmenleri) taýýarlamagyň bir basgançakly gurluş düzümi bolan başlangyç hünär bilimi – hünär we ykdysadyýetiniň dürli ugurlary boýunça hünäri bolan işgärleri taýýarlaýan görnüşini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän başlangyç hünär bilim hökmünde kesgitlenýär.
Başlangyç hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti ele alynýan hünäriň çylşyrymlylygyna baglylykda bir okuw ýylyndan bir ýarym okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar. Okuwyň anyk möhleti Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan degişli hünäre taýýarlygyň okuw meýilnamasy bilen kesgitlenýär.
Türkmen dili döwlet dili hökmünde, başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidir.
Daşary ýurt dillerini öwrenmek hünär biliminiň maksatnamalaryna hökmany ders hökmünde girizilýär.
Bilim hakyndaky resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde resmileşdirilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenýän tertipde bilim hakyndaky resminamalar daşary ýurt dilinde hem resmileşdirilip bilner.
4. Başlangyç hünär okuw mekdeplerinde bilim bermek işi hünärleriň okuw meýilnamasyna, dersleriň (okuwlaryň, tapgyrlaryň) okuw maksatnamalaryna we sapaklaryň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.
5. Başlangyç hünär biliminiň gurluşy, mazmuny, okuwlaryň görnüşleri, okaýanyň okuw ýüküniň göwrümi we sagatlary, önümçilik okuw işleri, tejribelikleri 1-nji goşundynyň esasynda düzülen hünäriň okuw meýilnamasynda görkezilýär.
Başlangyç hünär bilimi edaralarynda okuwlar okatmagyň gündizki, gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerinde amala aşyrylýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerindäki başlangyç hünär bilimiň okuw meýilnamasy, öz aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, 1-nji goşunda esaslanýar.
Esaslyk okuw meýilnamalary şu standartyň esasynda başlangyç hünär bilimiň anyk hünäri boýunça işlenip düzülýär we bellenen tertipde (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan) tassyklanýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde esaslyk okuw meýilnamalary Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, bellenen tertipde tassyklanýar.
Esaslyk okuw meýilnamalarynda hökmany dersler düzümindäki her bir okuw dersiniň we okuw işiniň her bir görnüşi boýunça (tejribelikler, ýyllyk işini, ýumuş, hasap grafiki işini ýerine ýetirmek, döwlet synaglary goramak) görkezilýär.
Esaslyk okuw meýilnamasynda görkezilen akademiki senenama esasynda okuw ýyly 1-nji sentýabrdan başlanýar. Okuw ýyly iki ýarymýyllykdan ybarat bolup, olaryň hersi hünär taýýarlygynyň anyk ugrunyň okuw meýilnamasyna laýyklykda hasap-synag möwsümi bilen tamamlanýar.
6. Başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okuw işi umumy okuw, amaly okuw, söhbet okuwy, tejribe okuwy, barlag işi, önümçilik okuw, okuw-barlag işleri, okuw, tehnologik we önümçilik tejribelikleri, ýyllyk işi, ýumuş ýa-da hasap grafiki işi taýýarlamak ýaly görnüşlerde amala aşyrylýar. Başlangyç hünär okuw mekdebi hünäriň aýratynlygy boýunça esaslandyrylan okuwlaryň beýleki görnüşlerini hem girizýär.
Okuw işleri, hünär taýýarlygynyň degişli ugrunyň aýratynlygyna baglylykda, okuw meýilnamasynda kesgitlenýär.
7. Başlangyç hünär okuw mekdepleri bilimi dolandyrmak boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan işlenip düzülýän aralyk we jemleýji synaglaryň baha ulgamyny, görnüşlerini, tertibini we döwürleýinligini ulanýar.
8. Türkmenistanyň başlangyç hünär okuw mekdepleri başlangyç hünär bilimli hünärmenleri aşakdakylara laýyklykda taýýarlaýarlar:
1) şu standarta;
2) hünäriň okuw meýilnamalaryna;
3) Türkmenistanyň başlangyç hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna.
9. Başlangyç hünär biliminiň döwlet bilim standarty:
1) Başlangyç hünär bilimiň we okuwyň mazmunyny kesgitleýär;
2) okuw ýüküniň aňryçäk göwrümine we okaýanlaryň taýýarlygynyň derejesine bildirilýän talaplary kesgitleýär.
10. Standartyň talaplary şu aşakdakylar taýýarlananda hökmanydyr:
1) bilim maksatnamalary;
2) okuw meýilnamalary;
3) dersleriň okuw maksatnamalary
11. Türkmenistanyň başlangyç hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda okaýanlaryň alýan başlangyç hünär biliminiň ugurlary aşakdaky hünär toparlary görnüşinde kesgitlenýär:
1) Matematika we tebigy ylymlar;
2) Inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar;
3) Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary;
4) Oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary;
5) Jemgyýet baradaky ylymlar;
6) Bilim we pedagogika ylymlary;
7) Ynsanperwer ylymlar;
8) Sungat we medeniýet ;
9) Döwletiň goragy we howpsuzlygy. Harby ylymlar.
12. Okaýanlaryň taýýarlygynyň derejesine bildirilýän talaplar:
1) öwrenilýän ugurda bilimleri we düşünjäni, şol sanda has öňdebaryjy bilimleriň esaslaryny açyp görkezmek;
2) öwrenilen bilimleri we düşünjäni kämil derejede ulanmak;
3) öwrenilýän ugurda delilleri kesgitläp hem-de meseleleri çözüp bilmek;
4) durmuş, etiki we ylmy nukdaýnazardan garaýyşlary kemala getirmek üçin maglumaty toplamak we düşündirmek;
13. Bilim edarasy, eýeçiliginiň görnüşine we bilim bermegiň diline garamazdan, başlangyç hünär bilimiň maksadyny we ähmiýetini, bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhletlerini, başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okaýanlaryň hökmany özleşdirmeklerine degişli bolan mazmunyň göwrümini şu standarta laýyklykda kesgitleýär.
Bilimiň mazmunynyň gurluşy bilimiň hasap-ölçeg gurallaryna: hünäriň okuw meýilnamalaryna we dersleriň okuw maksatnamalaryna, okuw ýüküniň göwrümine, akademiki döwürleriň dowamlylygyna, akademiki sapaklaryň görnüşlerine, okuw materialynyň göwrümine bildirilýän talaplara laýyklykda kesgitlenilýär.
14. Okaýanyň okuw ýüküniň aňryçäk göwrümi olaryň okuw döwrüniň (ýylynyň, ýyllarynyň) dowamynda özleşdirýän her bir okuw dersi ýa-da okuw işiniň görnüşi boýunça ölçenilýär.
15. Başlangyç hünär bilime degişli hünäri boýunça kär berýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde başlangyç hünär bilime degişli hünäri boýunça kär berýär.
16. Başlangyç hünär okuw mekdebiniň uçurymynyň esasy başarnyklary umumy bilimliligine, durmuş-etiki, ykdysady we guramaçylyk-dolandyryş hem-de hünär ygtyýarlylyklaryna bildirilýän talaplar esasynda kemala gelýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde bilim bermegiň netijeleri hünär ygtyýarlyklaryna laýyklykda (kär häsiýetnamalaryna, kär talapnamalaryna) uçurymyň başarnygynyň nusgasyna gabat gelmelidir.
Umumy bilimlilige bildirilýän talaplar:
1) giň dünýägaraýyşly we pikirlenme ukyby bolan başlangyç hünär bilimli şahsyýeti kemala getirmäge ýardam edýän tebigy (jemgyýet, ynsanperwer, ykdysady ylymlar) dersler boýunça binýatlyk bilime eýe bolmak;
2) häzirki zaman tehnikasyny ulanmak endigine eýe bolmak, hünär işinde maglumat tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp bilmek;
3) gündelik hünär işinde we bilim almagyň indiki basgançaklarynda okuwyny dowam etmek üçin zerur bolan täze bilimleri özbaşdak öwrenmek endiklerine eýe bolmak.
Durmuş-etiki ygtyýarlyklara bildirilýän talaplar:
1) jemgyýetçilik pikirine, däplere, dessurlara, jemgyýetçilik kadalaryna esaslanýan durmuş-etiki gymmatlyklary bilmek we öz hünär işinde olardan ugur almak;
2) iş kadalaryny berjaý etmek, özüňi alyp barmagyň etiki we hukuk kadalaryny bilmek;
3) Türkmenistanda ýaşaýan halklaryň däplerini we medeniýetini bilmek, sarpa goýmak;
4) dünýäniň beýleki halklarynyň däplerine, medeniýetine hormat goýmak;
5) Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň we kanunçylygynyň esaslaryny bilmek;
6) ylym we ylmy pikirlenme barada umumy düşünjä eýe bolmak;
7) jemgyýetiň durmuş ösüşiniň ugruny bilmek;
8) dürli durmuş ýagdaýlarynda özüňi dogry alyp barmagy başarmak;
9) köpçülik bilen işlemäge, tertip-düzgüni saklamaga, täze pikirleri beýan etmäge ukyply bolmak;
10) ylalaşyga gelmegi, öz pikiriňi işgärler köpçüliginiň pikiri bilen sazlaşdyrmagy başarmak;
11) hünär we şahsy ösüşe ymtylmak.
Ykdysady we guramaçylyk-dolandyryş ygtyýarlyklaryna bildirilýän talaplar:
1) ykdysady bilimleriň esaslaryny bilmek, menejment, marketing, maliýe we ş.m. barada ylmy taýdan düşünjeli bolmak;
2) ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň maksatlaryny we usullaryny, ykdysadyýetde döwlet sektorynyň ornuny bilmek we düşünmek.
17. Umumybilim dersler toplumyndaky dersler (umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumy we umumy we takyk ylmy dersler toplumy) (mundan beýläk – UDT) Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan (Umumy we takyk ylmy dersler toplumyna degişli dersler başlangyç hünär okuw mekdebi bilen ylalaşylyp) kesgitlenilýär. Umumy hünär we ýörite dersler toplumy (mundan beýläk – UHÝDT) başlangyç hünär okuw mekdepleri tarapyndan kesgitlenilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde UDT Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär, UHÝDT hökmany hem-de başlangyç hünär okuw mekdebiniň dersler düzümi esasynda taýýarlanylýar.
18. Hökmany dersler düzümine girýän dersleriniň sanawy okuw meýilnamasynda kesgitlenýär. Hökmany düzümine girýän dersleriniň göwrümini azaltmaga rugsat berilmeýär. Bilim maksatnamasy hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde alnyp barlanda kadadan çykma bolup biler.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde başlangyç hünär okuw mekdebiniň dersler düzümi ýöriteleşdirilen başlangyç harby bilimiň ygtyýarlyklaryna (kär häsiýetnamalaryna, kär talapnamalaryna) bolan talaplarynyň aýratynlygyny, dünýä tejribesinde harby, ýöriteleşdirilen ylmy ugurlary göz öňünde tutýar.
19. UDT-niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 10-15 % (göteriminden) köp bolmadyk bölegini tutýar. Türkmen dili, daşary ýurt dili, ikinji daşary ýurt dili, hünäri boýunça daşary ýurt dili dersleri UDT degişli edilmeýär.
UDT-niň düzümindäki dersler okaýanlarda milli duýgulary oýarmaga we umumymilli watançylyk ýörelgelerini ösdürmäge, umumymedeni dünýägaraýyşly hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ysnyşykly bolmaga, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny kämil ulanmaga, döredijilikli pikirlenmek endiklerini kemala getirmäge gönükdirilen bolmalydyr.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde UDT-niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 10-15 % (göteriminden) az bolmadyk bölegini tutýar. Türkmen dili, daşary ýurt dili, ikinji daşary ýurt dili, hünär ugry boýunça daşary ýurt dili dersleri UDT degişli edilmeýär.
20. UHÝDT-niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 80 % (göteriminden) köp bolmadyk bölegini tutýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde UHÝDT-niň göwrümi okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 80% (göteriminden) köp bolmadyk bölegini tutýar.
UHÝDT-niň okuw meýilnamasyndaky göterim gatnaşygyny Başlangyç hünär okuw mekdebi özbaşdak kesgitleýär.
21. Ähli başlangyç hünär okuw mekdebinde UHÝDT-niň düzümine daşary ýurt dili ýa-da ikinji daşary ýurt dili ýa-da hünäri boýunça daşary ýurt dili dersleri goşulýar we okuw meýilnamasynyň umumy göwrüminiň 5 % (göteriminden) az bolmadyk bölegini tutýar.
22. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinden beýleki başlangyç hünär okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersi okuw meýilnamasynyň UDT-sine goşulýar we azyndan bir-iki ýarymýyllyk dowam edýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersi okuw meýilnamasynyň UHÝDT-niň düzüminde bolýar we onuň göwrümi başlangyç hünär okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.
23. Başlangyç hünär okuw mekdebi hünärlere baglylykda okaýanlaryň hünär tejribelikleriniň okuw meýilnamasyndaky göwrümini we döwrüni özbaşdak kesgitleýär.
24. Başlangyç hünär bilim maksatnamalary boýunça okuwyň doly tamamlanmagy üçin okaýanlaryň tutuş okuwyň dowamynda bir okuw ýylyny okaýanlar üçin 800 sagatdan, bir ýarym okuw ýylyny okaýanlar üçin 1300 sagatdan az bolmadyk nazary bilimleri, şeýle hem bir okuw ýylyny okaýanlar üçin 160 sagatdan, bir ýarym okuw ýylyny okaýanlar üçin 260 sagatdan az bolmadyk önümçilik okuwy, bir okuw ýylyny okaýanlar üçin 300 sagatdan, bir ýarym okuw ýylyny okaýanlar üçin 600 sagatdan az bolmadyk önümçilik tejribelikleri özleşdirmekleri zerurdyr.
25. Başlangyç hünär okuw mekdepleri amala aşyrýan hünär bilim maksatnamasynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, önümçilik tejribelikleriniň okuw meýilnamasyndaky göterim gatnaşygyny esaslandyryp özbaşdak kesgitleýärler.
Okuwyň mazmunynyň köp böleginiň diňe önümçilikde özleşdirilmegini talap edýän hünärleriniň okuw meýilnamasynyň 40% çenli bölegini önümçilik tejribelikleri doldurýar.
26. Özbaşdak hünär işini amala aşyryp bilýän, öwrenen kärine ökde we ukyply, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän başlangyç hünär bilimli işgärleri taýýarlamak üçin okuwlaryň görnüşleriniň, okuw we önümçilik tejribelikleriniň okuw meýilnamasyndaky göterim gatnaşygy kesgitlenende iş berijiniň we jemgyýetiň talaplary hem-de her bir hünäri boýunça döwrebap halkara tejribesi göz öňünde tutulýar.
27. Başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okuw meýilnamasyndan başga özbaşdak okuw meýilnamalary hem-de iş okuw meýilnamalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde iş okuw meýilnamalary hereket edýär.
Özbaşdak okuw meýilnamasy -okaýanlar tarapyndan okuw meýilnamasynyň sanawynyň esasynda halypa mugallymyň kömegi bilen her okuw döwri üçin özbaşdak düzülýär.
Özbaşdak okuw meýilnamasyna hökmany dersler düzüminiň dersleri, okuw işiniň beýleki görnüşleri girizilýär.
Özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okuw işi okaýanyň şahsy arzasy, başlangyç hünär okuw mekdebiniň Mugallymçylyk geňeşiniň çözgüdi, başlangyç hünär okuw mekdebi tarapyndan tassyklanan özbaşdak okuw meýilnamasy esasynda guralýar. Arza okaýanyň özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça bilim almaga bolan hukugy esaslandyrylan ýazmaça delili goşulýar.
28. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinden beýlekilerde iş okuw meýilnamasy hünäriň okuw meýilnamasy hem-de okaýanlaryň özbaşdak okuw meýilnamalary esasynda okuw ýyly üçin işlenip düzülýär we Mugallymçylyk geňeşiniň çözgüdi esasynda bilim edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç okuw mekdeplerinde iş okuw meýilnamasy hünäriň okuw meýilnamasy esasynda okuw ýyly üçin işlenip düzülýär.
Iş okuw meýilnamasynda okuw ýyly üçin dersleriň sanawy we olaryň sagatlarda görkezilen okuw ýüki, öwrenmegiň tertibi, okuw sapaklarynyň görnüşleri we barlagyň görnüşleri, şeýle hem okuw işiniň beýleki görnüşleri (tejribelik, döwlet synagy, ýyllyk işini, ýumuşyny, hasap grafiki işini taýýarlamak we goramak) kesgitlenýär.
29. Özbaşdak okuw meýilnamasynyň we iş okuw meýilnamasynyň görnüşi, gurluşy, işlenip düzülişiniň we tassyklanmagynyň tertibi başlangyç hünär okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde iş okuw meýilnamasynyň görnüşi, gurluşy, işlenip düzülişiniň we tassyklanmagynyň tertibi bu başlangyç hünär okuw mekdebi tarapyndan kesgitlenilýär.
30. Ähli okuw dersiniň mazmuny olaryň esaslyk we iş okuw maksatnamalarynda beýan edilýär.
Esaslyk okuw maksatnamalary hökmany dersler düzüminiň dersleri boýunça işlenip düzülýär we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýar we döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde esaslyk okuw maksatnamalary degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanylýar.
31. Iş okuw maksatnamalary okuw meýilnamasynyň ähli dersi boýunça işlenip düzülýär we başlangyç hünär okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak tassyklanylýar. Şunuň bilen birlikde, hökmany dersler düzüminiň derslerini işläp düzmek esaslyk okuw maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Iş okuw maksatnamalarynyň görnüşi, gurluşy, işlenip düzülişiniň we tassyklanylmagynyň tertibi başlangyç hünär okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.
32. Hökmany bilimiň iň az derejesi hem-de başlangyç hünär okuw mekdebi tarapyndan hödürlenýän okuw ýüküniň göwrüminiň çäklerinde alnan bilimleriň derejesi barlagyň dürli görnüşleri arkaly üpjün edilýär.
33. Okaýanlaryň okuwdaky üstünlikleriniň barlagy we olaryň okuw dersleri boýunça bilimlerini kesgitlemek okuw işiniň tapgyrlarynda (her akademiki döwrüň we okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen) degişli usuly birleşmeler tarapyndan guralýar we bilim bermegiň jemleýji netijelerine gönükdirilýär.
34. Okuw bölümi tarapyndan okaýanlaryň okuwdaky ýetişikleriniň hasaby ýöredilýär. Ol hasap bellenen nusgadaky transkriptde (hasap-synag depderçesiniň göçürmesinde) görkezilýär.
Transkript (hasap-synag depderçesiniň göçürmesi) okaýanlara olaryň ýazmaça ýüztutmalary esasynda okuwyň islendik tapgyrynda berilip bilner.
35. Uçurymlaryň bilimleriniň, başarnyklarynyň, endikleriniň we ygtyýarlyklarynyň barlagy jemleýji synaglarda amala aşyrylýar.
Başlangyç hünär okuw mekdebiniň uçurymlarynyň jemleýji synagy akademiki senenamada we hünärleriň okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulan möhletlerde geçirilýär.
Jemleýji synagyň maksady uçurymyň nazary bilim derejesine, kemala gelen hünär başarnyklaryna, hünär wezipelerini ýerine ýetirmäge bolan taýýarlygyna hem-de onuň taýýarlygynyň bilim maksatnamasynyň bildirýän talaplaryna laýyk gelşine baha bermekden ybaratdyr.
Jemleýji synag hünäri boýunça jemleýji döwlet synagyny tabşyrmak görnüşinde geçirilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde jemleýji synag hünäri boýunça ýörite hünär we/ýa-da ugurlaýyn dersler boýunça jemleýji döwlet synagyny (synaglaryny) tabşyrmak görnüşinde geçirilýär.
Başlangyç hünär okuw mekdebi, okaýanlaryň nazary taýýarlyklarynyň, okuw ýetişikleriniň derejesini, okatmagyň netijelerini hem-de ylmy-barlag we seljeriş ukyplaryny göz öňünde tutup, olardan jemleýji synag almagyň görnüşlerini özbaşdak kesgitleýär (hünärine degişli dersler boýunça döwlet synagyny tabşyrmak).
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdepleri, okaýanlaryň hünärini, nazary taýýarlyklarynyň, okuw ýetişikleriniň derejesini, okatmagyň netijelerini hem-de ylmy-barlag we seljeriş ukyplaryny göz öňünde tutup, olardan jemleýji synag almagyň görnüşlerini özbaşdak kesgitleýär (ýörite dersler boýunça jemleýji döwlet synagyny tabşyrmak).
36. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okuw işleri degişli ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç okuw hünär mekdeplerinde okuw işini, okuw-usuly we ylmy-usuly işi guramagyň we amala aşyrmagyň Düzgünnamasy bilen kesgitlenýär.
37. Okuw işi meýilleşdirilende, başlangyç hünär okuw mekdebi okaýanyň hepdelik auditoriýa okuwynyň göwrümini hünäriniň aýratynlygyny göz öňünde tutup, okatmagyň görnüşlerine degişlilikde 24 we 36-dan az bolmadyk akademiki sagat görnüşinde kesgitleýär. Auditoriýa okuwynyň bir akademiki sagady 40-50 minuta deňdir.
Okaýanyň hepdelik okuw ýüküniň (okuwyň ähli görnüşiniň we okaýanyň özbaşdak işiniň) jemi sagady 40-50 sagada deňdir.
Bilim maksatnamalarynyň gurluşy bilimiň mazmunyny kesgitleýän okuw işiniň dürli görnüşlerinden emele gelýär. Bilim maksatnamasynyň dersler düzüminiň paýlanyş kadalaryny okuw mekdebi özbaşdak kesgitleýär.
38. Başlangyç hünär bilim maksatnamasynyň mazmuny şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1) umumybilim, umumy hünär we ýörite hünär dersler toplumlaryny öwrenmegi özünde jemleýän nazary bilim (okuw);
2) bilimiň (okuwyň) goşmaça görnüşleri –hünäri boýunça tejribelikleriň dürli görnüşleri, bedenterbiýe we beýlekiler;
3) aralyk we jemleýji synaglar.
39. Okuw işiniň hasaby okadylýan materialyň göwrümine görä amala aşyrylýar we okaýanlaryň okuwyň anyk netijelerini gazanmak üçin sarp edýän zähmeti okuw işiniň göwrümine esaslanyp ölçenilýär.
Okuw ýüki düşünjesine: umumy, amaly (söhbet), tejribe, studiýa sapaklary, okaýanlaryň önümçilik okuw sapaklary, ýyllyk, ýumuş, hasap-grafiki işler, hünär we önümçilik tejribelikleriniň ähli görnüşi, jemleýji döwlet synaga (synaglara) taýýarlyk we ony geçmek işi girýär.
Nazary okuwyň umumy göwrümi öwrenilýän okuw dersleriniň sanawy bilen kesgitlenilýär.
40. Bedenterbiýe, diller boýunça derslerden beýleki her okuw dersiniň gaýtalanmaýan ýeke-täk atlandyrylyşy bolmalydyr. Iki we üç ýarymýyllyklarda dowam edýän hünär dersleriniň adynyň deňinde ýarymýyllygyň sany görkezilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde dersleri birnäçe akademiki döwürleriň dowamynda özleşdirmäge rugsat edilýär.
41. Okaýanlar her bir okuw dersini bir akademiki döwürde özleşdirýärler we hünärine degişli dersler tamamlanandan soň synag görnüşinde jemleýji barlagy tabşyrýarlar. Umumybilim dersleri hasap görnüşinde bahalandyrylýar. Tejribelikleriň ähli görnüşi, ýyllyk, ýumuş, hasap-grafiki işleri boýunça jemleýji barlag okaýanlaryň okuw işiniň görkezilen görnüşlerini goramagy görnüşinde geçirilýär we bahaly hasap goýmagyň bellenen ulgamyna laýyklykda bahalandyrylýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okaýanlar her bir dersi öwrenmegi tamamlanlaryndan soň synag görnüşinde jemleýji barlagy tabşyrýarlar. Eger dersiň dowamlylygy iki ýa-da üç akademiki döwre çekse, onda her bir akademiki döwür tamamlanandan soňra hasap ýa-da synag görnüşinde aralyk barlag geçirilýär. Hünär tejribelikleriniň, ýyllyk, ýumuş, hasap-grafiki işleriniň ähli görnüşi goramak tertibinde bahalandyrylýar.
Bir akademiki senenamada okaýana birden köp ýyllyk, ýumuş, hasap-grafiki işleri tabşyrylmaýar.
42. Başlangyç hünär okuw mekdebi boýunça dersleri kodlamagyň ýeke-täk ulgamy peýdalanylýar. Derslere harp we san aňlatmasynda degişli kod berilýär. Umumybilim dersleriniň kodlary ähli başlangyç hünär okuw mekdebinde birmeňzeş bolmalydyr. Mazmuny boýunça birmeňzeş hünär dersleriniň kodlary ähli başlangyç hünär okuw mekdebinde birmeňzeş bolmalydyr.
43. Başlangyç hünär bilimiň bilim maksatnamasy boýunça okuwy tamamlan we jemleýji synagdan üstünlikli geçen şahslara hünäri boýunça kär berilendigini tassyklaýan döwlet nusgasyndaky diplom berilýär.
Şeýle hem, olara döwlet nusgasyndaky diplom bilen goşundy (transkript ýa-da hasap-synag depderçesinden göçürme) berilýär.
Başlangyç hünär okuw mekdebi uçuryma özleşdiren bilim maksatnamasynyň mazmunyny beýan edýän halkara derejesindäki diplomyň goşundysyny (Diploma Supplement) hem gowşurýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde başlangyç hünär bilim maksatnamasy boýunça okuwy tamamlan şahslara hünäri boýunça kär berlendigini tassyklaýan döwlet nusgasyndaky diplom berilýär.
Şeýle hem, döwlet nusgasyndaky diplom bilen goşundy (transkript ýa-da hasap-synag depderçesinden göçürme) berilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdepleri uçuryma özleşdiren bilim maksatnamasynyň mazmunyny beýan edýän halkara derejesindäki diplomyň goşundysyny (Diploma Supplement) hem berip biler.
44. Okaýanyň okuw ýüküniň göwrümi onuň her bir okuw dersi ýa-da okuw işiniň görnüşi boýunça okuw ýylynyň dowamynda özleşdiren okuw sagatlarynda ölçenilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okaýanyň özbaşdak işi mugallymyň ýolbaşçylygynda işjeň auditoriýa sapagy görnüşinde hem geçirilip bilner.
45. Professor-mugallymlar düzüminiň iş ýüküni meýilleşdirmek akademiki sagatlarda amala aşyrylýar. Professor-mugallymlaryň we okuw-önümçilik ussalaryň iş ýüki okuw tertibi boýunça auditoriýa sapaklarynda mugallymyň okaýan şahs bilen göni aragatnaşykdaky işini we aýratyn tassyklanan tertip boýunça okuw işiniň beýleki görnüşleri üçin sarp edýän wagty öz içine alýar.
46. Önümçilik okuw sapaklary, tejribe sapaklary, şeýle hem bedenterbiýe sapaklary kadadan çykma häsiýetine eýe bolup, degişlilikde, barlaghanada geçilýän sapagyň bir akademiki sagady we bedenterbiýe sapagynyň dowamlylygy arakesmesiz 90 minuta çenli bolup biler. Şunda 90 minutlap dowam edýän sapak iki akademiki sagat hasaplanýar.
Tejribelikleriň ähli görnüşiniň we okaýanlaryň jemleýji synagynyň bir akademiki sagady 60 minuta deňdir.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde akademiki sagat okuw sapaklarynyň, tejribelikleriň hemme görnüşi we jemleýji synag babatda gyradeň ulanylyp, ortaça 45 minuta barabardyr.
47. Okuw işiniň göwrümi hasaplananda:
- tejribelik döwründe okaýanyň mugallym bilen bilelikdäki işinden;
- okaýanyň ýyllyk, ýumuş, hasap-grafiki işi taýýarlamagy we goramagy boýunça alyp baran işinden;
- okaýanyň hünäri boýunça döwlet synagyny tabşyrmaga taýýarlygy we tabşyrmagy boýunça işinden ugur alynýar.
48. Okaýanyň okuw ýüki mugallym bilen göni aragatnaşykda bolýan auditoriýa sapaklarynyň, önümçilik okuwynyň sagatlarynyň we okuw işiniň dürli görnüşleri üçin sarp edýän sagatlarynyň jemi bilen kesgitlenýär.
Auditoriýa okuwy akademiki sagat bilen kesgitlenilýär. Okaýanyň auditoriýa okuwynyň akademiki sagatlarynyň üsti talybyň özbaşdak işiniň sagatlarynyň degişli sany bilen doldurylýar.
Okaýanyň aralyk we jemleme synaglaryna, jemleýji döwlet synagyna, ýyllyk, ýumuş, hasap-grafiki işini taýýarlamak üçin özbaşdak işine we mugallym bilen göni aragatnaşykda bolan işine ýa-da döwlet synagyny tabşyrmaga taýýarlyk görmek we tabşyrmak boýunça mugallym bilen alyp barýan işine sarp edýän sagatlary okuw meýilnamasynda göz öňünde tutulýar.
49. Okuw ýyly akademiki döwürlerden, synag döwürlerinden, tejribelikleriň görnüşlerinden we dynç alyşlardan ybarat bolýar. Gutardyş ýylynda okuw ýylynyň düzümine jemleýji döwlet synag döwri hem goşulýar.
50. Okuw ýylynyň umumy dowamlylygy 34 hepdeden az bolmaly däl. Akademiki döwür, onuň görnüşlerine baglylykda, başlangyç hünär bilim maksatnamalarynda ýarymýyllyk üçin 16-18 hepdeden az bolmaly däl, başlangyç hünär bilimden öňki dil taýýarlyk (öwreniş) maksatnamalarynda üçaýlyk üçin 10-12 hepdeden we çärýek üçin 6-8 hepdeden ybarat dowamlylykda bolýar.
Başlangyç hünär okuw mekdebi akademiki döwri guramagyň görnüşini özbaşdak kesgitleýär.
51. Aralyk we jemleme synag döwründe özleşdirilen ähli ders boýunça barlag geçirilýär we gündelik ýetişigiň (ýerine ýetirilen ýumuşlaryň barlaglarynyň netijeleri boýunça başlangyç arifmetiki baha) bahalaryny hasaba almak bilen, dersler boýunça jemleýji bahalar çykarylýar.
Dersler boýunça jemleýji baha jemlenende, gündelik ýetişigiň paýy 60% (göterime) barabar bolup biler, ýöne synaglaryň paýy 40% (göterimden) az bolmaly däldir.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde dersler boýunça jemleýji baha jemlenende, gündelik ýetişigiň paýy 60% (göterimden), synaglaryň paýy 40% (göterimden) köp bolmaly däldir.
52. Bir okuw ýylynda okaýanlar üçin 14 gün gyşky dynç alyş, möhleti 1,5 ýyl okaýanlar üçin iki gezek, jemi 40 günden az bolmadyk dowamlylykda dynç alyş berilýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň dowamynda okaýanlara iki gezek, jemi 40 günden az bolmadyk dowamlylykda dynç alyş berilýär.
Dynç alşyň takyk möhleti we dowamlylygy, hünär taýýarlygynyň degişli ugrunyň aýratynlygyna baglylykda, okuw meýilnamasynda kesgitlenýär (gutardyş ýylyndan beýleki okuw ýyllaryna).
53. Tejribelikler başlangyç hünär bilim maksatnamasynyň hökmany düzüm bölegidir. Tejribeligiň dowamlylygy talybyň tejribelikdäki işiniň günüň dowamynda 6 sagatdan az bolmadyk kadalyk ölçeg wagtyndan ugur alnyp, hepdeler bilen kesgitlenilýär. Tejribelik doly hepde guralanda 5 günlük iş hepdesi göz öňünde tutulyp, azyndan 30 sagat hasabyndan ugur alynýar.
54. Okaýan gutardyş döwlet synagyna özbaşdak taýýarlygyna mugallymlar geňeşiniň çözgüdine esaslanyp goşmaça mugallym bilen göni aragatnaşykda taýýarlyk işi üçin sagat möçberi kesgitlenýär.
Ýyllyk işini (ýumuş ýa-da hasap-grafiki işini ) taýýarlamaga we goramaga sarp edýän wagtyna hem mugallymlar geňeşiniň çözgüdine esaslanyp sagatlar berilýär. Ýyllyk işini (ýumuş ýa-da hasap-grafiki işini ) taýýarlamak we ýerine ýetirmek işi tejribeligiň dowamynda we nazary okuwlaryň tamamlaýjy döwürlerinde amala aşyrylýar.
55. Goşmaça okuw zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, akademiki bergileri ýa-da okuw meýilnamalaryndaky aratapawudy aradan aýyrmak, gaýtadan synag (hasap) tabşyrmak bilen, okuw derslerini we sagatlary özleşdirmek, ýetişigiň ortaça baha ulgamyny (balyny) ýokarlandyrmak, iki diplomly bilimiň çäginde ugurdaş hünärleri özleşdirmek maksady bilen, dowamlylygy 4 hepdä çenli tomusky okuw döwrüni (gutardyş ýylyndan başga) girizmäge rugsat berilýär.
Şunda, akademiki bergileri ýa-da okuw meýilnamasyndaky aratapawudy aradan aýyrmak boýunça guralýan goşmaça okuw tölegli esasda amala aşyrylýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okaýanlaryň goşmaça okuw zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, akademiki bergileri ýa-da okuw meýilnamalaryndaky aratapawudy aradan aýyrmak, ýetişigiň ortaça baha ulgamyny (balyny) ýokarlandyrmak maksady bilen, dowamlylygy 4 hepdä çenli tomusky okuw döwrüni (gutardyş ýylyndan başga) girizmäge rugsat berilýär.
Tomusky okuw döwrüniň okuw meýilnamasy esaslyk we iş okuw meýilnamalary esasynda okuw mekdebi tarapyndan özbaşdak düzülýär we tassyklanylýar.
56. Başlangyç hünär okuw mekdebi, hünärmen taýýarlamagyň hünäriniň aýratynlyklaryna baglylykda, amala aşyrylýan bilim maksatnamalaryny özleşdirmek üçin zerur bolan nazary bilimiň göwrümini şu standartda bellenilen görkezijilere laýyklykda kesgitleýär.
Başlangyç hünär bilim maksatnamasy möhletinden öň ýa-da okuwyň gysgaldylan görnüşinde özleşdirilen we göz öňünde tutulan talaplar ýerine ýetirilen ýagdaýynda, okuwyň möhletine garamazdan, okaýana bellenen tertipde degişli başlangyç hünär bilimi hakyndaky resminama berilýär.
57. Hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde bilim alýanlaryň özleşdirmeli okuw sagatlarynyň sanyny we bilim maksatnamasynyň göwrümini, binýatlyk hünär biliminde okaýanyň özleşdirenlerini we ugurdaşlygyny göz öňünde tutup, başlangyç hünär okuw mekdebi özbaşdak kesgitleýär.
Hünär biliminiň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde bilim alýanlaryň:
1) ozalky hünär bilim maksatnamasynda özleşdiren dersleri we okuw sagatlary hasaba alynýar, transkriptde görkezilýär we şol esasda özbaşdak okuw meýilnamasyna laýyklykda okuw işleri guralýar;
2) Başlangyç hünär okuw mekdebi, okaýanyň ozalky bilimini göz öňünde tutup, degişli hünäriň bilim maksatnamasynyň gysgaldylan möhletini we göwrümini kesgitleýär. Şunda okuw işleri okaýanyň özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça alnyp barylýar.
58. Okuwyň gündizki görnüşinde okaýanlar okuw ýylynyň her ýarymýyllygynyň dowamynda azyndan 300-510 sagat möçberinde nazary bilim alýarlar. Okuwyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana (şol sanda uzak aralykly) görnüşinde okaýanlar üçin nazary bilimiň okuw sagatlaryny we göwrümini başlangyç hünär okuw mekdebi kesgitleýär we okuwyň möhleti uzaldylýar.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okaýanlar, gutardyş ýylyndan beýleki okuw ýyllarynda, okuw ýylynyň her ýarymýyllygynyň dowamynda azyndan 300-510 sagatlar möçberinde nazary bilimleri alýarlar.
59. Başlangyç hünär okuw mekdebi her bir okaýany onuň hünärine laýyklykda, tejribelik geçiljek ýeri bilen üpjün edýär.
60. Başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy okuw meýilnamalarynyň we okuw maksatnamalarynyň talaplaryny berjaý etmek şerti bilen, okuw sapaklaryny guramagyň we geçirmegiň usullaryny hem-de görnüşlerini erkin saýlap biler.
61. Başlangyç hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işi her bir okaýanyň maglumat gorlaryna we kitaphana gaznalaryna erkin elýeterliligi, ähli ders, okuw işiniň ähli görnüşi, ýyllyk işi, ýumuş, hasap grafiki işi, tejribelikleri, okaýanyň özbaşdak işi boýunça usuly gollanmalaryň we usuly maslahatlaryň, şeýle hem görkezme esbaplarynyň, audio we wideomateriallaryň bar bolmagy bilen üpjün edilýär.
Başlangyç hünär okuw mekdebi okaýanlara we mugallym işgärlere okuw, ylmy, maglumat gorlaryna, şol sanda elektron kitaphanalarda ýerleşdirilýän maglumat çeşmelerine elýeterliligi üpjün edýär.
62. Okaýanlaryň ylmy-barlag işi başlangyç hünär okuw mekdepleriniň usuly birleşmelerinde, barlaghanalarynda, ylmy, konstruktorçylyk we taslama bölümlerinde, talyplaryň ylmy-tehniki birleşmelerinde (konstruktorçylyk we beýleki býurolarynda, merkezlerinde, ylmy-barlag institutlarynda we ş.m.) guralýar.
Başlangyç hünär biliminiň döwlet
bilim standartyna 1-nji goşundy
Başlangyç hünär bilimiň okuw meýilnamasynyň gurluşy
T/b |
Toplumlaryň we dersleriň atlary |
|
|
auditoriýa sagady |
okuw ýüki |
||
1 |
2 |
3 |
4 |
1 |
Umumybilim dersleriniň toplumy (UDT) |
|
102 |
1) |
Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumy |
|
68 |
Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary |
2 |
34 |
|
Häzirki zaman türkmen jemgyýeti |
2 |
34 |
|
|
|
|
|
2) |
Umumy we takyk ylmy dersler toplumy |
|
34 |
|
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary |
2 |
34 |
|
|
|
|
2 |
Umumy hünär we ýörite dersler toplumy (UHÝDT) |
|
|
1) |
Hökmany dersler düzümi |
|
|
|
Hünäri boýunça iňlis dili |
4 |
68 |
3 |
Nazary bilimleriň jemi |
|
|
4 |
Okuwyň goşmaça görnüşleri |
|
|
|
Bedenterbiýe |
4 |
68 |
Tejribelikler (görnüşleri boýunça) |
|
tejribeligiň görnüşine baglylykda |
|
5 |
Gutardyş döwlet synaglary |
|
|
1) |
Bilimi dolandyrmak boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenýän UDT-niň düzümine degişli döwlet synagy |
|
|
Bellik:
Aşakdakylary başlangyç hünär mekdebi okuw meýilnamasynda özbaşdak kesgitleýär:
1) tejribelikleri, olaryň döwürlerini we möhletlerini;
2) bilim maksatnamasyny özleşdirmegiň yzygiderliligini bozmazdan, dersleri öwrenmegiň ýarymýyllyklaryny;
3) umumy we ýörite hünär dersler düzüminiň derslerini we olaryň göwrümini.
4) gutardyş döwlet synagynyň görnüşini.