309
2024-nji ýylyň 13-14-nji martynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde saparda boldy.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň habar berişi ýaly, saparyň çäginde 13-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan çagyrylan Durnukly ösüş boýunça sebit forumynyň ýokary derejeli çäresine gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň başlygy, 2030-njy ýyl üçin halkara gün-tertibiniň ykdysady, ulag, aragatnaşyk we energetika pudaklarynda ileri tutulýan ugurlary, ýagny ýapyk aýlawly ykdysadyýete geçmek boýunça çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak, durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny, ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça Bileleşigi döretmek meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyna açyklygy beýan edildi.
14-nji martda türkmen wekiliýetiniň Halkara Migrasiýa Guramasynyň we Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýolbaşçylygy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.
Halkara Migrasiýa Guramasy hem-de BMG-zenanlar düzümi tarapyndan gurnalan durnukly ösüş boýunça sebit forumynyň çäklerinde Halkara Migrasiýa Guramasy bilen geçirilen duşuşykda taraplar Owganystanda zenanlaryň ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Hususan-da, türkmen tarapy goňşy ýurt bilen gatnaşyklary we gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigini, Türkmenistan bu işe mynasyp goşant goşýandygyny, munuň şeýle bolmagyna ýaňy ýakynda Aşgabatda geçirilen owgan harytlarynyň sergisiniň hem-de onuň netijeleri boýunça türkmen we owgan hususyýetçileriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň mysal hökmünde çykyş edýändigi görkezdi.
Halkara Migrasiýa Guramasynyň Baş sekretary owgan zenanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrylmagyna Türkmenistanyň ähmiýetli goşant goşýandygyny nygtady.
Bütindünýä söwda guramasynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen türkmen wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň BSG-ä girmek boýunça alyp barýan işleri we ädimleri barada pikir alyşma geçirildi.