663
Düýn Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli däp bolan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen her ýylda guralýan iki günlük foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurtlaryň, şol sanda Azerbaýjanyň, Belarusuň, Bolgariýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Fransiýanyň, Estoniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Bu gözden geçirilişde ylym-bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşiniň ýokary derejesi aýdyň beýanyny tapýar.
Umumy mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Ylymlar gününe bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň alymlaryň tagallalaryny ylmyň möhüm we geljegi uly ugurlaryna gönükdirmekde, özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynam bildirdi.
«Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr. Döwrümiziň ylmy-tehniki gazananlary, bilim hem-de innowasiýalar ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak ýoly bilen ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň, ähli ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanmagyň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Bitarap Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmagyň girewi bolup hyzmat edýär» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara guramalar we daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardygyny belledi.
Soňra dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow, Gyrgyz Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, habarçy agzasy Kanatbek Abdrahmatow, Belarusuň Milli ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibi Wasiliý Gurskiý, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibi Gaýrat Bahadirow, Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Lýazzat Ýeraliýewa we beýleki alymlar çykyş etdiler. Olar öz wekilçilik edýän ylmy merkezleriniň işiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler.
Umumy pikire görä, hut binýatlaýyn we amaly ylymlaryň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşi gazanmagyň, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylym-bilim ulgamyny döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistanda häzirki döwürde alnyp barylýan işler bu babatda nusgalyk mysaldyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan howpsuz we ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak üçin amatly şertler döredilýär.
Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşany, Türkmenistanda we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäherini “geljegiň şäheri” diýip atlandyrmak bolar. Kanun taýdan döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäheri durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy we ýokary tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagy maksat edinýän Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanydyr. Bu işde “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” aýgytlaýjy orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň we onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanylmagynyň ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlar düzümi üçin nazary bilimlerini, ukyplaryny, täzeçil tekliplerini iş ýüzünde ulanmagyň özboluşly mekdebine öwrülendigini bellemelidiris. Sebäbi hut ýaş nesiller Watanymyzyň geljegine, onuň okgunly ösüşine dahyllydyrlar.
Şeýlelikde, häzirki döwürde biz dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny, ýurdumyzyň alymlarynyň işläp taýýarlamalaryny özüne birleşdirýän häzirki zaman binýatlyk ylymlaryň kemala getirilmeginiň şaýady bolýarys. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna, şol sanda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, bilim, ylym, önümçilik ulgamlarynyň arasynda ýakyn özara baglanyşyk üpjün edilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesiniň berilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň esasy wezipelerini çözmäge gönükdirilen milli ylym ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin uly tagalla edýär. Iň gowy daşary ýurt tejribesini we gazananlaryny çekmegiň hasabyna ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy üpjün edýän halkara hyzmatdaşlyk milli ylym ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynda möhüm orny eýeleýär. Çykyş edenler yzygiderli geçirilýän ylmy duşuşyklaryň, pikir alyşmalaryň, hünär tejribeliginiň, halkara taslamalary we maksatnamalary bilelikde ýerine ýetirmegiň, ylmy barlaglaryň gurallarynyň ösüşiniň ylmy işleriň halkara derejä çykarylmagyny üpjün edýändigini bellediler. Bularyň ählisi diňe bir geçirilýän ylmy gözlegleriň netijeliligine däl-de, eýsem, halklaryň özara düşünişmegine, medeniýetleriniň baýlaşmagyna, olaryň netijeli gatnaşyklaryna hem ýardam edýär.
Şu günki ylmy maslahatyň ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildiren gatnaşyjylar halkara ylmy we ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen köptaraply tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirdiler. Ylmy mümkinçilikleriň milli gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidigini, döwletiň kuwwatynyň we gülläp ösmeginiň, dünýädäki abraýynyň ýokarlanmagynyň binýadydygyny belläp, çykyş edenler ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, ylmy dünýägaraýşyny giňeltmek babatda döwletimiz tarapyndan berilýän üns-alada ýokary baha berdiler.
Innowasion ösüş we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýoluna düşen Türkmenistanda ýokary derejeli, hemmetaraplaýyn kämil bilimli hünärmenleri — ylma durky bilen berlen ýaş zehinleri ýetişdirýän ýokary hilli bilim ulgamy kemala gelýär. Şunuň bilen baglylykda, zehinli ýaşlaryň gyzyklanmalarynyň artdyrylmagyna, möhüm ylmy barlaglary alyp barmak üçin şertleri döretmäge, geljegi uly ugurlarda olaryň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň geçirilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Asylly däbe görä, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň wekiliýet agzalary günüň ikinji ýarymynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen bu abraýly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşmaga çagyryldy.
Ertir ylmy maslahat ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek ýedi sany bölümçäniň çäginde öz işini dowam eder. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika”; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika”; Telekommunikasiýalar we informatika institutynda “Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary”; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary”; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasion ykdysadyýet”; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Ynsanperwer ylymlar”; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Magtymguly Pyragy — adamzat kalbynyň şahyry” atly mejlisler geçiriler.
Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýleri we beýleki gözel ýerleri bilen tanyşlygy öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.