img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigi geçirildi

312

...

Şu ýylyň aprel aýynyň 18-20-si aralygynda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ýangyn amaly sport bäsleşigiň 2024-nji ýyldaky döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirilip, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden deslapky bäsleşiklerde ýeňiji bolan, her biri bäş adamdan ybarat ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň jemi 7-si gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Içeri işler we Bilim ministrlikleriniň bilelikde guramaklarynda ýaş nesillerde watansöýüjilik, maksadaokgunlylyk, merdanalyk häsiýetlerini has-da kämilleşdirmek, döwlet we şahsy emläkleri gözüň göreji ýaly gorap saklamak, bu ugurda ýangyn söndürmek endiklerini ele almak ýaly wajyp häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda ýangyn amaly sport bäsleşigi yzygiderli geçirilýär. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýerinden mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen etraplarda we welaýatlarda deslapky bäsleşikler geçirilýär hem-de ýeňiji bolan topar, onuň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazanýar.

Hakyky sport we aýdym-saz bäsleşigine öwrülen bu çäräniň dabaraly açylyşyna welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň dabaraly konsert bilen gatnaşmaklary, olaryň Berkarar Watanymyz, bagtyýar zamanamyz baradaky, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk temadaky goşgularyna joşgunly aýdymlary, tans toparlarynyň ussatlyk bilen milli tanslary ýerine ýetirmekleri ýurdumyzyň çar künjünden gelen ýaş türgenleriň, bu çäräniň müňlerçe myhmanlarynyň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrdy.

Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň şahsy düzüminiň hem-de bäsleşige gatnaşyjy toparlaryň tolgundyryjy pursatlara baý bolan dabaraly ýörişinden soňra, ýaryşlara badalga berildi. Bäsleşikde her biri bäş adamdan ybarat bolan toparlar iki görnüş – ýangyn söndüriji enjamlary ulanmak arkaly 100 metr päsgelçilikli aralyga ylgamak, şeýle hem estafeta ylgawy – ýangyn söndüriji enjamlary ýüzugruna ulanyp, 400 metr päsgelçilikli aralygy geçmek boýunça özara bäsleşdiler. Ýaryşlaryň örän gyzykly, ýokary bäsleşik derejesinde geçmekligi, öňa gatnaşyjylaryň bu çärä ykjam taýýarlykly gelendiklerini, ýangyn söndürmegiň ilkinji endiklerini kämil ele alandyklaryny görkezdi. Ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet bäsleşigine tomaşa etmäge gelen müňlerçe jänköýerleriň şatlyk şowhuny astynda örän täsirli geçen ýaryşyň jemi boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň ýaş ýangyn söndürijiler topary 1-nji orna hem-de ýaryşyň göçme kubogyna mynasyp bolmaklygy başardylar. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 17-nji, şeýle hem Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdepleriň toparlary hem degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolmaklygy başardylar. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden toparlaryň ählisine hem dabaraly ýagdaýda ýörite diplomlar, jemgýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Bu bäsleşige ýurdumyzyň çar künjünden gelen ýaş türgenlerdir olaryň tälimçileri onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçendigini buýsanç bilwen belläp geçdiler.