img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Ýaş türkmenistanlylar rekruting boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

281

...

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) rekruterleri taýýarlamak boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigini yglan edýär. Treningi üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara hususy kompaniýalarda işe ýerleşmek mümkinçilik beriler.

Maksatnamanyň maksady gatnaşyjylara rekruter bolmak üçin zerur bolan amaly bilimleri we başarnyklary bermekden ybarat. Rekruter - işgärleri gözleýän we işe saýlap alýan hünärmendir. Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar treningler we tejribelik geçerler hem-de gatnaşyjylaryň işe ýerleşmegine ýardam bermek üçin iş ýarmarkasy geçiriler.

Maksatnamanyň amala aşyrylyşynyň möhleti 2024-nji ýylyň maý aýyndan iýul aýyna çenli. Bu maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler. Maksatnamanyň ýerleri çäkli we gatnaşyjylary bäsleşlik esasynda kesgitlener. Maksatnama tölegsiz esasynda geçirilýär.

Gatnaşmak üçin ýüz tutma formasyny 2024-nji ýylyň maý 13-ne sagat 14:00-a çenli doldurmaly.