159
Sport — saglyk, sport — ruhubelentlik, sport — gözellik. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport döredijilik başlangyçlaryny, maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem gujur-gaýratyň çeşmesidir. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr. Şoňa görä-de, türkmen ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport-bedenterbiýe hereketini işjeň ösdürýärler.
Men hem 9 ýaşymdan başlap, sportuň sambo, dzýudo, kuraş görnüşleri bilen meşgullanyp, dürli ýaryşlara gatnaşyp gelýärin. Ussat tälimçi Şirin Kubaýewanyň elinde tälim almagym öz saýlan sport görnüşlerimiň ähli emellerini inçeligi bilen öwrenmegime ýardam berdi.
Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini dabaralandyran nobatdaky taryhy waka boldy. Bu çempionat meniň ykbalymda hem täze sahypa açdy. Dogrusy, şeýle halkara ýaryşa ilkinji gezek gatnaşyp, mekdep okuwçysykam — 16 ýaşymda dünýä çempiony bolup, sportuň kuraş görnüşiniň taryhyna girmegim hyýallarymyň hakykata öwrülmesi boldy. Taryhda ilkinji gezek ýurdumyzda geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň jemi 15 medal gazanmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Şolaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş we 4-si bürünç medallardyr.
Şu ýylymyzda göwün söýen hünäriniň eýeleri bolmaga ilkinji ädimleri äden deň-duşlarymyň hatarynda maňa hem talyp bolmak bagty miýesser etdi. Geljekde hem türgenleşiklerimizi has-da berkidip, ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermäge öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda ähli döwrebap şertleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sabina KADYROWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.