162
Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ýurduň we dünýäniň ylym-bilim giňişliginde we ylmy dünýäsinde ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy işlerini hem-de innowasion ylmy işläp taýýarlamalaryny giňden ýaýmak üçin çärýekde bir gezek elektron görnüşde türkmen, iňlis, rus dillerinde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek barada aýdyldy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly žurnaly we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş» ylmy-amaly žurnaly hakynda gürrüň edildi. Elektron neşirleriň ikisem bu ýokary okuw mekdepleriniň resmi web-saýtlarynda okyjylara hödürlener.
«Filologiýanyň meseleleri» elektron žurnalynda ýurdumyzyň we daşary ýurtly alymlaryň hem-de talyplaryň filologiýanyň taglymat we amaly meseleleri, dünýä halklarynyň dilleriniň hem-de edebiýatynyň, şol sanda türkmen diliniň we edebiýatynyň taryhy, okatmagyň usulyýetleri, terjime işleri we beýleki meseleler barada makalalaryny neşir etmek meýilleşdirilýär. Neşiriň esasy maksady talyplaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we ýaş alymlaryň ylmy gözleglerini goldamak, olary ylmy-barlag işlerine gatnaşmaga höweslendirmek, şeýle hem milli bilim we ylym ulgamynyň ösmegine ýardam bermekdir. Žurnalyň neşirlerinde täze işläp taýýarlamalara, ylmy-amaly barlaglaryň dürli ugurlaryndaky täzelikler baradaky habarlara aýratyn üns bermek meýilleşdirilýär.
«Filologiýanyň meseleleri» žurnalynyň redaksiýasynyň geňeş agzalarynyň hatarynda onuň işini maksada gönükdirilen we täsirli etmek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bar. Žurnalyň birinji sanynda dil biliminiň, edebiýaty öwreniş ylmynyň, lingwodidaktikanyň we pedagogikanyň wajyp meseleleri boýunça makalalar, şeýle hem çeper eserler bar.
«Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş» elektron žurnalynyň sahypalarynda ykdysadyýet we ykdysady ösüş taglymatyna, innowasiýa ykdysadyýetiniň aýratynlyklaryna, durnukly ösüşiň ylmy esaslaryna, maliýe-bank ulgamynyň meselelerine bagyşlanan makalalar çap ediler, bu bolsa alymlaryň, bilermenleriň, telekeçileriň we talyplaryň arasynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilikler döredýär.
«Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş» žurnalynyň redaksiýasynyň geňeş agzalarynyň arasynda ýerli we daşary ýurtly ykdysadyýetçi alymlar bar. Şu günler žurnalyň birinji sanyny taýýarlamak boýunça işjeň işler alnyp barylýar we ol ýakyn wagtda institutyň saýtynda okyjylara elýeterli bolar. Elektron žurnalyň döredilmegi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlarynadyr talyplaryna döredijilik we ylmy işleri üçin täze mümkinçilikler açýar. Täze neşir instituta ylym- bilim merkezi hökmünde halkara abraýyny artdyrmaga mümkinçilik berer we dünýä ylmy ulgamyna işjeň goşulmagyna ýardam eder.