281
16 — 18-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň «2030-njy ýyla çenli Gün tertibini berkitmek we köp sanly çökgünlikleriň şertlerinde garyplygy ýok etmek: durnukly, çydamly we innowasion çözgütleri netijeli ornaşdyrmak» atly EKOSOS-yň Ýaşlar forumyna gatnaşdy.
Foruma BMG-niň ýolbaşçylygy, agza döwletleriň hökümet we ýaşlar guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň ýanynda maslahat beriş derejesine eýe bolan hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri we ýaşlar pudagynyň beýleki gyzyklanma bildiren taraplary gatnaşdylar.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutteriş öz çykyşynda BMG-niň täze Ýaşlar edarasynyň ýaşlar üçin wagyz-nesihat işini, sazlaşyklylygy, gatnaşygy we hasabatlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen döredilendigini belledi. Şeýle hem guramanyň Ýaşlar strategiýasyny rejelemek prosesiniň başlanandygy beýan edildi.
Forumyň barşynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, garyplygy ýok etmek we bilimde elýeterlilik ýaly dürli temalara bagyşlanan umumy mejlisler geçirildi.
Seminarlar gatnaşyjylara durnukly ösüşiň bähbitlerine gönükdirilen ýaşlar telekeçiligi, durmuş bähbitleri üçin innowasiýalary höweslendirmek hem-de ýaşlaryň ýolbaşçylygy arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ýaly dürli ugurlarda tejribe we pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.
Umumy mejlisleriň birinde çykyş eden Türkmenistanyň wekili ýaşlaryň milli-döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň COP 28 we ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumy ýaly halkara çärelere işjeň gatnaşandygy nygtaldy.