251
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, tunis tarapyna – Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlarda ýaşaýan tunislileriň işleri boýunça ministriniň orunbasary Munir ben Rajiba ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-tunis gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň göwrümini artdymagyň ýollary, maýa goýum, syýahatçylyk we oba hojalygy çygyrlaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, Türkmen-tunis parlamentara dostluk toparyny döretmek arkaly parlamentara hyzmatdaşlygyny hem-de ynsanperwer we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara ygrarlylyk beýan edildi.
Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar.