img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň Prezidenti güýzki bag ekiş möwsümine badalga berdi

53

...

Şu gün Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekiş çäresi geçirildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ekologik çärä hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutany Aşgabadyň günorta künjeginde, Arkadag myhmanhanasynyň golaýynda ählihalk bag ekişlik çäresini geçirmek üçin taýýarlanan ýere geldi. Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, halk köpçüligi, şol sanda mugallymlardyr talyp ýaşlar bu ýere ýygnandylar. Ekologik çärä gatnaşanlaryň hatarynda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň wekilleri hem bar.

Sungat ussatlary bu ýerde joşgunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekiş möwsümine badalga berdi. Hemmeler döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny oturtmaga girişdiler.

Çäräniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde käbir wise-premýerler bilen gürrüňdeş bolup, alnyp barylýan degişli işler, şol sanda ýurtda bag ekiş çäresiniň ýaýbaňlandyrylyşy, Aşgabatdaky gurluşyklaryň barşy bilen gyzyklandy.

Güýzki ählihalk bag ekiş çäresi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem giňden ýaýbaňlandyrylyp, ýokary ruhubelentlikde geçirildi.