img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

60

...

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Montana ştatynyň senatory, Energetika we tebigy baýlyklar boýunça komitetiň agzasy Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşmaga mümkinçilik döredendigi üçin Döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman ABŞ-nyň Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Stiw Deýnsi mähirli garşylap myhmanyň saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly ösüş mümkinçilikleri boýunça pikir alşylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak, ynam we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Bu gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky syýasy gepleşikleriň işjeň häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Bu ýagdaý durnukly ösüş, howpsuzlygyň üpjün edilmegi we howanyň üýtgemegi ýaly dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmaga şert döredýär.

Gepleşiklerde söwda-ykdysady ugur esasy hyzmatdaşlyk ugurlarynyň biri hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy. Ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň goşandy aýratyn bellenildi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurdumyz energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşylanda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.