215
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekilleri, jemgyýetçilik we syýasy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ulag we kommunikasiýalar boýunça agentlikleriň hünärmenleri çykyş etdiler, şeýle-de BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi.
Bellenilşi ýaly, «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirli zaman ýöriteleşdirilen infrastrukturany döretmek, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornuny mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly strategik ugurlar göz öňünde tutulýar. Şu nukdaýnazardan, 2024-nji ýylyň 15-19-njy apreli aralygynda Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ähmiýeti beýan edildi.
Ýurdumyzyň ulag boýunça 10-dan gowrak halkara konwensiýalaryna gatnaşýandygyny, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmek başlangyjyny öňe sürendigini nygtamak bilen, çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014, 2015, 2017 we 2021-nji ýyllarda köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul edendigini nygtadylar.
Maslahat öz işini «Durnukly ulag ulgamy - söwda-ykdysady gatnaşyklaryň daýanjydyr» atly tema boýunça tegelek-stol görnüşinde dowam etdi.