260
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda HZG-nyň Baş direktorynyň kömekçisi, HZG-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit edarasynyň sebit direktory Beata Andresiň şu ýylyň fewralynda amala aşyran saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-nyň köp ýyllaryň dowamyndaky özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtadylar. Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäginde geljekde hem ulgamlaýyn esasda gepleşikleri ýola goýmak we gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.
Söhbetdeşleriň pikirine görä, Türkmenistan bilen HZG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikinji toplumlaýyn resminamasy bolmak bilen, «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» ýakyn gelejek üçin özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we anyk ädimlerini kesgitledi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Halkara zähmet konferensiýasynyň geljekki 112-nji mejlisine taýýarlyk görmegi bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.