img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görülýär

56

...

Türkmenistanda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyna taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, 16-njy noýabrda jemleýji dabarany, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 8-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek dabarasyny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowanyň şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatyny diňläp, ýurtda medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmegi, medeni mirasy öwrenmegi we giňden wagyz etmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Döwlet Baştutany kitaphanalaryň, muzeýleriň işini kämilleşdirmegiň wajypdygy barada aýdyp, bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Medeniýet günleriniň, festiwallaryň, bilelikdäki konsertleriň geçirilmegine-de möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygy bellenildi.