2847
Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda okan talyplar ilkinji gezek iki ýyllyk önümçilik tejribesini geçmezden diplom aldylar. Tölegli esasda okan talyplara diplomlary gowşurmak dabarasy ilkinji gezek Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Mundan beýläk tölegli bilim alanlar diplom almak üçin iki ýyllyk önümçilik tejribesini geçmeli bolmazlar. Elbetde, bu lukmançylyk we pedagogika ylymlaryny öwrenýänlerden başga hünärlere degişlidir. 23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda çykaran 1113-nji Karary bilen tassyklanan Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.