img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanda syýahatçylyk işini guramagyň hukuk esaslary

346

...

Türkmenistanda syýahatçylyk işini guramagyň hukuk esaslary “Syýahatçylyk işini, bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny bitirmek boýunça işi ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 11-nji noýabrynda çykaran degişli Karary bilen düzgünleşdirilýär.

Syýahatçylyk işi diýlip, gezelençleri we olar bilen baglanyşykly syýahatçylyk hyzmatlaryny guramak boýunça ýuridik şahslaryň we hususy telekeçiler hökmünde hasaba alnan fiziki şahslaryň işine düşünilýär.

Syýahatçylyk işini amala aşyrmaga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyyet ministrligi tarapyndan berilýän ygtyýarnamanyň esasynda guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, olar üçin bu iş tertipnamalaýyn iş bolup durýan şahsy (hususy telekeçiler hökmünde hasaba alnan) we ýuridik şahslar haklydyr.

Syýahatçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama şu aşakdaky işleri ýerine ýetirmäge hukuk berýär:

  • syýahatçylyk gulluklarynyň işine;
  • syýahaty alyp baryjylaryň işine;
  • syýahatçylyk çygrynda bronlamak we beýleki işlere.

Syýahatçylyk işi ygtyýarlylandyrylanda, şol bir wagtda ygtyýarnama berlen tarap resmi taýdan ykrar (akkreditasiýa) edilýär we oňa syýahaty alyp baryjylaryň ýa-da syýahatçylyk gulluklarynyň derejesi berilýär.

Syýahatçylyk gulluklarynyň işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama ygtyýarnamala şu hyzmatlary etmäge:

  • Türkmenistanda giriş we içerki syýahat boýunça syýahatçylyk ugurlaryny (syýahatlary) döretmäge, amala aşyrmaga;
  • Türkmenistan boýunça ýörişleri we gezelençleri guramaga, geçirmäge;
  • syýahatçylygyň giriş we içerki ugurlary üçin ulaglaryň ähli görnüşlerini bentlemek hem-de petekleri almak boýunça hyzmatlary etmäge;
  • wagtlaýyn ýaşalýan ýerlere ýerleşdirmek boýunça hyzmatlara;
  • nahar bermek boýunça hyzmatlara;
  • giriş resminamalaryny resmileşdirmäge;
  • ýolbeletçilik-terjimeçilik we syýahaty guramak boýunça hyzmatlary etmäge;
  • habarlar-mahabat üpjünçiligine;
  • syýahatçylara hyzmat etmek boýunça medeni-güýmenje hem-de sport çäreleriniň maksatnamalaryny taýýarlamaga we beýleki hyzmatlary etmäge hukuk berýär.

Çykyş syýahatyny guramagy syýahatçylyk gulluklary diňe syýahaty alyp baryjylaryň üsti bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda öz aralarynda baglaşylan şertnamanyň esasynda amala aşyrýar.

Syýahatçylyk işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama 3 ýyl möhlete berilýär. Bu möhlet kanunçylykda bellenen tertipde gysgaldylyp ýa-da uzaldylyp bilner.