434
“Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işi hususy we karz serişdeleriň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, täjirçilik banklarynyň, özara karzlaşdyryş jemgyýetleriniň, karzlaşdyryş birleşmeleriniň, mikromaliýe guramalarynyň karzlarynyň we zaýom serişdeleriň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Täjirçilik banklary, özara karzlaşdyryş jemgyýetleri, karzlaşdyryş birleşmeleri we mikromaliýe guramalary kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işini maliýeleşdirmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrýarlar.
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işini karzlaşdyrmak, telekeçiligi ösdürmegi maliýeleşdirmek, täze we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna grant bermek, ykdysady, söwda we senagat ýörite zolaklaryny döretmek bilen bagly infrastruktura, şol sanda inžener üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak, maýa goýum taslamalaryna paýly gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen döwletiň hasabyna maliýe serişdeleri berlip bilner.
Kiçi we orta telekeçiligiň, üstünlikli işlemegi ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny döretmek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar.