212
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça dialogynyň 16-njy mejlisi geçirildi.
Mejlisi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug açdylar.
Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer hukugy we adam hukuklary çygrynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Raýat jemgyýetini kämilleşdirmek, hukugyň hökmürowanlygy we kazyýet reformasy, şeýle hem bilim, saglyk, gender deňligi, çagalaryň we maýyplaryň hukuklaryny goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşyldy.
Dialogyň dowamynda taraplar hukuk goraýjylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine we adam hukuklary ulgamynda jogapkärçiligiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekip, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Adalatçynyň Diwanynyň şu ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işi bilen baglanyşykly meseleleriniň üstünde durup geçdiler.
Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda geljegi nazarlaýan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine garadylar.