img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistan Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň ýerliginiň ýerine ýetirilişinde gazanylan öňe gidişlige syn berýär

243

...

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 30-njy aprelinden 1-nji maýy aralygynda Zenanlaryň ýagdaýy boýunça dördünji Bütindünýä maslahatynda kabul edilen Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň ýerliginiň milli derejesinde ýerine ýetirilişine syn bermek boýunça maslahat geçirdi. 

Maslahata Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň iş toparynyň agzalary – ministrlikleriň, döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda hyzmatdaşlar ýurdumyzdaky jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen gender deňligi meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, hemmetaraplaýyn syn üçin milli derejede goşmaça maglumat ýygnamak we Pekin jarnamasynyň hem Hereketleriň ýerliginiň ýerine ýetirilişinde gazanylan üstünliklere baha bermek maksady bilen, iş duşuşygyny geçirdiler. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini goramak bilen meşgullanýan jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini öz içine alan bu maslahat Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk görülýän, 2025-nji ýylda bellenjek Zenanlaryň ýagdaýy boýunça dördünji Bütindünýä maslahatyň çäginde gender deňligi barada giň gerimli we köp meseläni öz içine alýan gepleşik geçirmäge mümkinçilik berdi.

1995-nji ýylda Zenanlaryň ýagdaýy boýunça dördünji Bütindünýä maslahatynda kabul edilen Pekin jarnamasy we Hereketleriň ýerligi gender deňligini gazanmaga we durmuşyň ähli ugurlarynda zenanlaryň ygtyýarlaryny artdyrmaga gönükdirilen esasy resminamalardyr. 189 ýurt tarapyndan kabul edilen Pekin jarnamasy we Hereketleriň ýerligi dünýäde gender deňligini ösdürmek üçin iň giň gerimli meýilnama bolmagynda galýar.