img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşygy

151

...

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Wekiliýetiň düzüminde, şeýle hem, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň syýasy geňeşçisi Aaro Ilitalo, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beate Peksa, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň geňeşçisi Renata Wrobel we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işleri boýunça ýewropa gullugynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ditmar Krissler gatnaşdylar. 

Bilim maksatnamalaryna we sanlylaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Ýewropa Bileleşiginiň goldawy esasynda bu maksatnamalaryň Türkmenistanda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynda we bütindünýä meseleleri çözmek üçin zehinli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orun eýelejekdigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda bilimde we ylymda gender deňliginiň möhüm meselelerine hem garaldy. Jynsyna garamazdan, hemmeler üçin ýokary hilli bilimiň deň elýeterliligini goldamaga, şeýle hem bilim we hünär ugurlarynda zenanlar üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki hyzmatdaş hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde we ýurduň jemgyýetçilik we ykdysady gurluşlaryny berkitmekde möhüm ugur bolan gender deňliginiň ilerledilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny nygtap, Türkmenistanda ylmy mümkinçilikleriň we bilim standartlarynyň kämilleşdirilmegine goşant goşýan Erasmus+ maksatnamasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki başlangyçlarynyň çäklerinde häzirki wagtda dowam edýän maksatnamalaryň ähmiýetini bellediler hem-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Bu duşuşyk, uzak möhletli durnukly ösüşi goldamakda hem-de medeni we bilim babatda gatnaşyklaryň berkidilmeginde, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli häsiýetlidigini tassyklady.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.