img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýokary bilimiň akkreditasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

359

...

Kent, Ogaýo ştaty, 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabry – Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň ABŞ-a resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň Ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça Geňeşiň (CHEA) wekilleri – Ykrar etmek meseleleri boýunça wise-prezident Loretta S. Uoldron we ylmy-barlaglar hem-de syýasy seljerme işleri boýunça wise-prezident Mişel Klawil bilen nertijeli onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň birinji sekretary Şöhrat Pirmuhammedow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şihliýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew gatnaşdylar.

Türkmenistanyň akkreditasiýa ulgamyny halkara derejesine çykarmak we bilim maksatnamalaryny akkreditasiýa etmekde dünýäde gazanylan öňdebaryjy tejribelerini ýurdumyzda ornaşdyrmagyň meseleleri duşuşygyň esasy temasy boldy. 

Ykrar etmek meseleleri boýunça wise-prezident Loretta S. Uoldron öz giriş çykyşynda   CHEA-nyň diňe bir bilim edaralary bilen däl, eýsem bütin dünýä boýunça  akkreditasiýa agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, munuň bolsa halkara standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli akkreditasiýa ulgamlarynyň ösdürilmegine mümkinçilik berýändigini bellap geçdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew CHEA wekillerini hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, 2022-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde kärleri ykrar etmek baradaky  Lissabon konwensiýasyna goşulandygyny we halkara talaplaryna laýyklykda ýokary bilimiň standartlaryny işläp taýýarlamak işleriniň dowam etdirilýändigi nygtap geçdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň ýokary bilimi akkreditasiýa etmek ulgamynyň geljegi we ýurdumyzyň CHEA-nyň Halkara hil toparyna (CIQG) goşulmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. CIQG, bilimde hil üpjünçiligi boýunça halkara derejede işleýän guramalary we bilermenleri birleşdirýär. CIQG-e agza bolmak, bilimiň hilini gowulandyrmak boýunça halkara başlangyçlara gatnaşmaga mümkinçilik döredýär. CIQG öz agzalaryna akkreditasiýa meseleleri boýunça seljerme resminamalaryna we gollanmalara elýeterliligi üpjün edýär, şeýle hem dürli ýurtlardan bolan kärdeşlere  tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär.

CHEA-nyň wekilleri halkara hil nyşany bolan akkreditasiýa agentlikleriniň ykrar edilmegi boýunça çäreler toplumlary barada jikme-jik maglumat berdiler. Bu bolsa  akkreditasiýadan geçen ýokary okuw  mekdeplerine diplomlary halkara zähmet bazarynda ykrar edilýän uçurymlary goýbermäge kömek edýär.

Geljekki hyzmatdaşlygyň  ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleri:

- Türkmenistan ýokary bilimiň hil üpjünçiligi boýunça mehanizmleri we talaplary işläp taýýarlamak üçin CHEA-nyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini akkreditasiýa etmek işine halkara standartlaryny utgaşdyrmaga ýardam berjek bilelikdäki seminarlary we duşuşyklary geçirmek teklip edildi.

- Bilim işine halkara hil standartlaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymylary we dolandyryş işgärleri üçin öwrediji okuw maksatnamalary hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolar. 

- CHEA tarapyndan akkreditasiýa agentlikleriniň ykrar edilmegi boýunça talaplaryň we çäreler toplumlarynyň öwrenilmegi halkara hil nyşanyna eýe bolnandygyny aňladar.

Taraplar Study in USA, SUSI we IVLP ýaly maksatnamalary peýdalanmak arkaly halkara akkreditasiýa etmek ulgamynda we bilimiň hilini üpjün etmekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar halkara standartlaryna laýyk gelýän we Türkmenistanda ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamakda durnukly we netijeli akkreditasiýa mehanizmini döretmekde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge meýilleriniň bardygyny aýan etdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.