321
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň gümrükhanasynda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin sebitara okuw geçirildi.
Bu okuw Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň gözegçilik maksatnamasynyň çäginde gurnaldy. Okuw Bütindünýä gümrük guramasynyň hünärmeni Swetlan Sawow tarapyndan geçirildi.
Okuw Port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň töwekgelçilikli ýükleri profilirlemek, olary saýlamak we bikanun ýük daşamalaryň öňüni almak, resminamalary we ýükleri barlamagyň usullary boýunça bilimlerini artdyrmagy maksat edinýär. Oňa gatnaşanlar konteýnerler barada 1972-nji ýyldaky gümrük konwensiýasynyň düzgünleri, gümrük gullugynyň nukdaýnazaryndan intellektual eýeçilik hukugy we ygtybarly maglumat alyş-çalşygy üçin Bütindünýä gümrük guramasynyň «ContainerСОММ» platformasy bilen tanyşdylar.
Okuwyň amaly böleginde, gatnaşyjylar resminamalary maksatly saýlamak we gözegçilikde saklamak, maksatly saýlamaga esaslanan usullar, gözden geçirmek üçin saýlanan ýükleri fiziki gözden geçirmek, şeýle hem aýry-aýry ýükler barada deslapky maglumatlary port gözegçilik toparlary alyşmak boýunça alan bilimlerini amala aşyrdylar.