263
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary «Times Higher Education» (THE) atly Aziýa uniwersitetleriniň sammitine gatnaşdylar. Sammit Kuala-Lumpurda Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň goldamagynda 29-njy aprelden 2-nji maý aralygynda geçirildi.
Giň gerimli forum Aziýa yklymynyň ähli künjeklerinden ýüzlerçe gatnaşyjylary – 17 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, Hindistandan, Singapurdan, Gonkongdan, Taýlanddan, Hytaýdan, Türkiýeden, Filippinlerden, Indoneziýadan, Ýaponiýadan, Malaýziýadan, Kambojadan we beýlekilerden THE Awards Asia 2024 diýen altynjy baýragyň ýeňijilerini bir ýere jemledi.
Sammitiň ilkinji gününde abraýly baýragyň ýeňiji uniwersitetleri yglan edildi, şeýle hem olary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň baýraga dalaşgärleriň arasynda mynasyp orny eýeländigini hem-de Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinjileriniň biri bolup, THE Awards Asia 2024-iň ýeňijileriniň sanawyna girendigini bellemek gerek. Bu sanaw THE Britan guramasynyň saýtynda ýanwar aýynda neşir edildi. Bu sanawda ýokary okuw mekdepleriň 80-si ýerleşdirildi (10 tapgyrlaryň hersinde 8-den). Şu ýyl baýragy almak ugrunda 22 ýurtdan 600-den gowrak ýokary okuw mekdepler dalaşgärlik etdiler.
Ýüzlerçe gatnaşyjylaryň arasynda türkmen uniwersiteti THE Awards Asia-nyň bilermenleriniň ýokary ykrarnamasyny alyp, Student Recruitment Campaign of the Year (Talyplary çekmek boýunça ýylyň möwsümi) sylagyň tapgyrynda finala hem-de iň oňat uniwersitetleriň sekizligine girdi.
2019-njy ýylda döredilen we «Ýokary bilimiň Oskary» hökmünde giňden meşhur bolan THE Awards Asia baýragy akademiki ylmy, liderligi, menejmenti, hünär derejesinde hyzmatlary goşmak bilen dürli pudaklarda ýokary okuw mekdepleriň alyp barýan ajaýyp işlerini belleýär hem-de uniwersitetleriň kämillige we ösüşe bolan ymtylmalaryny höweslendirýär.
THE atly Aziýa uniwersitetleriniň Sammitiniň çäklerinde türkmen mugallymlary tanyşdyrylyş dabaralaryna, model mejlislere, tegelek stollara, «Aziýada transmilli bilimiň ýagdaýlary we hereketlendiriji güýçleri», «Durnukly geljegiň bähbidine zähmet üpjünçiligi», «Sanly tehnologiýalar eýýamynda ukyp-başarnyklaryň üýtgeýän keşbi», «Okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we ukyplary ösdürmäge innowasion çemeleşmeler» diýen temalarda tanyşdyrylyşa işjeň gatnaşdylar.
Sammitiň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary, bilelikdäki ara alyp maslahatlaşmalar boldy, «Akademiki erkinligiň wajyplygy», «Ýokary bilimiň, mümkinçilikleriň we bosgunlar üçin özbaşdaklygyň giňeldilmegi», «Gözegçilik etmek bilen özbaşdak hereket etmegiň arasyndaky sazlaşyk», «Talyplaryň pikirleri» we beýleki temalarda sergiler geçirildi.
Malaýziýa iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Tenaga Milli uniwersitete (UNITEN) baryp gördüler. Duşuşygyň dowamynda iki ýokary okuw mekdebiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň, ylmy-barlag işlerini geçirmegiň mümkinçiliklerine we meýilnamalaryna garaldy. Türkmen mugallymlary malaýziýaly kärdeşlerini 8-nji iýunda Aşgabatda utgaşykly görnüşde geçiriljek «Ýaşyl ykdysadyýetiň esasy ugurlary: eko-, nano-, bio-, maglumat tehnologiýalary» atly maslahata gatnaşmaga çagyrdylar.
Sammite gatnaşyjylar üçin ýörite baryp görmek arkaly Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetine tanyşlyk gezelenji guraldy. Sammiti guraýjylaryň hem-de Aziýanyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirendiklerini belläp geçmek ýerlikli bolar.