113
27-nji sentýabrda Tbiliside Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli her ýylky Halkara maslahaty geçirildi. Gruziýa BMG-niñ bu maslahatyny ilkinji gezek kabul etdi.
Çärä 40-dan gowrak ýurtlardan ýokary derejeli myhmanlar, syýahatçylyk ministrleri, halkara guramalaryñ wekilleri hem-de syýahatçylyk pudagynyñ ýokary taýýarlykly hünärmemleri gatnaşdy. Medeniýet ministrliginiñ syýahatçylyk pudagy boýunça bölüm müdiriniñ ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkmenistana wekilçilik etdi.
Gruziýanyñ premýer-ministri Irakli Kobahidze hem-de BMG-niñ Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyñ Baş sekretary Zurab Pololikaşwi ýygnanşanlaryñ öñünde çykyş etdiler.
Bu ýyl "Syýahatçylyk we parahatçylyk" Bütindünýä gününiñ baş mowzugy boldy. Çäräniñ çäginde bölümçe çekişmeleri, syýahatçylygy ösdürmegiñ dünýä tendensiýalary we senagat ösüşiniñ nukdaýnazaryndan parahatçylygyñ ähmiýeti baradaky maslahatlaşmalar geçirildi.
Bellenilişi ýaly, syýahatçylyk milletleriñ arasynda parahatçylygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda hem-de ylalaşdyryjy prosessleri goldamakda itergi güýç hökmünde möhüm orun tutup bilýär.