img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmen wekiliýeti Eýranyň Gülistan welaýatynda saparda bolýar

242

...

Ýurdumyzyň wekilçilikli topary Eýran Yslam Respublikasynyň Gülistan welaýatynyň Gürgen şäherinde zyýarat sapary bilen boldy.

Munuň özi  dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň görnükli wekilleriniň biri bolan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň belent tutulýandygynyň we akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň taryhy ähmiýeti bolan wakalara hem-de ýatda galyjy pursatlara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gürgen şäheri welaýatyň edara ediş merkezi bolmak bilen, ol Hazar deňzinden 30 kilometr töweregi gündogarda ýerleşýär. Ýurdumyzyň çäginden geçýän Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrülen  Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň hem hut şäheriň üstünden geçýändigini bellemeli.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýakyn-alysdaky ýurtlar bilen gatnaşyklar netijeli häsiýete eýe bolýar. Şunda goňşy döwletler bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm  ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykmagynyň möhüm şertini emele getirýär. 

Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgam boýunça ösdürilmegi gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. 

Eýranyň Gülistan welaýatynyň häkimliginiň we ýerli medeniýet hem-de sungat wekilleriniň guramagynda ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çärelerde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşi, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýeten derejesi öz beýanyny tapdy. Şunda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine giň mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. 

Diňe bir türkmen  halkynyň däl, eýsem,  tutuş Gündogaryň beýik söz ussady hökmünde ykrar edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyna goňşy ýurtlarda, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynda hem  uly ähmiýet berilýändigini  bellemek ýakymly. 

Şol gün Eýranyň Gülistan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň çaý başyndaky duşuşygy geçirildi. Onda akyldar şahyryň ýubileý dabaralaryny giňden ýaýbaňlandyrmak we şahyryň döredijilik dünýäsini ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.