img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

«Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

716

...

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň esasy maksady Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny ýaýmakdan, milli arhiw işiniň esasy taglymat binýadyny ösdürmäge ýardam bermekden, bu ugurda gazanylanlary wagyz etmekden ybaratdyr diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

«Täze neşirler» atly bölümde okyjylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitaby hem-de «Ösüşiň täze belentliklerine tarap», «Arkadagyň paýhasy — zamananyň ýalkymy», «Arkadagyň döwletlilik taglymaty — ösüşleriň gözbaşy», «Hatyra», «Elektroenergetika pudagy ykdysady ösüşiň möhüm şertidir», «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» atly neşirler, şeýle hem «Syýasat we jemgyýet» žurnaly barada gysgaça synlary okap bilerler.

«Türkmen arhiwi» neşiriniň nobatdaky sanynda ýerleşdirilen birnäçe makalalarda türkmen topragynyň iň gadymy künjekleriniň birinde kemala gelen täsin Arkadag şäherini döretmek başlangyjy barada gürrüň berilýär.

Çap edilen makalalaryň birnäçesinde ylmyň, medeniýetiň we sungatyň görnükli wekilleri, hususan-da, Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarow, SSSR-iň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedow, türkmen opera aýdymçysy, mugallym, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa, Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowa, TSSR-iň at gazanan lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Abdyrahman Ahundow hem-de görnükli mugallym Gurt Toýlyýew barada gürrüň berilýär. Täze neşirde alym, birnäçe döwlet baýraklarynyň eýesi, zähmet weterany, harby lukman Saçly Dursunowa baradaky makalanyň hem ýerleşdirilendigini bellemelidir.

Nobatdaky neşire edebi çeşmelerde türkmen toýunyň däp-dessurlary, halkyň durmuşynda suw degirmeniniň orny baradaky makalalar hem girizilipdir.