img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Törebeg hanymyň aramgähi

339

...

Törebeg hanymyň aramgähi diýlip atlandyrylýan  ymarat Köneürgenjiň demirgazygynda ýerleşýär. Ymarat özüniň takyk deňagramlylygy, ýokary çeperçilik we ussatlyk bilen örülip çykarylmagy, bezegleriniň nepis we köp öwüşginliligi bilen Orta Aziýada deňi-taýy bolmadyk, bina hasap edilýär.

Törebeg mimaryň aramgähi Köneürgenjiň XIV asyrda, Altyn Ordadan gysga wagtlyk bolsa-da garaşsyzlygyny gazanan döwründe, Goňrat Sufileriniň ýerli nesilşalygy mahalynda bina edilýär. Onuň ady Köneürgenjiň hökümdary Gutluk Temiriň aýalynyň ady bilen baglanşyklydyr. Ýadygärligiň gurulan senesi XIV asyryň ikinji çärýegine degişli edilýär.

Aramgähiň peştagynyň tagçasynyň aşagy kiçiräk açyk eýwançany emele getirýär. Peştagyň ýüzünde bir wagtlar “П” harpy şekilinde tutuş ýazgylar bolupdyr. Tagçanyň aşagy we gapynyň üsti dürli reňkli syrçaly nagyşlar bilen doldurypdyrlar. Peşdagyň ýüzündäki hatlardan birnäçe harp saklanyp galypdyr.

Uly gapy bilen kiçiräk, däliz atly otaga girilýär. Däliziň üç sany gapysy bolup, öňdäki uly gapy zyýarathana, sagdaky, ýokary çykylýan köp öwrümli merdiwana, çepdäki, garawulhana alyp barýar. Zyýarathana girilende, beýleki köp nagyşlarda gözüň eglenmän, nazaryň gümmeziň astyndaky ajaýyp nagyşlar düşüp saklanýar. Sebäbi bezegler köp reňkli kaşin syrçaly, geometrik suratly nagyşlardan ybarat. Göni we kese çyzyklar biri-birinden geçip, dört, dokuz we on burçly ýyldyzlary emele getirýär.

Gümmeziň aý-aýdyň gijäniň ýyldyzly asmanyny ýadyňa salýan bezegleri astronomiýa  ylmyndaky on iki burça meňzeýär. Burçlary ýatladýan şekiller on iki jübüt bolup, aýal-gyzlaryň gülýakasyna çalym edýär. Şol “gülýakalara” sahylyk bilen köp zer çaýylypdyr. Olaryň her biriniň ortasynda käsäniň ululygynda gaşy bolupdyr.

Gümmeziň guşagyndaky 12 sany we ymaratyň göwresindäki 8 sany penjirelerden düşýän şöhle bu ymaratyň içini Köneürgenjiň ähli ýadygärliklerinden ýagty edýär. Guşagyň penjileriniň deňindäki nagyşlar ýerine oturdylyp ýygnalmazdan öň, kerpiç örenler ussatlygyň ýokary derejesini görkezipdir. Bu ymaratda kerpiç bilen syrçaly nagyş bezegler beýlekisiniň üstüni doldurýar.

Ymaratyň demirgazyk tarapyndan üsti gümmezli bölegi bolupdyr we ol peştak günorta tarapdakydan birneme kiçi bolupdyr. Ýer titremegi zerarly uly peştak sarsanda, kiçisi onuň agramyna ýykylan bolmagy mümkin diýip çaklaýanlar hem bar.