img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Täze tehnologiýalar gadymy budda heýkelini gaýtadan dikeltmäge ýardam eder

496

...

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde ýerleşýän Getti muzeýiniň wekiliýeti şu günler nobatdaky gezek Aşgabat şäherinde saparda bolýar. Bu sapar Türkmenistanyň Döwlet muzeýi bilen bilelikde gaýtalanmajak taryhy tapyndyny – Gadymy Merwden tapylan bäşinji asyra degişli Buddanyň kelle heýkelini aýawly saklamak we gaýtadan dikeltmek boýunça işleriň çäklerinde guraldy. 
Bu ABŞ-nyň ilçileriniň gaznasynyň Medeni mirasy goramak boýunça maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän 30-njy taslamadyr. 

Üç hünärmen – Sýuzanna Gensike, Fabio Kolombo we Juzeppe Salemi geçen gezekki saparlarynda taryhy tapyndyny aýap saklamak we dikeltmek boýunça çemeleşmeleri kesgitlemek üçin onuň ýagdaýyna baha berdiler. 
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Merwde mundan bir ýarym müň ýyldan gowrak öň gurlan buddizm döwrüne degişli binagärlik-heýkeltaraşlyk desgasynyň bir bölegi bolup durýan diregleriň üstünde oturdylan Buddanyň kelle heýkelini gorap saklamak boýunça alyp baran işlerini netijelerini beýan etdiler. 
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy şäher medeniýetleriň we dinleriň kesişýän, parahatçylyk esasynda gülläp ösen ýeri bolupdyr. 

Getti muzeýiniň gadymy tapyndylary gorap saklamak boýunça bölüminiň başlygy Sýuzanna Gensike alymlaryň çaklamalaryna görä, binagärlik-heýkeltaraşlyk desgasynyň diregleriň weýran bolmagy netijesinde, budda ybadathanaçylary heýkel kelläni aýawly saklamak üçin ony ýere gömüpdirler. 
Kelle heýkeli 1960-njy ýylda akademik Mihail Masson tarapyndan Parfiýa döwrüne degişli Gäwürgala gadymy şäherinde geçirilen barlaglaryň netijesinde üsti açylýar. 

Amerikaly bilermenler Buddanyň kelle heýkeliniň fotoresminamalaryny we fotogrammetriýasyny gözden geçirdiler. Hususan-da, geljekde öwrenmek üçin palçykdan ýasalan kelle heýkeliniň topragyndan 12 bölek, ýüz böleginden hem 10 nusga hasaba alnypdyr. Bu ädimler heýkeliň durnuklylyk derejesine düşünmäge we 3D usulynda modelilerlemek arkaly tapyndyny gaýtadan dikeltmäge ýardam etdi. 
Sýuzanna Gensike dürli şertleriň täsiri netijesinde asyl keşbiniň ýitirilmegine sebäp bolan palçykdan ýasalan heýkeliň möçberiniň näderejede bolandygyna düşünmäge esas berýän suratlary görkezýär. 
“Biz Buddanyň kelle heýkelini dikeltmek boýunça bu möhüm taslama gatnaşýandygymyza örän şatdyrys. Ol ABŞ-nyň ilçileriniň gaznasynyň Medeni mirasy goramak boýunça maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän 30-njy taslama bolup, bu grant Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilen 2022-nji ýylynda gowşuryldy. 

Taslama gatnaşýan kärdeşleri bilen tanyşdyran Fabio Kolombo tebigaty goraýyş hünärmeni hökmünde öz işinde buddaçylyk ugruna ünsi jemleýändigini we Juzeppe Saleminiň gadymy artefaktlary - fotogrammetri dikeltmek üçin 3D tehnologiýalary bilen meşgullanýandygyny aýtdy. Fabio we Juzeppe Getti muzeýinde öz ugurlary boýunça hünärmen bolup işleýärler. Olar bu goşmaça hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygyna garaşýarlar.
Gensike taslamanyň häzirki wezipesiniň geljekde birleşdirmek üçin kelläniň böleklerini berkitmek bolup durýandygyny aýtdy. Deňeşdirip aýdanyňda, bu wazanyň böleklerini bir ýere jemlemekden hem gaty çylşyrymly we köp wagt talap edýän işdir. Onuň pikiriçe, bu işde gözlegçiler hem köp täze zatlary öwrenýärler we synagdan geçirýärler.

"Ahyrky maksadymyza barýan ýolumyzyň başyndaky häzirki ýagdaýymyzda bu ýoluň nirä eltjegini entek anyk aýdyp bilmeris" -diýip, ol aýtdy we tapyndynyň umumy görnüşiniň ilkibaşda nähili bolandygyny öwrenmegiň agyr işi we takyklygy talap edýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Sýuzanna Gensike, Türkmenistan Döwlet muzeýiniň işgärlerine bu işde beren kömekleri, barlaghanalary ulanmaga bermekleri we ynam bildirendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Ol alnyp barlan işleriň köp gyzykly ylmy maglumatlary getirjekdigine ynam bildirdi.

Fabio Kolombo, bu taslama gatnaşmagynyň ozalkylardan düýpgöter tapawutlydygyny aýtdy. Sebäbi bu gözleg köp zatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.
“Öwrenýän heýkeltaraşlygymyz dürli etaplary we tapgyrlary başdan geçirdi, şonuň üçin bu döwürde näme bolandygyny we başda nähili bolandygyny görmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny nädip ulanyp boljakdygyna düşünmek gaty möhüm we gyzykly” - diýip, Kolombo aýtdy.
Juzeppe Salemi hem öz gezeginde bu taslama gatnaşýandygyna diýseň begenýändigini we ýokarda agzalyp geçilen fotogrammetriýanyň taslamanyň diňe birinji bölegidigini, indi ulanyljak tehnologiýalaryň görnüşleriniň diň biridigini aýtdy. 
Şeýle hem bu ýadygärligi 2D we 3D formatda düýpli takyklyk bilen öwrenmäge we resminamalaşdyrmaga kömek etjek gurluşly yşyk we 3D lazer skaneri we beýleki täzelikler ulanylar.

“Adamlaryň gelip, bu täsin ýadygärligi asyl durkunda görüp biler ýaly ýagdaýy döretmek alyp barýan işimizň ahyrky maksady. Buddanyň kelle ýadygärligini 3D görnüşinde döretmek hem göz öňünde tutulýan wezipeleriň biri. Heýkeliň böleklerini dikeltmäge we goramaga mümkinçilik berýän käbir gurluşlary döretmek üçin eýýäm 3D usulynda çap etmek tehnologiýasyny peýdalandyk we ulanmagy dowam etdireris” diýip, Salemi aýtdy. 
Sýuzanna Gensike toparyň Aşgabatdan uzakda köp nazaryýet işiniň alnyp barylýandygyny, Juzeppe Saleminiň işleýän Padua şäherinde-de taslama bilen baglanyşykly beýleki işleriň dowam etdirilýändigini we anyk netijeleri indiki ýylyň ahyryna çenli gazanyp boljakdygyny aýtdy. 
“Garaşylýan we möhüm netije, taslama wagtynda alnan ylmy materiallaryň esasynda ýörite ylmy işiň neşir edilmegi bolar” diýip, Gensike sözüni jemledi.
... Sýuzanna Gensike Türkmenistana bolan ozalky sapary barada aýdyp, özüniň we kärdeşleriniň mundan beýläk dikeldiş işleriniň üstünlikli bolmagy üçin möhüm başlangyç gözlegleriň geçirilendigini aýtdy.

Şeýle hem ol türkmen halyçylyk sungatynyň ajaýyp gaýtalanmajak eserleri saklanylýan Türkmen halysynyň milli muzeýine bolan gezelenjini ýatdan çykmajak duýgular bilen ýatlaýar. 
Bir ýyl mundan ozal, muzeýde düşülen suratlar oňa şol günler barada ýakymly ýatlamalary bagyşlaýar.