img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Täze okuw ýylyna doly taýýarlykda

181

...

Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan, döwletimiz boýunça alnyp barylýan «Bilim» syýasaty ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Munuň şeýledigini 2023-2024-nji okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy, işleriň maksatnamalaýyn alnyp barlyp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Welaýat boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň 396 sanysy bolup, olaryň 4-si mekdep internatlarydyr. Şeýle hem welaýatda çagalar-ýetginjekler döredijilik öýleriniň 18 sanysy hereket edýär. Bu ýerlerde şu okuw ýylynda mugallymlaryň 21 müň 40-a golaýy ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bererler. Ýeri gelende Gündogar sebitde mekdebe çenli bilim edaralarynyň 384 sanysynyň bardygyny, bu ýerlerde terbiýeçileriň we beýleki hünärmenleriň 4 müň 890-dan gowragynyň körpelere bilim-terbiýe berýändiklerini hem aýdyp geçmek möhümdir.

Täze okuw ýylynda ýaş hünärmenleriň 1040-a golaýy işe ýerleşdirilipdir we olara ‘Halypa-şägirtlik» ýörelgesi esasynda tejribeli mugallymlardan halypalar bellenilipdir. Şeýle hem welaýat boýunça aýratyn derslere ýöriteleşdirilen mekdepleriň 38 sanysy hereket edýär. Bu mekdeplerde ýöriteleşdirilen dersler boýunça sapaklaryň çuňlaşdyrylan görnüşde okadylmagy, mekdeplere tejribeli bilim işgärleriniň işe çekilmegi we zehinli çagalaryň seçilip alynmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigini bu mekdeplerde bilim alýan çagalaryň ýurdumyz boýunça we halkara derejesinde geçirilýän dürli olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, taslama we ders bäsleşiklerinde gazanýan guwandyryjy netijeleri şaýatlyk edýär.

Gündogar sebitde täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek boýunça hem tutumly işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçmek guwandyryjydyr. Welaýatda hereket edýän orta mekdepleriň, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde awgust aýynyň başyna çenli ýeňil abatlaýyş-bejeriş işleri doly tamamlanyp, täze 2024 – 2025-nji okuw ýylyna taýýar edilipdir. Möwsümde umumybilim berýän orta mekdeplere döwlet býujetiniň hasabyna 300 tonna sementiň alnyp berilmegi mekdep binalarynda abatlaýyş-bejeriş işlerini ýokary hil derejesinde bellenilen möhletde ýerine ýetirmeklige şert döretdi. Şeýle hem mekdepleriň 1-nji synplaryna kabul ediljek çagalar üçin hormatly Prezidentimiziň sowgady – «Noutbuk» kompýuterleriniň 30 müň 90 sanysy alnyp, olar degişli etrap bilim bölümlerine paýlanylyp berlipdir we şu ýyl mekdep bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek okuwçylara gowşurmaklyga taýýar edilipdir.

Täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek, okatmaklygyň döwrebap usullaryny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen 19-njy awgustda öňdebaryjy bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda etrap-şäherler boýunça, 20-nji awgustda bolsa, welaýat derejesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen usuly-amaly maslahatlary geçirmeklige taýýarlyk işleri hem güýçli depginde alnyp barylýar.

Welaýatda täze okuw ýylyna badalga beriljek Bilimler we talyp ýaşlar gününde Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň «Alpan» obasynda 400 orunlyk, Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň «Olam» obasynda hem 960 orunlyk ähli amatlyklary bolan, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdepleriň täze binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berler.

Geçirilýän çäreler, alnyp barylýan giň gerimli işler, şol sanda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem täze okuw ýylyna buýsanç bilen gadam basjak ýaş nesiller üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüler.