390
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda türkmen halkynyň taryhy, medeni-ruhy mirasy baradaky täze açyşlara hem-de gözlegleriň netijelerine bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir.
Neşiriň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu sanynyň daşky sahabyny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň nyşany bezeýär. Ýurdumyzda eserleri adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna girizilen akyldaryň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlaglary bilen açylýar. TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu şanly wakalaryň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreler bilen utgaşmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Magtymguly öz goşgularynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy, ynsanperwerligi wasp edipdir. Olar adamlaryň kalbynda we aňynda müdimilik orun aldy. Bu günki gün onuň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri türki dilli we dünýä ýurtlarynda jebisligiň, dost-doganlygyň senasy bolup belentden ýaňlanýar.
«Täze ylmy açyşlar» bölüminde okyjylaryň dykgatyna Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň häzirki zaman türk dialektleri we edebiýaty bölüminiň mugallymy, dosent Soner Saglamyň «XVIII asyryň türkmen edebiýatynda ata-ogul mekdebi» atly makalasy ýerleşdirilipdir. Awtor Azadynyň we Magtymgulynyň döredijiligini seljerip, olaryň milli pikiriň kemala gelmegine goşan goşandyny belleýär. Akyldarlaryň filosofik eserlerini okamagyň, olara düşünmegiň türkmenlere düşünmekdigini aýratyn nygtaýar. Magtymgula düşünmegiň ýoly, ilki bilen, onuň kakasy Azada düşünmekdir. Azady halkyň agzybirligi hakyndaky garaýşyň döremegine mynasyp goşant goşupdyr. Soňra halky agzybirlige çagyrýan berkarar döwlet gurmak baradaky bu garaýyşlar Magtymgulynyň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr we türkmen diliniň edebi derejä çenli kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Bu iki şahyryň eserleri geçmişde bolşy ýaly, şu günki günlerde hem halkymyzyň ýoluny ýagtylandyrýan çyragdyr. “Türkmen halkynyň geçmişdäki ykdysady we syýasy ýagdaýy, medeni durmuşy, beýleki nusgawy şahyrlarda, akyldar alymlarda bolşy ýaly, türkmen halkynyň milli buýsanjy Magtymgulynyň durmuş ýoluny, döredijilik dünýäsini we taryhy hyzmatlaryny ylmy esasda giňişleýin öwrenmek üçin hem belli bir kynçylyklary döredýär” diýlip, makalada nygtalýar.
Şol bölümde «Täzeçe oýlanmalar we pikirler» atly makala ýerleşdirilip, onda awtor beýik şahyryň terjimehalyny we döredijiligini öwrenen, onuň milli şahyrdygyny belläp geçen dürli gündogarşynas alymlaryň garaýyşlaryny beýan edýär. Döredijiligi «Jemşidiň jamyna» deňelýän Magtymgulynyň her bir şygrynda, her bir setirinde barlygyň giden syrlary bar. «Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölüminde ýerleşdirilen «Magtymguly Pyragynyň “Jan içinde” şygrynyň pelsepewi manysy» atly makala-da okyjylarda gyzyklanma döreder. Mälim bolşy ýaly, meşhur söz ussadynyň şygyrlary türkmen halkynyň milli gymmatlygyna, ruhy baýlygyna öwrüldi. Awtor Magtymgulynyň bu eserinde Gündogar edebiýatynyň dürli keşplerini, äheňlerini, rowaýatlaryny ulanyp, esasy umumadamzat gymmatlyklary baradaky pikiri öňe sürendigini belleýär.
Gündogaryň beýik şahyry diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýäniň beýleki halklarynyň arasynda-da meşhurlyk gazandy, onuň halkyň agzybirligi, dost-doganlyk baradaky goşgulary her bir adamyň kalbynda orun aldy. «Magtymgulynyň Pakistandaky sarpasy» atly makalada awtor şahyryň Pakistanyň köp şäheri bilen tanşandygyny, olaryň atlarynyň şahyryň döredijiliginde rowaýatlar görnüşinde duş gelýändigini aýdýar. Häzirki wagtda dünýä halklaryny akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyrmak, beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýäde wagyz etmek boýunça işleriň giň gerim alandygyny bellemek gerek.
Türkmen aýdym-saz sungaty edebiýat bilen, aýratyn-da, nusgawy edebiýat bilen ýakyn arabaglanyşykdadyr. Nusgawy şahyrlaryň sözlerine köp sanly aýdymlar döredildi. Hususan-da, olaryň köpüsi Magtymgulynyň döredijiligine degişlidir. «Türkmen kompozitorlarynyň saz eserlerinde Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi» atly makalada awtor beýik şahyryň halk şygryýetiniň sazlaşygyny we owazlylygyny öz içine alýan, halk arasynda giňden ýaýran goşgularynyň dessin aýdymlara öwrülendigini aýratyn nygtaýar.
Magtymgulynyň liriki gahrymanynyň milli keşbi, onuň iň gowy häsiýetleri sungatyň dürli žanrlarynda — dramaturgiýada, şekillendiriş sungatynda we kinofilmlerde öz beýanyny tapdy. Şeýle hem awtor dana Pyragynyň şygyrlaryna döredilen eserleri bilen türkmen saz sungatyny baýlaşdyran meşhur kompozitorlaryň biriniň Daňatar Öwezowdygyny belleýär. Magtymgulynyň şahyrana keşbine bagyşlanan ýeke-täk sazly sahna eseri Ý.Meýtusyň üç bölümden ybarat «Magtymguly» operasydyr. Magtymgulynyň şygyrlaryna döredilen ähli aýdym-saz eserleri aýratyn sözlemleriň we jümleleriň sazlaşykly gaýtalanýandygy bilen ünsi çekýär. Şahyryň şygyrlaryna döredilen saz eserleri türkmen halkynyň medeniýetiniň altyn hazynasyna girizildi.
«Ylmy we medeni durmuş habarlary» bölüminde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň beýany bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy-medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär.
Neşir geçen ýylda «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynda çap edilen makalalaryň sanawy bilen jemlenýär.