img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Sogaba beslenýän günler

253

...

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Gurban baýramy goja Zeminiň uly bölegini toýhana öwrüp,  dünýä halklarynyň köpüsinde şanly dabaralara beslenýär. Bu baýramda hemme adamlara, ýakynu-alysda ýerleşen adamzat ähline gowulyklaryň ýaran bolmagy arzuw edilip doga-dilegler edilýär, sadakalar berlip, parahatçylygyň, agzybirligiň, asudalygyň, rysgal-berekediň bolup durjakdygyna ynanylýar.

Gurbanlyk edýän halklaryň köpüsinde bu baýramyň öň ýanyndaky günlerde içerini, goş-golamlary tämizlemek, säher bilen gurban şor edip, täze lybas geýmek umumy däp-dessurlara öwrüldi.  Munuň özi Gurban baýramynyň tämizligiň baýramydygyny aňladýar. Şonuň üçin gurbanlyk edilýän günleri ata-babalarymyz agzybirligiň, tämizligiň, halallygyň, eşretli ýaşaýşyň açary hasap edipdirler.

Mähriban watandaşlar, Gurban baýramynda berýän sadakalaryňyz, edýän doga-dilegleriňiz Hakyň dergähinde kabul bolsun. Öýlerde çaga gülkileri ýaňlanyp dursun. Galkynyşly zamanamyzyň her bir gününi toý-baýramlara besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk 
mekdebiniň mugallymy
Aýna Durdyýewa