img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Rumyniýada geçiriljek sarp edilýän harytlaryň halkara sergisinde türkmen telekeçileriniň önümleri bolar

293

...

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 16-njy maýyndan 19-njy maýyna çenli Rumyniýanyň paýtagty Buharestde her ýyl geçirilýän sarp edilýän harytlaryň halkara sergisine gatnaşyp bilerler. Sergini «ROMEXPO S.A.» guraýar.

Sergide dokma önümleri, egin-eşik, aýakgap, gurluşyk, ýyladyş, sanitar-tehniki enjamlar we kosmetiki serişdeler, atyrlar, oýunjaklar hem-de iýmit önümleri bolar.

Oňa her ýyl Müsür, Bolgariýa, Germaniýa, Fransiýa, Gresiýa, Hindistan, Moldowa, Awstriýa, Pakistan, Rumyniýa, Ispaniýa, Şri-Lanka, Wengriýa we ABŞ ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşýar.

Türkmen telekeçileri täze şertnamalar baglaşmaga mümkinçilik alarlar, bu ugurdaky bar bolan müşderiler we hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar bolar, şeýle hem täze hyzmatlar we önümler bilen tanşarlar.