img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Öz döwründen ozduran oýlap tapyşlar

492

...

Köp sanly meşhur açyşlaryň uzak-uzak ýyllardan, hatda köp asyrlardan soň ykrar edilendigi we gadyr-gymmata eýe bolandygy, olaryň awtorlarynyň bolsa açyşyndan bihabar ölüp gidendigi gizlär ýaly syrly hakykat däldir. Bu bolsa öz hakyky wagtyndan öň bolup, özüniň «altyn» döwründen hem ozduran, bahasyna ýetip bolmajak oýlap tapyjylara degişlidir.

Şeýle oýlap tapyşlaryň hatarynda beýik italýan suratkeşi we alymy Leonardo da Winçiniň sowutly, ok geçirmeýän tanky bar. Elbetde, häzirki zaman tanklarynyň esasy prototipi hasaplanýan Rennesans döwrüniň tanky häzirkiden düýpgöter tapawutly bolup, ol agaçdan we metal böleklerden gurnalmaly bolupdyr. Hereketiň ýerine ýetirilen mehanizmi tigirlerden, diş şekil şesternlerden we tutawaçlardan ybarat eken. Tanka sekiz adamdan ybarat ekipažyň güýji bilen hereket etmeli eken. Gurluşyň perimetri boýunça atyjy enjamy, ýokarsynda bolsa gözegçilik diňi bolmaly eken.

«AstronomiaEuropea» atly kitabynda dünýädäki ilkinji özbaşdak hereket edýän ulagy — awtoulagyň prototipini döretmegi başaran Ferdinand Werbistiň işi hem öz döwründe üns berilmedik oýlap tapyşlaryň biridir. 1672-nji ýylda ol Hytaý imperatory üçin oýunjak ýasapdyr. Ol uzynlygy bary-ýogy 65 sm bolan, özi hereket edýän bug wagony eken.

XI asyryň hytaý nowatory Bi Şen adamzat taryhynda ilkinji gezek göçme şriftli çaphana enjamyny oýlap tapypdyr we ony durmuşa geçiripdir. Ol Sun dinastiýasynyň dördünji imperatory Žen-Szunyň döwründe palçykdan ýasalypdyr.

Geljegi uly açyşlaryň hatarynda — görüşi düzetmek üçin kiçijik bir turbany ulanmagy teklip eden Rene Dekartyň linzalary bar. Olaryň bir ujuna linza goýlupdyr. Linza bilen gözüň arasyndaky bölege bolsa görüner ýaly suw guýlupdyr.
1801-nji ýylda Tomas Yang Rene Dekart baradaky pikiri durmuşa geçirdi. Emma bu gidroskop linzalary giň ulanyşa eýe bolmady.

Döwrebap söwda enjamlarynyň prototipi hökmünde I asyrda Aleksandriýada ybadathanada mukaddes suwy paýlamak üçin enjamy oýlap tapan inžener Geronyň oýlap tapyşyny hasaplamak bolar.

Şol wagtlarda ybadathana girýänler ruhanylar tarapyndan mukaddes hasap edilen suw bilen ellerini ýuwmaly ekenler. Şeýle-de bolsa, suwuň mukaddesleşdirilmegi we satylmagy köp wagt alansoň, Geron bu amallary amatlylaşdyrypdyr. Oklanan teňňe ryçagy urup, biraz mukdarda suwuklygyň çykmagyna mümkinçilik beripdir. Dindarlar üçin bu bir gudrat ýaly görünse-de, aslynda teňňe ýörite platforma düşmek bilen, suwy açmaga ýardam edýän eken.

Netijede, şundan görnüşi ýaly Geron söwda enjamyny häzirki zaman  görnüşinde patent almazdan 1800 ýyl mundan öň oýlap tapypdyr.

Ýeri gelende bellesek, biziň ulanýan jübi telefonymyzyň hem özboluşly, unudylan hakykata laýyk gelýän taryhy bar. Ilkinji jübi telefony, adatça mälim bolşy ýaly «Motorola» däl-de, Günbatardan has öňräk, Sowet Soýuzynda 1963-nji ýylda döredilen «Altaý» jübi telefony bolupdyr. Enjam ýüze çykan badyna ýokary derejeli hökümet işgärlerinde peýda bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen telefony ulanmagyň gerimi giňeldi. Tiz kömek işgärleri, polisiýa işgärleri hem ony giň gerimde ulandylar. Hususan-da, «Altaý» jübi telefonlary «Olimpiada-80» ýaryşlarynyň guramaçylygynda we geçirilmeginde ulanyldy.

Dürli onlaýn neşirleriň sahypalarynda beýan edilen şu we beýleki maglumatlar «Her bir täzelik — unudylan könelik» diýen meşhur aýtgynyň manysyny açyp görkezýär.

Peýdalanylan çeşmeler: www.stena.ee; lifehacker.ru; back-in-ussr.com