2777
Owganystanly demirýol işgärleriniň birnäçesi «Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki hünär tehniki okuw mekdebinde dört aýlyk okuwy tamamlap, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan şahadatnamalaryň eýesi boldular.
Bu okuwlar agentlik bilen Owganystanyň demirýol edarasynyň arasynda baglaşylan Ähtnama laýyklykda alnyp baryldy. Mundan dört aý ozal Türkmenistana gelen owganystanly demirýolçular tejribeli hünärmenleriň, mugallymlaryň ýolbaşçylygynda demirýol ulgamynda işleri döwrebap derejede alyp barmak boýunça hünärini we başarnyklaryny artdyrdylar. Olara «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenabat şäherindäki şahamçalarynda okuw-tejribeligini geçmäge mümkinçilik döredildi. Bu barada «Jeyhun.news» habar berýär.
Ýörite şahadatnamalara eýe bolan owganystanly demirýolçylar Watanyna dolanyp barar, Türkmenistanda öwrenenlerini iş ýüzünde durmuşa geçirerler.
Çeşme: https://turkmenportal.com/tm/blog/62013/owganystanly-demiryolchylar-turkmenabatda-okuw-gechdiler