img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Öňdebaryjy bilim tehnologiýalary ara alyp maslahatlaşmak: türkmen wekiliýetiniň Innopolis uniwersitetine iş sapary

154

...

Şu gün söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň dokuzynjy mejlisine gatnaşýan Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Tatarstan Respublikasynyň Innopolis uniwersitetine baryp gördi. 

Saparyň dowamynda uniwersitet şäherçesinde gezelenç guraldy, bu ýerde uniwersitetiň esasy bilim we gözleg meýdançalary, şol sanda häzirki zaman barlaghanalary we okuw meýdançalary görkezildi. Maglumat tehnologiýalary, robot tehnikasy we emeli aň babatda hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen bilim maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Sanly tehnologiýalaryň okuw işine utgaşdyrylmagyna, emeli aňyň esasynda onlaýn okuwlary we ulgamlary döretmäge gönükdirilen taslamalar uly täsir galdyrdy.

Innopolis uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen iş duşuşygynda Türkmenistanda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmagyň geljegi we rus kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Innopolis uniwersiteti Türkmenistanda bilimiň ösmegi üçin peýdaly bolup biljek sanly bilim tehnologiýalary ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrdy. Uniwersitetiň üstünlikli tejribesini türkmen bilim ulgamyna uýgunlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine hem garaldy.

Gazanylan tejribäniň we tanyşdyrylan tehnologiýalaryň sanlylaşdyrmak babatynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy bellenilip geçildi. Bu sapar Türkmenistan bilen Tatarstanyň arasyndaky ylym we bilim hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak ugrunda möhüm waka boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.