img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Nowruz baýramy: bahar baýramçylygy we däp-dessurlary

564

...

Nowruz baýramy Türkmenistanda we türki dilli halklaryň ýaşaýan beýleki ýurtlarynda iň söýgüli hem-de hormatlanylýan baýramçylyklaryň biridir. Ol 21-nji martda bellenilip geçilýär we baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny we tebigy senenama laýyklykda, täze ýylyň başlanmagyny aňladýar. Nowruz baýramy gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan köp asyrlyk däpdir.

Nowruz baýramynyň gelip çykyşynyň takyk senesi belli däl. Baharyň gelmegi we ekin işleriniň başlangyjy Günüň gije-gündiziň deňleşýän nokadyndan geçmegi bilen kesgitlenilýärdi. Gyşyň ornuna ýaz, sowuklygyň ýerine ýylylyk gelýär. Nowruz (gadymy pars dilinde «täze gün» diýmegi aňladýar) gelýärdi. Şeýlelikde, Nowruz zoroastrizm, iudaizm, hristiançylyk we yslam dinleriniň döremeginden has öň Eýranyň we Merkezi Aziýanyň köp halklarynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Nowruz baýramçylygy barada gürrüň berýän iň gadymy ýazuw çeşmesi zoroastrizmiň «Awesta» kitabydyr (b.e. öň IX asyrdan VI asyryň başy aralygy). Gadymy grek taryhçysy Strabon, şahyrlar Firdöwsi we Omar Haýýam hem Nowruz hakda ýazypdyrlar.


Gadymy döwürlerden şu güne çenli, Nowruz baýramynda giň gerimli köpçülikleýin dabaralar – baýramçylyk bazarlary we ýarmarkalary, artistleriň çykyşlary guralýar. Nowruzda, köplenç, söz ussatlarynyň, aýdymçylaryň we hekaýaçylaryň bäsleşikleri geçirilýär, milli göreşiň ussatlary güýç synanyşýarlar, at çapyşyklary we ş.m. guralýar. Şeýle hem miweli agaç nahallaryny oturtmak we pikniklere gitmek däbi bar.

Nowruz baýramynda milli tagamlar taýýarlanylýar. Bugdaý maýsasy saçagyň esasy bezegi we baýramçylygyň nyşanydyr. Köp hekaýalar, rowaýatlar, ynançlar we däp-dessurlar bilen baglanyşykly milli tagamlar müňýyllyklaryň dowamynda saçaklary bezäp gelýär. Iň meşhur tagam sumalak şülesidir. Onuň taýýarlanylyşy diňe gyz-gelinleriň bilýän syry bolmagynda galýar. Olar aýdym we rowaýatlary aýdyp, bugdaý maýsasynyň şiresinden, undan we ösümlik ýagyndan tagam taýýarlamak bilen bütin güni geçirýärler. Tagamy taýýarlamagyň ahyrynda gazanyň üstünde görünýän nagşy öwrenmek ýaly ýörite däp hem bardyr.

Şol bir wagtyň özünde, erkekler hem öz tagamlaryny – bugdaý maýsasynyň şiresi bilen taýýarlanýan etli nahary – halim şülesini taýýarlaýarlar. Ertesi gün irden sumalak we halim garyndaşlara, dostlara hem-de önümleri satyn almaga we tagamlary bişirmäge gatnaşanlaryň hemmesine paýlanýar.

Nowruz baýramy şatlygyň we umytlaryň döwrüdir. Ol adamlaryň baharyň gelmegini, täze ýyly we durmuşyň täzelenmegini bellemek üçin ýygnanýan wagty. Medeniýetleriiň we däp-dessurlaryň tapawutlydygyna garamazdan, ol dürli ýurtlary we halklary birleşdirýär. Häzirki wagtda Nowruz diňe bir Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynda (Azerbaýjan, Albaniýa, Owganystan, Bosniýa we Gersegowina, Gruziýa, Hindistan, Yrak, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý (SUAR we beýleki sebitleri), Kosowa, Makedoniýa, Mongoliýa, Pakistan, Russiýa (Tatarystan, Başgyrdystan we Demirgazyk Kawkaz), Türkmenistan, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan) däl, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlarynyň subetnik, etnokonfessional toparlarynda we diasporalarynda, şol sanda Ukrainada, ABŞ-da we Kanada bellenilýär.

Häzirki wagtda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir. 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etdi.