img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Mejlisde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi

252

...

Düýn paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomona bilen duşuşygy boldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Afrika yklymynyň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmak, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, parlamentleriň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam eder.