316
Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.
Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň heýkelleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň heýkelleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen, mümkinçiligine görä, tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň zehinli ýazyjylaryň käbirleri Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.
Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz «Dabaraly aýdymlaryň şasy» Saýat-Nowa barada.
Arutýun Saýadyanyň Saýat-Nowa diýen lakamy şahyr, aşyk sazanda, söýgi goşgularynyň ussady hökmünde şöhratlandy. Häzire çenli şahyryň ömri we döredijiligi edebiýatçylaryň, dilçileriň, taryhçylaryň we filosoflaryň arasynda maslahatlaşmalaryň esasy meselesidir. Onuň ömrüniň ençeme möhüm ýagdaýlary hem-de jikme-jikleri häzire çenli hem az öwrenildi.
Saýat-Nowa, takmynan, 1712-nji ýylda Tbiliside garyp hünärmentçiniň maşgalasynda doguldy. Oglanjyk irki çagalyk döwründen başlap üýtgeşik ukyplaryny hem-de aýdym-saza we şygyr düzmäge höwesini görkezdi. Gürrüňleriň birine görä, ol yzygiderli esasda mekdep bilimini almandyr. Başga bir pikire görä, başlangyç bilimini ol Sanainde ermeni buthanasynyň ýanyndaky mekdepde aldy diýlip hasaplanylýar. Wagtyň geçmegi bilen ol ermeni, gruzin, azerbaýjan, pars, buluç dillerini hem-de Zakawkaziýäniň beýleki halklarynyň dialektlerini öwrenip ele aldy.
Saýat-Nowa şygyr görnüşinde üç dilde durmuş paýhasynyň başlangyjyny wasp edipdir, zamananyň hökmürowanlarynyň tekepbirligini we ulumsylygyny, durmuş deňsizligini ýazgarypdyr, ýöne onuň şygryýetiniň esasy ugry hemişe söýgi bolup galypdyr. Saýat-Nowa, döwürdeşleriniň şaýatlyk etmegine görä, maýyl ediji sesi bilen deňsiz-taýsyz sazanda we aýdymçy bolupdyr. Ony häzir hem «Dabaraly aýdymlaryň şasy» diýip atlandyrýarlar. Onuň aýdym aýtmak zehini ýokary gatlaklarda ykrar edilipdir, birnäçe wagt ol şa köşgüniň şahyry hem-de sazandasy bolupdyr.
Barlag alyp baryjylaryň maglumatlaryna görä, Saýat-Nowanyň eserleriniň 230-sy biziň günlerimize çenli ýetipdir. Onuň sazlary meşhur kompozitor we saz öwreniji M.Agaýanyň hem-de aýdymçy Ş.Talýanyň tagallalary netijesinde saklanyp galypdyr. Olar onuň aýdymlaryny ilatdan ýygnap alypdyrlar. Bellenilip geçilişi ýaly, Saýat-Nowanyň döredijiliginde durmuşy we söýgi eserleri esasy orun eýeläpdir. Şol eserler ermeni goşgularynyň şygryýetiniň ösüşinde uly ähmiýete eýe bolupdyr.
Häzirki wagt şäherçeler, köçeler, mekdepler we döredijilik toparlar Saýat-Nowanyň adyny göterýär. Şahyryň hormatyna söýgi sazlary sungatynyň festiwallary we aýdym-sazly bäsleşikler geçirilýär. Merkuridäki krateriň ady hem Saýat-Nowanyň hormatyna atlandyryldy.